552 Gün tutulanda gul azat etmek barada Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beren buýrugy
عَنْ أَسْمَاءَ بِنْتِ أَبِي بَكْرٍ رَضِي الله عَنْهُمَا قالَتْ: لَقَدْ أَمَرَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ بِالْعَتَاقَةِ في كُسُوفِ الشَّمْسِ.
Esma binti Ebu Bekr (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Gün tutulmagy sebäpli gul azat etmegi emr etdi1».
1 Gul azat etmegiň maslahat berilmegi,onuň edilip bilinjek haýyrly işleriň iň gowusy bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýogsam,bu haýyrly işi etmäge mümkinçilikleri ýok adamlaryň öz başaraýjak haýyrly işleriniň islendigini ýerine ýetirmekleri mendupdyr. Bu ýerdäki emr wajyp däl-de, çagyryş häsiýetlidir. Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu emri bermeginiň ýene-de bir hikmeti bar. Ol hem adamlaryň ýap-ýaňy jähennem odunyň gorkunç keşbini görmekden gutulmaklary bilen baglanyşyklydy. Imanly kişileriň göz öňüne getirişlerine görä,bar zady ýakyp-ýandyryjy jähennem odundan azat bolmaga ýardam etjek haýyrly işleriň iň gowusy gul azat etmekdir. Mysal üçin, bir hadysy-şerifde: «Kimde kim bir imanly guly azat etse, Allahü tagala-da azat bolanyň her bir beden agzasyna derek azat edeniň bir beden agzasyny jähennem ataşyndan azat eder» diýlipdir. Oňa güýji ýetmeýänhem Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Jähennem odundan iň bolmanda bir hurma sadaka bermek arkaly goranyň»diýen nesihaty esasynda amal etmelidir.