JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY

بِسْــــــــــــــــــــــــــــــــــــمِ اللهِ الرَّحْمـَنِ الرَّحـِيمِ

 

JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY

 

  1. 377 Azan aýdylmagyna garamazdan, jemagat namazyna gelmeýänler hakda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýdan haýbatly sözleri. Jemagat bilen namaz okamak barada fykyhçy alymlaryň hökümi. Bu babatda alymlaryň aýdany
  2. 378 Jemagat bilen okalan namazyň sogabynyň ýeke bolup okalan namazyň sogabyndan ýigrimi ýedi esse köpdügi hakda.
  3. 379 Jemagat bilen okalan namazyň sogabynyň ýeke bolup okalan namazyň sogabyndan ýigrimi bäş esse köpdügi hakda. Gije we gündiz perişdeleriniň ertir namazynda tapyşmaklary
  4. 380 Uzak ýerden jemagat namazyna gelmegiň we namaza garaşyp oturmagyň artykmaç tarapy hakda
  5. 381 Ýoluň üstünde ýatan we ynsanlara ezýet berýän zady galdyrmagyň artykmaç tarapy we şehitleriň toparlary hakda. Şehidiň söz hökmündäki we dini manysy. Şehitleriň toparlary
  6. 382 Namaz okamak üçin ädiljek artyk ädimlere beriljek sogap
  7. 383 Ertir we ýassy namazlaryny jemagat bilen okamagyň artykmaç tarapy
  8. 384 Kyýamat güni Allahyň kölegesiniň astynda boljak ýedi topar ynsan hakda. Allahyň kölegesi diýmek näme? Adyl ymam diýip kime aýdylýar?
  9. 385 Namaz okamak üçin metjide gidip gelmegiň artykmaç tarapy hakda
  10. 386 Ertir namazy üçin kamat getirilenden soň ertir namazynyň iki rekagat sünnetini okan adamy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýazgarmagy hakda.
  11. 387 Hassalygyna garamazdan, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) jemagat bilen namaz okamaga metjide çykmagy. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) baka göç etmegi bilen tamamlanan hassalygy
  12. 388 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) keseli agyrlaşanyndan soňra hezreti Äşäniň (r.a.) öýünde özüne seretdirmek üçin beýleki aýallaryndan rugsat soramagy
  13. 389 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) göreldesine eýerip, Ibn Apbasyň (r.a.) bir batgaly günde adamlaryň juma namazyny öýlerinde okamalydyklaryny aýdyp, jar çekdirmegi
  14. 390 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) guşluk (duha) namazyny okaşy. Jemagat bilen namaz okamak üçin gitmäge päsgel berip biljek üzürler (bahanalar). Guşluk namazy hakda düşündiriş
  15. 391 Agşamlyk nahary taýýar mahaly naharyň namazdan öň iýilmelidigi hakda. Bu babatda beýleki rowaýatlar. Taýýar naharyň namazdan öň iýilmeginiň hikmeti
  16. 392 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öz öýünde maşgala agzalaryna hyzmat etmek bilen meşgul bolup, namaz wagty gelende-de namaza çykandygy hakda
  17. 393 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okadyşy. Dynç almak üçin sejdeleriň aralygynda oturmak (jelseýi-istirahat) we bu babatda alymlaryň aýdany
  18. 394 Hassalan wagtynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ymamlyk etmäge Ebu Bekri (r.a.) bellemegi. Ymamlyga kim mynasyp?
  19. 395 Öz wepat bolmagyna sebäp bolan kesel bilen kesellände, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýak üstüne galyp, otagynyň tutusyny galdyrybrak, metjitde sahabalarynyň namaz okaşlaryny synlap ýylgyryşy
  20. 396 Namaz okap duran erkek adamlaryň ymama bir zady duýdurmak üçin el çarpmaklarynyň gadagandygy, beýle ýagdaýda erkek adamlaryň tesbih aýtmalydygy, el çarpmagyň bolsa zenanlara mahsusdygy hakda.
  21. 397 Iň soňky gezek hassalanda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) jemagata namaz okatmak üçin metjide çykmak islemegi, ýöne özünden gidip, şeýle etmäge mümkinçiligi bolmansoň, namazy Ebu Bekriň (r.a.) okatmalydygy barada buýruk bermegi
  22. 398 Hassalan döwründe Allahyň Resulynyň (s.a.w.) oturyp jemagata ymamlyk etmegi we namazy nähili okamalydygyny jemagata düşündirmegi. Şu hadysdan gelip çykýan fykhy meseleler we olar barada çykarylan käbir netijeler
  23. 399 Namazda ymama tabyn bolmak hakda
  24. 400 Ymamdan öňürti başyňy sejdeden galdyrmagyň halanmazlygy (kerahetdigi)
  25. 401 «Gury (gara) üzüm dänesi ýaly başly bir hebeşi gul üstüňize amyl edilip bellense-de, ony diňläň we oňa boýun egiň» hadysy. Bu hadysdan çykarylan fykhy netijeler
  26. 402 «Ymamlar siziň üçin namaz okarlar. Olar isabet etseler, hem size, hem olara namaz sogaby bar. Eger ýalňyşyp, isabet etmeseler, siziň üçin sogap, olar üçin azap bar» hadysy. Bu babatda gelip ýeten beýleki rowaýatlar
  27. 403 Ymama uýup namaz okaýan kişiniň ymamyň niresinde durmalydygy hakda. Hadysdan çykarylan fykhy meseleler. Bu babatda alymlaryň aýdany
  28. 404 Parz namaz okaýan adamyň nepil namazyny okaýana uýmagy hakda. Bu babatda mezhep ymamlarynyň arasyndaky jedel.
  29. 405 Jemagaty irizip biljek derejede namazy uzaltmagyň dogry däldigi hakda. Bu babatda gelip ýeten beýleki rowaýatlar
  30. 406 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Mugaz ibn Jebele (r.a.) jemagata namaz okadanda haýsy süreleri okamalydygy hakda beren nesihaty
  31. 407Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazlary gysga we kämil görnüşde okadyşy hakda
  32. 408 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) çagasy aglaýan ene üçin kynçylyk döretmezlik üçin namazyny gysgaldyşy hakda
  33. 409 Namazda saplaryň göni we syk bolmalydygy hakda
  34. 410 Namazda saplary dogrulap, gyslyşmak barada Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýdany. Bu babatdaky beýleki rowaýatlar
  35. 411 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gije namazyny okaşy hakda. Gije namazy hakda düşündiriş
  36. 412 Nepil namazyny öýde okamagyň artykmaç tarapy hakda. Bu babatda beýleki rowaýatlar
  37. 413 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okanda iftitah (başlangyç) tekbirini alşy, rukuwa gidişi we sejde edişi. Iftitah tekbiri barada alymlaryň aýdany. Rukuwa gideňde we rukuwdan dikeleňde iki eliňi galdyrmak barada alymlaryň jedeli
  38. 414 Namaz okap, kyýamda duran wagtyň elleriňi nirede goýmalydygy hakda. Müjtehit alymlaryň we fykyhçy alymlaryň bu mesele babatdaky düşünjeleri
  39. 415 Namaza «Fatiha» süresini okamakdan başlanandygy hakda. Daşyňdan okalýan namazlarda ymamyň «Bismillähi» daşyndan aýtmalydygy ýa-da aýtmaly däldigi hakda alymlaryň jedeli.
  40. 416 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) tekbir bilen kyragatyň aralygynda okan dogasy. Iftitah dogalary
  41. 417 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Gün tutulanda okalýan namazy okadyşy we namaz okap durka jennet bilen jähennemiň özüne ýakynlaşandygyny gürrüň bermegi. Bir pişigi aç goýup, onuň ölümine sebäp bolan bir zenanyň jähennemde çekýän azaby
  42. 418 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle we ikindi namazlarynda Kuran okandygy hakda. Namaz okaýan kişiniň kyýamda, rukuwda, sejdede we teşehhütde nirä bakmalydygy hakda alymlaryň aýdany
  43. 419 Namaz okap durkaň gözleriňi asmana dikmegiň gadagandygy hakda
  44. 420 Namaz okap durkaň kelläňi saga, sola öwürmegiň gadagandygy hakda. Bu barada fykhy hökümler
  45. 421 Hezreti Omaryň (r.a.) Sagdy işinden boşatmagy we şonuň sebäpleri. Hezreti Omaryň (r.a.) Sagdy işinden boşatmagynyň hikmeti. Namazda kyragatyň wajypdygy ýa-da wajyp däldigi hakda alymlaryň jedeli.
  46. 422 «Fatihany» okamaýanyň namazy ýokdur» hadysy. Namazda kyragatyň wajypdygy hakynda alymlaryň jedeli we bu jedeller bilen baglanyşykly rowaýatlar
  47. 423 Namazyny bolmalysy ýaly edip okamaýan bir çarwa araba Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okamagy öwredişi. Bu babatda gelip ýeten beýleki rowaýatlar. Şu hadysdan gelip çykýan fykhy meseleler
  48. 424 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle, ikindi we ertir namazlaryndaky kyragaty. Namazda «Fatiha» süresini we bir gysga süre (zammy-süre) okamagyň delilleri hakda alymlaryň jedeli
  49. 425 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda okan bir süresi
  50. 426 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda okan uzyn süreleri
  51. 427 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda okan bir süresi
  52. 428 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýassy namazynda okan süresi we sejde aýatyny okanda sejde edişi
  53. 429 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýassy namazynda okan süresi we sesiniň ýakymlylygy
  54. 430 Namazda kyragatyň wajypdygy hakda. Namazlaryň haýsyny daşyňdan, haýsyny hem içiňden okamalydygy barada alymlaryň jedeli
  55. 431 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ertir namazynda Kurany daşyndan okamagy we onuň okan aýatlaryny şeýtanlaryň eşitmegi.
  56. 432 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) möminler üçin iň gözel nusgadygy hakda. Daşyňdan okalmaly rekagatlarda aýat okamagyň parzdygy barada alymlaryň bir pikirde bolmagy
  57. 433 Iki ýa-da ikiden hem kän süreleriň bir rekagatda birleşdirilip okalyşy. Kurany-Kerimi nähili edip okamalydygy hakda. Namazda kyragat bilen baglanyşykly beýleki rowaýatlar
  58. 434 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle namazynda Kuranyň aýatlaryny içinden okandygy, ilkinji iki rekagatda «Fatiha» süresi bilen bir gysga süre okandygy, ...
  59. 435 Ymam «Fatiha» süresini okanyndan soňra: «Ämin» diýende, onuň yzy bilen: «Ämin» diýmelidigi, kimiň: «Ämin» diýmegi perişdeleriň: «Ämin» diýmegine gabat gelse, onuň eden günäleriniň bagyşlanjakdygy hakda.
  60. 436 «Siziň biriňiz «Fatihadan» soňra: «Ämin» diýse, perişdeler hem asmanda: «Ämin» diýip, şu aýdylanlaryň ikisi biri-birine gabat gelse, şol kişiniň öňki eden günäleri geçiler» hadysy
  61. 437 Sapdan aýry durup namaz okamagyň, jemagat namazyna ýetişmek üçin gaty-gaty ýöremegiň gadagandygy hakda
  62. 438 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazda her galkanda we egilende «Allahü Ekber» diýendigi hakda
  63. 439 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň nirelerinde tekbir alandygy hakda. Namazda «Semiallahu limen hamideh» we: «Rabbenä lekel hamd» jümlelerini (tesmi’ we tahmid) aýtmak barada
  64. 440 Rukuwda iki aýaňy biri-birine degrip, uýlugyň arasyna goýmagyň gadagan edilmegi
  65. 441 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) rukuw, sejde, iki sejdäniň aralygyndaky oturyş (jelse), rukuwdan soňra dikelip durmak üçin sarp edýän wagtlarynyň takmynan deň bolandygy hakda
  66. 442 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) rukuwda we sejdede mahaly okan dogalary
  67. 443 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) «Sübhanekellahümme Rebbenä we bihamdik. Allahümmegfirli» diýmek bilen Kurana eýerendigi hakda
  68. 444 Ymam: «Semiallahu limen hamideh» diýende: «Allahümme Rabbenä lekel hamd» diýmelidigi, kimiň şeýle diýmegi perişdeleriň şol sözleri aýtmagyna gabat gelse, onuň öňki eden günäleriniň geçiljekdigi hakda
  69. 445 Kunut dogasy hakda. Kunut dogasynyň namazdaky orny
  70. 446 Kunut dogasynyň agşam we ertir namazlarynda okalmagy
  71. 447 Allahyň Resuly (s.a.w.) «Semiallahu limen hamideh» we «Allahümme Rabbenä lekel hamd» jümleleri (tesmi’ we tahmid) hakda
  72. 448 Enes ibn Mäligiň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okaşyny görkezişi
  73. 449 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazda tesmi’ we tahmid we tekbir aýdyşy, rukuwdan dikelende-de möminler we müşrükler barada eden dogasy. «Leýse leke minel-emri...» aýaty-kerimesiniň inmeginiň sebäbi
  74. 450 Kyýamat gününde möminleriň Allahü tagalany görjekdikleri hakda. Kyýamat hakyndaky käbir habarlar
  75. 451 Allahyň Resulyna (s.a.w.) ýedi sany beden agzasynyň üstüne sejde etmegiň buýrulmagy we namaz okap durka köýnegi we saçy bilen meşgul bolmagyň oňa gadagan edilmegi. Bu babatda alymlaryň aýdany
  76. 452 Enesiň (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okadyşy ýaly edip namaz okatmakdan ýüz öwürmejekdigi barada aýdan sözi
  77. 453 «Sejde edeniňizde deňagramly bir halda boluň. Hiç biriňiz sejde wagtynda goluny haýwanlaryň öň aýaklaryny ýere berip ýatyşy ýaly edip, uzatmasyn» hadysy. Sejde hakyndaky beýleki rowaýatlar
  78. 454 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň täk rekagatlaryndan soňra oturyp, dynç alandygy (jelseýi-istirahat edendigi) hakda. Şu mesele babatda alymlaryň aýdany
  79. 455 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sejdä gidende, birinji sejdeden dogrulanda we ikinji sejdeden galkanda tekbirleri daşyndan aýdandygy hakda
  80. 456 Namazlarda sag aýagyňy dikip, çep aýagyňy epmegiň sünnetdigi hakda. Namazda nähili edilip oturylmalydygy (syfaty-jülus) hakda alymlaryň jedeli. Namazda zenanlaryň oturyşy
  81. 457 Iftitah (başlangyç) tekbirinde, rukuwdan soňra dogrulanda, sejde wagtynda we teşehhüd üçin oturanda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beden agzalarynyň nähili ýagdaýda bolandygy hakda
  82. 458 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sehiw sejdesini edişi. Şu hadysdan gelip çykýan fykyh meseleleri
  83. 459 Teşehhüt hakynda. «Es-seläm» adynyň düşündirişi. Tahiýýät hakynda beýleki rowaýatlar. Teşehhüdiň manysy. Tahiýýät, salewät, taýýibät we selämiň manylary
  84. 460 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň soňunda okan dogasy. Bu dogada şerinden gaçylyp, Allaha sygynylan zatlar (istiäze). Berginiň erbet zatdygy hakdaky rowaýatlar
  85. 461 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň soňunda okamak üçin öwreden dogasy
  86. 462 Namazyň ahyrynda iň gowy görýän dogaňy saýlap alyp, şonuň bilen dileg etmek hakda
  87. 463 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazynyň ahyrynda eginlerine salam bereninden soň, ýerinden turman biraz garaşmagy
  88. 464 Ymama uýup namaz okan kişiniň ymam salam bereninden soň salam bermelidigi hakda
  89. 465 Parz namazyndan çykylanda gaty ses bilen zikr etmegiň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanynda bolandygy hakda
  90. 466 Her namazdan soňra otuz üç gezek tesbih, tahmid we tekbir almagyň artykmaç tarapy hakda. Bu meseleden söz açýan beýleki rowaýatlar. Imanly kişä sogap gazandyrjak amallar
  91. 467 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazlardan soňky tehlili we dogasy. Bu meselä degişli beýleki rowaýatlar
  92. 468 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazdan soňra ýüzüni jemagata tarap öwürmegi
  93. 469 Ýagyşyň ýagmagynyň haýsydyr bir ýyldyzyň batyp, dogmagy bilen baglanyşyklydygyna ynanan adamyň Allaha iman etmän, ýyldyza iman edýän adam boljakdygy hakda. Bu babatda alymlaryň aýdany
  94. 470 Dünýä degişli hiç bir zadyň namaz okaýan imanly kişini meşgul etmeli däldigi hakda. Metjitde oturanlaryň eginleriniň üstünden aşyp we jemagat saplaryny bölüp, eýläk-beýläk ýöremegiň (tehattyýy-rikab) gadagandygy hakda
  95. 471 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazdan çykanyndan soň çep tarapa-da öwrülendigi hakda. Bu mesele barada alymlaryň aýdany. Bu babatda Enesiň (r.a.) gürrüň beren rowaýaty. Iki rowaýatyň arasyndaky tapawut. Bu iki rowaýatyň ylalaşdyrylyşy
  96. 472 Sarymsak iýip, metjitlere we adamlaryň ýanyna gelmegi Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gadagan etmegi. Bu mesele babatda beýleki rowaýatlar
  97. 473 Sarymsak iýen adamyň metjitlere we jemagata gelmeli däldigi hakda. Sarymsagyň ysynyň perişdelere yza bermegi
  98. 474 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bir mazaryň başynda namaz okandygy hakda. Bu hadys bilen baglanyşykly fykhy meseleler we alymlaryň pikiri
  99. 475 «Juma gününiň gusuly her bir kämillik ýaşyna ýeten kişä wajyp hökmündedir» hadysy. Bu hadysdan çykarylan fykhy hökümler
  100. 476 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okan baýram namazy
  101. 477 «Zenanlaryňyz sizden gijesine metjide gidip ybadat etmäge rugsat soranlarynda, olara rugsat beriň» hadysy