KÜSUWF NAMAZY (GÜN TUTULMAGY BILEN BAGLY NAMAZ) KITABY

Başy » KÜSUWF NAMAZY (GÜN TUTULMAGY BILEN BAGLY NAMAZ) KITABY

بِسْــــــــــــــــــــــــــــــــــــمِ اللهِ الرَّحْمـَنِ الرَّحـِيمِ

 

KÜSUWF NAMAZY (GÜN TUTULMAGYBILEN BAGLY NAMAZ) KITABY

 

         Fykyhçy alymlaryň we olaryň düşünjelerine eýerýän müneçjimleriň ulanýan adalgalary boýunça,«küsüwf» Günüň, «husuwf» bolsa Aýyň tutulmagyny aňladýar. Ýöne sözlüge görä, bu sözler biri-biri babatda sinonim bolup, Günüň we Aýyň tutulmagyna «husuwfän» hem, «küsüwfän» hem diýilýär. «Syhahy Jöwher» atly kitapda bu iki hadysa babatda «Kesefetiş-şemsi» we «kesefetel-kameri» adalgalarynyň ulanylyp bilinjekdigi beýan edilmek bilen birlikde,«husuwf» sözüniň Aý babatda ulanylmagynyň has dogry boljakdygy hem aýdylypdyr. Şeýlelik bilen fykyhçy alymlaryň we müneçjimleriň bu mesele babatdaky pikirleriniň dogrudygyna yşarat edilýär. Ýöne Buharynyň we Müslimiň kitaplarynda beýan edilen bir rowaýatda bu sözleriň ikisi-de biri-birine derek ulanylyp, biri Gün tutulmagyny, beýlekisi Aý tutulmagyny aňlatmaga degişli hasap edilmeýär. Ol rowaýatda Gün we Aý hakda: «Lä ýenkesifän limewti ahadin», ýagny: «Hiç bir kişiniň ölmegi sebäpli Gün we Aý tutulmaz» diýlip, «küsuwf» sözi Gün babatda-da, Aý babatda-da ulanylypdyr. Şonuň ýaly-da, bu rowaýatda Gün we Aý babatda gürrüň edilende «husuwf» sözüniň ulanylan ýeri hem bar. Biz bu kitapda fykyhçy alymlaryň we müneçjimleriň göreldesine eýerip, Gün babatda «küsuwf», Aý babatda-da «husuwf» sözüni ulanýarys.

Gün ýa-da Aý tutulanda namaz okamagyň şerigata uýgundygy Kurany-Kerim arkaly-da, Allahyň Resulynyň (s.a.w) aýdan sözleri we özüni alyp barşy bilenhem subut edilendir. Fykyhçy alymlar Kurany-Kerimdäki:وَمَا نُرْسِلُ بِالْآَيَاتِ إِلَّا تَخْوِيفًا= «We mä nürsilü bil-äýäti illä tahwiýfen»(golaý manysy: «Biz aýatlary, ýagny gudratymyzyň delilleriniň alamatlaryny diňe gorkuzmak üçin gönderýäris» («Isra» süresiniň 59-njy aýatyndan) diýen mukaddes sözleri küsuwf namazynyň şerigata uýgundygynyň delili hasaplaýarlar. Sebäbi Allahdan gorkulanda,adatça,namaz okamak, doga-dileg etmek we Allahyň bargähine ýüz tutup, ýalbarmak gerek. Hatda käbirleri: وَمِنْ آَيَاتِهِ اللَّيْلُ وَالنَّهَارُ وَالشَّمْسُ وَالْقَمَرُ لَا تَسْجُدُوا لِلشَّمْسِ وَلَا لِلْقَمَرِ وَاسْجُدُوا لِلَّهِ الَّذِي خَلَقَهُنَّ إِنْ كُنْتُمْ إِيَّاهُ تَعْبُدُونَ= «We min äýätihilleýlü wennehärü weşşemsü wel-kamerü. Lä tesjüduw lişşemsi we lä lil-kamery wesjüduw lillähilleziý halakahünne in küntüm iýýähü tagbüduwne»(golaý manysy: «Gije we gündiz, Gün we Aý Onuň aýatlaryndandyr. Eger Allah ybadat etmek isleýän bolsaňyz, Güne we Aýa sejde etmäň. Olary ýaradan Allaha sejde ediň»(«Fussilet» süresiniň 37-nji aýaty) aýaty-kerimesinde küsuwf namazynyň kanunlaşdyrylandygyna yşaratyň bardygyny hem aýtmak isläpdirler.

Küsuwf namazyny okamalydygynyň delilleriniň biri-de Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Şu gorkunç zatlardan birini gören wagtyňyz,derrew namaza sygynyň»diýip beren emri bolup, onda diňe Gün we Aý tutulanda däl, eýsem, ýer titremegi, güýçli ýel öwüsmegi, tupan turmagy, gündizine howanyň garalmagy ýaly islendik gorkunç bir hadysa ýüze çykanda,Haka sygynmak we ýalbarmak maslahat berilýär. Şonuň ýaly-da, Buharynyň we Müslimiň kitaplaryndaky diňe Gün we Aý tutulmagyndan söz açylýan rowaýatda: «Günüň we Aýyň hiç bir kişiniň ölmegi ýa-da ýaşamagy sebäpli tutulmaýandygy şübhesizdir. Ýöne bular Allahyň aýatlaryndan iki sany aýatdyr. Olaryň tutulanyny görüp, derrew namaza duruň»diýlipdir. Bu aýdylanlardan belli bolşuna görä, bu namazy okamalydygy Allahyň Resulynyň (s.a.w) özüni alyp barşy arkaly subut edilipdir. Mysal üçin, onuň küsuwf namazyny okandygy ygtybarly hadys kitaplarynyň hemmesinde beýan edilişi ýaly, «SiýeriIbn Hybban» atly kitapda-da ynamdar adamlaryň adyndan bir rowaýat beýan edilip, onda hijriniň bäşinji ýylynda bir husuwf namazynyň okalandygy habar berilýär. Netijede,yslam dininiň taryhynda okalan ilkinji küsuwf namazy şol namaz bolup çykýar.

Küsuwf namazyny okamak babatda ymmatyň bir pikirdedigine bu namazyň okalan şunça ýyllarynyň içinde fykyhçyalymlaryň biriniňhem oňa garşy çykmandygy aýdyň şaýatlyk edýär.

Küsuwf namazynyň kanunlaşdyrylmagynyň sebäbiniň Gün tutulmagy bolany üçin, ol Gün tutulanda okalýar we bu hadysa her gezek gaýtalananda,bu namazhem gaýtalanýar.

Küsuwf namazy sünneti-müýekkede bolup, wajyp däldir. Diňe hanefi mezhebiniň şyhlarynyň käbiri, ony okamagyň emr edilendigi üçin, wajyp hasaplapdyrlar. Ymam Mälik bolsa ony, juma namazy ýaly, parzy-aýn, bir zaif rowaýata görä-de, parzy-kifaýe hasaplapdyr. Ýöne onuň bu namazy parzy-kifaýe hasaplandygyna ynanmandyrlar.

Gün tutulmagy kerahet wagtyna gabat gelse, Ebu Hanifäniň we Ahmet ibn Hanbalyň pikirlerine görä, bu namaz okalman, onuň ýerine toba ediler we bir iş bilen meşgul bolnar. Ymam Şapyga görä, sebäbe esaslanýan bir namaz bolany üçin, onuň kerahet wagtynda okalmagynda hem halanmajak bir zat ýokdur. Ymam Mälikden bolsa bu babatda üç hili rowaýat gelip ýetipdir. Birinjiden, ymam Şapygynyň aýdyşy ýaly, Gün haçan tutulsa, bu namaz şol wagt hem okalar. Ikinjiden, ymam Ebu Hanifäniň aýdyşy ýaly, nepil namazlary okamak mekruwh bolmaýan wagtlarda okalar. Üçünjiden bolsa, günortandan soňrabu namaz okalmaz. Ondan gelip ýeten bu üçünji pikire görä, küsuwf namazy baýram namazyna deňelipdir.

Küsuwf namazy Allahyň Resulynyň (s.a.w) göreldesine eýerilip, jemagat bilenhem okalyp bilner. Hatda ymam Şapygy bilen ymam Ahmet ibn Hanbala görä, ony jemagat bilen okamak sünneti-müýekkededir. Ymam Muhammet bilen Sufýan Söwri bolsa: «Adamlar ymama tabyndyrlar. Ol bu namazy jemagat bilen okatsa, birlikde,bolmasa-da özbaşlaryna okarlar» diýipdirler. Husuwf namazyny-da jemagat bilen okamak, ymam Şapygy bilen ymam Ahmede görä, sünnetdir. Ymam Ebu Hanife bilen ymam Mälige görä bolsa, Aý tutulanda jemagat bilen namaz okamak sünnet bolman, ony her kim özbaşdak okar.

Husuwf namazynyň gijä gabatgeljekdigi üçin, ol jemagat bilen okalanda,ymamyň kyragatydaşyndan okajakdygy öz-özünden düşnüklidir. Ýöne küsuwf namazynda-da, ymam Mälige, ymam Ahmede we Yshaga görä, juma hem-de baýram namazlarynda bolşy ýaly, ymam kyragatydaşyndan okar. Yrakly ymamlaryň we ymam Şapygynyň pikirlerine görä bolsa, ymam ony içinden okar. Ymam Mäligiň we ymam Şapygynyň, bir rowaýata görä, ymam Ahmet ibn Hanbalyň pikirine görä, ymam bu namazy jemagata okadanyndan soň, onuň juma we baýram namazlarynda hutba okalyşy ýaly edip, hutba okamagy mendupdyr. Ýöne Ebu Hanife we belli bir sözüne görä, Ahmet ibn Hanbal hutba okamagy sünnet hasaplamandyrlar.

Gün we Aý doly görneninden soňraküsuwf we husuwf namazlarynyň wagty çykýar, şondan soň bu namazlar okalmaýar.

Küsuwf we husuwf namazlarynyň näçe rekagatdygy barada dürli pikirler orta atylypdyr:

1) Üç ymama, ýagny ymam Şapyga, ymam Mälige we ymam Ahmet ibn Hanbala, şonuň ýaly-da, Leýs ibn Sagda hem-de Yshak ibn Rahuýa görä, bu namazlaryň her birinde iki kyýam, iki kyragat, iki rukuw we iki sejde bolup, olar iki rekagatdan ybaratdyr. Iki rekagatda jemi dört rukuw we dört sejde bardyr.

2) Tawusa, Habyp ibn Ebu Sabydawe Abdylmelik ibn Jüreýje görä, her birinde dört rukuw we iki sejde bolan iki rekagat namazdyr. Olardaky iki rekagatda jemi sekiz rukuw we dört sejde bardyr. Hezreti Aly bilen Ibn Apbasyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) hem şu pikirde bolandyklary rowaýat edilýär.

3) Katada, Ata ibn Ebu Rabahawe Ibn Münzire görä, her birinde üç rukuw bilen iki sejde bolan iki rekagatdyr. Jemi alty rukuw bilen dört sejde edildigi bolýar.

4) Sagyt ibn Jubaýra, Muhammet ibn Jeriri Tabarawe başga bir rowaýat boýunça, Yshak ibn Rahuýa, şonuň ýaly-da, şapygy mezhebiniň alymlarynyň käbirine görä, wagty çäklendirilmezden hem-de Gün doly görünýänçä yzygiderli okalar. Şoňa laýyklykda, Gün tutulmagy dowam etse, rukuwlar gaýtalanar, Gün derrew görnende-de rukuwlaryň sany azaldylar. Ýöne bu Günüň näçe wagtlap tutuljakdygy öňünden bilnen ýagdaýynda şeýdiler.

5) Ymam Ebu Hanifä, ymam Ýusuba we ymam Muhammede, şonuň ýaly-da, Ybraýym Nahaýy bilen Sufýan Söwrä görä, beýleki nepil namazlarynda bolşy ýaly, her birinde bir rukuw we iki sejde bolan iki rekagat namazdyr. Tefsirçi Aýny öz kitabynda Ibn Omar, Ebu Bekre, Semura ibn Jündep, Abdullah ibn Amr ibn As, Kabysa Hylaly, Nugman ibn Beşir, Abdyrahman ibn Semura we Abdullah ibn Zubaýr (Allah olaryň hemmesinden razy bolsun!) ýaly sahabalaryň düşünjeleriniňhem şunuň ýaly bolandygyny aýdyp, soňra Ibn Ebu Şeýbäniň rowaýatyna salgylanmak bilen,Ibn Apbasyň (r.a) hem şu pikir bilen ylalaşandygyny sözüniň üstüne goşýar.

«Muhit» atly kitapda Ebu Hanifäniň adyndan: «Islän iki, islän dört rekagat edip okar» diýenhem bir rowaýat beýan edilýär. «Bedäýi» atly kitapda bolsa bu rowaýatyň: «Isleseler,has artyk edip hem okap bilerler» diýen goşmaçasy bar.

6) Zahyry mezhebiniň alymlaryna görä, Gün tutulmagy Gün dogmagy bilen öýle namazynyň wagtynyň aralygynda ýüze çyksa, küsuwf namazy öýle we ikindi namazlary ýaly, dört rekagat edilip, Aý tutulmagy hem agşam we ýassy namazlarynyň wagtlarynyň aralygynda ýüze çyksa, agşam namazy ýaly üç rekagat edilip, ýassy namazyndan soňra ýüze çyksa, ýassy namazy ýaly, dört rekagat edilip okalar. Olar Nugman ibn Beşiriň (r.a) adyndan beýan edilýän: «Aý we Gün tutulanda,iň soňky okan namazyňyz ýaly bir namaz okaň»hadysy-şeribine esaslanýarlar. Ýöne beýle edilende, alymlaryň esasy köplüginiň kabul edişi ýaly, küsuwf namazy iki rekagat edilip däl-de, Günüň haçan tutulýandygyna laýyklykda, käte üç, käte dört rekagat edip okalar.

Gün we Aý tutulmagyndan başga ýer titremegi, ýyldyrym çakmagy, gündizine howanyň garalmagy ýaly hadysalar ýüze çykanda namaz okamak, Ebu Hanife bilen Mälige görä, sünnet däldir. Ahmet ibn Hanbala görä bolsa, şular ýaly her bir hadysa ýüze çykanda, jemagat bolup bir namaz okalar. Ymam Şapyga görä bolsa, özbaşyňa namaz okalar. Mysal üçin, bir gezek ýer titrände hezreti Alynyň (r.a) namaz okandygy rowaýat edilýär. 76-njy hadysyň düşündirişlerine-de seret.

 

 

  1. 547 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanasynda Gün tutulmagy we onuň okadan küsuwf namazy.
  2. 548 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) küsuwf namazyny okaýşy we onuň okan hutbalary
  3. 549 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanasynda küsuwf namazyny okamak üçin musulmanlaryň Metjidi-Şeribe çagyrylyşy
  4. 550 Gabyr azaby hakda
  5. 551 Küsuwf namazynda Allahyň Resulyna (s.a.w.) jennetiň we dowzahyň görkezilmegi
  6. 552 Gün tutulanda gul azat etmek barada Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beren buýrugy
  7. 553 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanasynda Gün tutulanda bolup geçen wakalar
  8. 554 Husuwf namazynyň daşyňdan okalmalydygy hakda