549 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanasynda küsuwf namazyny okamak üçin musulmanlaryň Metjidi-Şeribe çagyrylyşy

Başy » KÜSUWF NAMAZY (GÜN TUTULMAGY BILEN BAGLY NAMAZ) KITABY » 549 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanasynda küsuwf namazyny okamak üçin musulmanlaryň Metjidi-Şeribe çagyrylyşy

      عَنْ عَبْدِ الله بْنِ عَمْرو رَضِي الله عَنْهُمَا قَالَ: لَمَّا كَسَفَتِ الشَّمْسُ عَلَى عَهْدِ رَسُولِ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ. نُودِيَ: أَنِ الصَّلاةُ جَامِعَةٌ.

 

Abdullah ibn Amr (ibn As) (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) bagtyýar zamanasynda Gün tutulanda: «Essaläte-jamiatun»1 diýlip jar çekdirildi»2.

 

1 Bu jümle: «Jemagat bilen namaz okamaga taýýar boluň!» diýmegi aňladýar. Käbir alymlaryň pikirine görä, jemagat metjitde ýygnananyndan soň, şeýdilip jar çekilmegi mustahap bolup, ol kamatyň ýerini tutýarmyşyn. Ýöne Müslimiň kitabynda hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Jemagat, namaza taýýar boluň!» diýip jar çekdirmek üçin jarçyny daşary çykardy» diýilýändiginden çen tutsaň, bu çakylygyň azanyň ýerini tutdugy bolýar. Haýsysy bolanda-da, küsuwf namazynda azan aýtmak hem, kamat getirmek hem gerek däl. Diňe muny mustahap hasaplaýanlara görä, bular mustahapdyr. Ymam Şapygy: «KitäbülÜmm» atly eserinde şeýle diýýär: «Baýram namazlarynda, parz bolmadyk beýleki namazlarda bolşy ýaly, küsuwf namazy üçinhem azan hökman däldir. Diňe ymam birine: «Jemagat bilen namaz okamaga taýýar boluň» diýip, namaza başlatmagy emr etse, ony mustahap hasaplaýaryn. Sebäbi Zühri: «Allahyň Resuly (s.a.w.) baýram namazlarynda: «Essaläte-jamiatun» diýmegi emr ederdi» diýipdir. Tamam».

Buharynyň kitabynyň biraz yzragynda başga bir ýoldan ýene bir rowaýat beýan edilip, onuň ahyrynda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir rekagatda iki gezek rukuwa gitdi. Soňra galkyp, ýene bir rekagatda iki gezek rukuwa gitdi. Soňra kagdaoturdy. Kagdadaoturan wagty hem Gün çykdy». «Rawy (Ebu Seleme ýa-da Abdullah ibn Amr): «Äşe (r.a) maňa şondan ozal tutuş ömründe bular ýaly uzaga çeken sejdede bolmandygyny aýtdy» diýýär» diýen goşmaça hem bar. Küsuwf namazynda uzak wagtlap sejdelerde durmagyň gowudygyny Ahmet ibn Hanbal bilen Yshak ibn Rahuýa hem aýdypdyrlar. Ymam Şapygy hem şonuň ýaly bir pikiri öňe sürüpdir. Hadysçy alymlaryňhem düşünjesi şunuň ýalydyr (417-nji hadysa-da seret).