404 Parz namaz okaýan adamyň nepil namazyny okaýana uýmagy hakda. Bu babatda mezhep ymamlarynyň arasyndaky jedel.

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 404 Parz namaz okaýan adamyň nepil namazyny okaýana uýmagy hakda. Bu babatda mezhep ymamlarynyň arasyndaky jedel.

Namazda kyragaty has uzaldan Mugazy (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýazgarmagy. Kuranyň süreleriniň dört topara bölünmegi. Mufassalyň bölekleri

 

    عَنْ جَابِر رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: كَانَ مُعَاذُ بْنُ جَبَلٍ يُصَلِّي مَعَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، ثُمَّ يَرْجِعُ فَيَؤُمُّ قَوْمَهُ فَصَلَّى الْعِشَاءَ ، فَقَرَأَ بِالبَقَرَةِ ، فَانْصَرَفَ الرَّجُلُ ، فَكَأَنَّ مُعاذًا تَنَاوَلَ مِنْهُ ، فَبَلَغَ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، فَقَالَ: (فَتَّانٌ ، فَتَّانٌ ، فَتَّانٌ). ثَلاَثَ مِرَارٍ ، أَوْ قَالَ: (فَاتِنًا ، فاتِنًا ، فَاتِناً). وَأَمَرَهُ بِسُورَتَيْنِ مِنْ أَوْسَطِ الْمُفَصَّلِ.

 

       Jabyr ibn Abdullah (r.a.) şeýle diýipdir: «Mugaz ibn Jebel (r.a.) her gezek Allahyň Resulynyň (s.a.w.) yzynda durup ýassy namazyny okanyndan soňrakowumynyň arasyna, ýagny, selime tiresiniň arasyna baryp ymamlyk ederdi1. Bir gezek hem ol şonuň ýalyedip ýassy namazyny okatdy. Ol Kuranyň aýatlaryny okamaly ýerde «Bakara» süresinden başlap okamaga başlady. Jemagatdakylaryň biri2köpçülikden aýrylyp, namazy özbaşdak okady3. Mugaz (r.a.) ol hakda erbet sözleri aýdan ýaly boldy4. Bu waka Allahyň Resulyna (s.a.w.) mälim bolanyndan soň, ol Mugaza ýüzlenip: «Fettansyň, fettansyň, fettansyň» ýa-da: «Fatin bolduň, fatin bolduň, fatin bolduň»5diýip, üç gezek gaýtalady we oňa mufassalyň ewsatyndan6iki süre okamak bilen namaz okatmagy emr etdi»7.

 

1Şu hadysyňMüslimiň kitabyndaky nusgasynda: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) yzynda durup okan namazyny kowumyna okatdy» diýen goşmaça bar. Şundan çen tutsaň, Mugaz ibn Jebel (r.a.) Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde namaz okanyndan soň, heniz şol namazy okamadyk kowumyna ymamlyk edip, özi nepil namazyna, onuň yzynda duran jemagat bolsa parz namazynaniýet eden bolup çykýar. Bu meselede hanefiwe mäliki mezhebiniň alymlary bilen beýleki alymlaryň arasynda uly jedel bar. Bu iki mezhebiň alymlary parz namazyny okaýan kişiniň nepil namazynyokaýana uýmagynyň dogry däldigini aýdýarlar. Şapygy we Hanbaly mezhebiniň alymlary bolsa beýle etmäge rugsat berýärler. Olaryň delilleriniň biri-de Mugaz ibn Jebeliň (r.a.) bu hereketidir.

2Bu adamyň ady bu ýerde tutulmadykbolsa-da, Dawut Taýalysynyň «Müsned» atly kitabynda onuň Hazm ibn Ebu Kagpdygy aýdylýar. Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda-da Hazm ibn Ebu Kagbyň: «Mugaz namaz okap duran wagty gelen mendim» diýendiginiň beýan edilmegi, şol aýdylana gabat gelýär. Onuň başga adamdygy aýdylan rowaýatlarhem bar.

3Müslimiň kitabyndaky rowaýatda: «Biribaşga bir tarapa çekildi. Salam berip, namazy özbaşyna okady» diýlipdir. Nesaýynyň kitabyndaky rowaýatda: «Ol adam gyra çekilip, metjidiň bir böwründe namaz okady», Ibn Hybbanyň kitabynda-da: «Bir adam onuň „«Bakara» süresinden başlandygyny göreninden soň, başga bir tarapa çekilip, namazy özbaşdak okady» diýlipdir. Bu rowaýatlardan şol adamyň namazynyň arasyny kesip, ony gaýtadan okap başlandygyny aňlamak bolýar. Şundan çen tutup, şapygy mezhebiniň alymlary bir kemçilik sebäpli namazyň arasyny kesmäge rugsat berilýändigi barada netije çykarýarlar. Hanefi we mäliki mezhebiniň alymlary bolsa beýtmegi amalyň bozulmagy hasaplap, oňa asla rugsat bermeýärler.

4Başga bir rowaýata görä: «Sözledi»diýmek dogry bolar. Namazyň uzak okalmagy ýüregine düşen adamyň bu hereketini Mugaza habar berenlerinde, ol: «Bu adam mynapykdyr»diýipdir. Başga bir rowaýatda bolsa oňa: «Eý pylany! Sen mynapyk bolduňmy?»diýip ýüzlenýär. Olhem: «Ýok, men mynapyk däl. Ine, daň bir atsyn, wallahi,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna baryp, seniň bu eden işiňi oňa habar berjek»diýip jogap berýär. Ibn Huzeýmäniň rowaýatyna görä, Mugazhem: «Bu ýetginjek meniň ýüzüme gelýär. Näme bolan bolsa, Allahyň Resulyna (s.a.w.) habar berjek»diýipdir. Ol hakykatdanhem ertesi Allahyň Resulynyň ýanyna arz etmäge barypdyr. «MüsnediAhmet»atly kitapdaky rowaýata görä, hälki ýetginjek: «Ýa Allahyň Resuly, uzak günläp bar güýjümizi berip işleýäris. Agşam düşeninden soňragelip, namaz okaýarys. Soňra Mugaz ibn Jebel gelip, namaz okamaga çagyrýar. Namazy-da uzaldyp bildiginden uzaldýar»diýipdir. Şondan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) Mugazaýüzlenip: «Ýa Mugaz, fatin bolma!»diýip duýduryş beripdir. Ibn Hüzeýmäniň «Sahyh»atly kitabyndaky rowaýata görä, şol ýetginjek: «Ýa Allahyň Resuly, wagtymyzyň köpüsini seniň ýanyňda geçirýäris. Soňra yzymyza dolanýarys. Mugazhemnamazy uzaldyp bildiginden uzaldýar»diýipdir. Allahyň Resuly-da (s.a.w.) Mugaza: «Mugaz, sen fettanmy?»diýeninden soň, ýetginjege tarap öwrülip: «Eý, meniň dostumyň ogly, namazy nähili edip okaýarsyň?»diýip sorapdyr. Ol hem: «Men «Fatihany»okap, şondan soňra Allahü tagaladan jenneti rowa görmegini, jähennemden gutarmagyny dileýärin.Siziň bu okaýanlaryňyz babatda aýdanymda bolsa, olary hiç ýat tutup bilmeýärin»diýip jogap beripdir. Allahyň Resuly-da (s.a.w.) oňa: «Menhem, Mugazhemşol iki zat üçin namazy uzak okaýarys»diýipdir.

5«Fatin» sözi: «Yza we azap beren» diýen manyny bermek bilen bir hatarda: «Dini gowy görmäge päsgelçilik» manysyny hem berýär. «Fettan» sözi-de onuňköplük sanydyr.

6Kuranyň süreleri «Seb’i-tywal», «Miuwn», «Mesäni», «Mufassal» atlary bilen dört topara bölünip, bular sahabalaryň döreden köpsanly adalgalaryndandyr. Bu ýerde gürrüňi edilýän ewsaty-mufassal «Mufassal» toparyna girýän üç bölegiň ortanjysyny aňladyp, ol «Ammäden», ýagny «Nebe» süresinden başlap, «Duha» süresine çenli aralykda ýerleşýän süreleri öz içine alýar.

7Bu hadysyň rawylaryndan biri bolan AmribnDinaryň: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) tarapyndan namazda okamak maslahat berlen bu iki süräniň haýsy sürelerdigi ýadymda ýok» diýendigini Buhary habar berýär. Şonuň ýaly-da,ol Muharyp ibnDisäriň ýolundan beýan eden 406-njy hadysynda «Agla», «Şems», «Leýl» süreleriniň şol süreler hökmünde ýatlanandygyny belläp geçipdir.

            Syrajyň gürrüň beren rowaýatyndaAllahyň Resuly (s.a.w.): «Weşşemsi we zuhahä», «Wesemääääi wettaaryky», ýa-da şular ýaly süreleri okamak saňa ýeterlik dälmi?», Abdullah ibn Wehbiň «Müsned» atly kitabynda bolsa: «Sen fettanmysyň? Sen adamlara aňsadyny et-de: «Weşşemsi we zuhahäni», «Sebbihisme Rabbikel aglany», ýa bolmasa, şolar ýaly bir süräni oka we adamlara azar berme»diýipdir. «SahyhyIbn Hybban» kitabynda-da şu hadysyň rawylaryndan biri bolan Ibn Zübeýr: «Haýsy süräniň adyny tutandygyny ýadyma salyp bilmeýärin» diýen Amr ibnDinara ýüzlenip: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Mugaza: «Wessemääääi wettaryky», «Welleýli iz’ä ýegşäni», «Weşşemsi we zuhahäni», «Wessemääääi zätil buruwji» oka»diýendigini eşitdim» diýeninden soň, Amr: «Ine, şular ýaly süreler» diýip seslenipdir.

            Bu ýerde atlary agzalan süreleriň hemmesi-de ewsaty-mufassala degişlidir.