553 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanasynda Gün tutulanda bolup geçen wakalar
عنْ أَبِي مُوسَى رَضِي الله عَنْهُ قالَ: خَسَفَتِ الشَّمْسُ ، فَقَامَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فَزِعًا ، يخْشَى أَنْ تَكُونَ السَّاعَةُ ، فَأَتَى الْمَسْجِدَ ، فَصَلَّى بِأَطْوَلِ قِيامٍ وَرُكُوعٍ وَسُجُودٍ رَأَيتُهُ قَطُّ يفْعَلُهُ ، وَقَالَ: ( هذِهِ الآياتُ الَّتِي يرْسِلُ اللَّهُ ، لاَ تَكُونُ لِمَوْتِ أَحَدٍ وَلاَ لِحَياتِهِ ، وَلكِنْ يخَوِّفُ الله بِهَا عِبَادَهُ ، فَإذَا رَأَيتُمْ شَيئًا مِنْ ذلِكَ فَافْزَعُوا إلَى ذِكْرِهِ وَدُعَائِهِ وَاسْتِغْفَارِهِ ).
Ebu Musa (Eşgary) (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) zamanasynda Gün tutuldy. Şol sebäpli Allahyň Resuly (s.a.w.) bu hadysanyň saat, ýagny kyýamatyň alamaty bolmagyndan gorkusyna tisginip1, ýerinden galkdy-da, Metjidi-Şerife geldi. Ol şeýle bir uzyn kyýamlar, rukuwlar, sejdeler bilen namaz okatdy welin, şol güne çenli ýaşan ömrümde başga hiç bir namazda olaryň beýle uzaldylanyny görmändim2. Allahyň Resuly (s.a.w.) soňra köpçülige ýüzlenip: «Allahü tagalanyň gönderen bu alamatlary bir kişiniň ölmegi bilenhem, dogulmagy bilenhem baglanyşykly däldir. Diňe Allahü tagala bu alamatlar bilen gullaryny gorkuzýar. Şular ýaly gorkunç bir zat göreniňizde,Allahy zikir etmäge, Allaha ýalbarmaga, Allahdan günäňizi geçmegini dilemäge (istigfara) başlap, Oňa sygynyň»3diýdi».
1 Bu ýerde «tisginip» diýlip terjime edilen «feza’» diýen arap sözi duýdansyz ýüze çykan gorkunç hadysa sebäpli, adamyň gorkup, tisginmegini aňladýar. Zenanlar çagalary babatda: «Ukuda tisginip, agzy uçuklady» diýýändirler. Bu ýerde-de şonuň ýaly bir ýagdaý barada gürrüň edilýär.
Bu hadysanyň gaýtalanyp duran bir tebigat hadysasy bolmagyna garamazdan, Allahyň Resulynyň (s.a.w) beýle gaty gorkmagyna näme sebäp bolduka? Ebu Musa Eşgary (r.a) ýa özüçe çaklap, ýa-da eşiden bir habaryna esaslanyp, bu gorka Gün tutulmagynyň kyýamatyň alamatlarynyň biridigi hakdaky pikiriň sebäp bolandygyny aýdýar. Oňa şeýle bir pikiriň sebäp bolup biljekdigi bilen bir hatarda, diňe Allahyň Resulyna(s.a.w) mälim bolup, biziň bilmeýän bir zadymyzyň sebäp bolan bolmagy hem mümkin. Bilmeýän zadymyz hakda pikir ýöredip bilmeris. Bize mälim bolan sebäpleriňhem iň ynandyryjysy Ebu Musa Eşgarynyň (r.a) agzan sebäbidir. Sebäbi kyýamatyň gopjak zamany Allahyň ylmynda gizlenip galmak bilen birlikde:وَجُمِعَ الشَّمْسُ وَالْقَمَرُ= «We jümygaşşemsü wel-kamarü» (golaý manysy: «Gün bilen Aý birleşdirileninde» («Kyýäme» süresiniň 9-njy aýaty) aýaty-kerimesindäki ygtybarly habaryň mantygy boýunça, şol hadysanyň Gün tutulanyndan soňraýüze çykjakdygy gümansyzdyr. Dünýäde iň soňky gezek Gün tutulmagyna gabat geljek kyýamatdan öňürti peýda boljak esasy alamatlary Allahyň Resuly (s.a.w.) habar beripdir. Bulara arapça «eşraaty-saat», ýagny «kyýamatyň şertleri» diýilýär. Kyýamatyň musulmanlar tarapyndan ülkeleriň basyp alynmagy (fethi-biläd), haryjylaryň peýda bolmagy, din ylmynyň aradan aýrylmagy, nadanlygyň giň gerim almagy, ymmatyň arasynda bozuk ahlaklylygyň giňden ýaýramagy ýaly köpsanly kiçi şertleri (eşraaty-sugra) we ondan soňra Günüň günbatardan dogmagy, däbbetül-arz diýen haýwanyň peýda bolmagy, Dejjalyň dünýä gelmegi ... ýaly uly şertleri (eşraaty-kubra) bolup, olar kyýamatdan öň ýüze çykaýmalydylar. Şol wagt bolsa bularyň biri hem amala aşmandy. Bu şertler Allahyň Resulynyň (s.a.w) özi tarapyndan habar berlendigine görä, olaryň oňa mälim bolmagyna we heniz özi sahabalaryň arasynda ýaşap ýörkä, mübärek ömrüniň ymmatynyň azap çekmeginiň öňüni aljakdygy Kurany-Kerimiň sözleri arkaly subut edilmegine garamazdan, kyýamatyň alamaty peýda boldy diýip, şeýle gorkmagy çözülmesi kyn bolan meseleleriň biridir. Bu kynçylygy aradan aýyrmak üçin käbir tefsirçiler: «Bu waka Allahyň Resulyna(s.a.w) kyýamatyň alamatlary bildirilmezden öňürti ýüze çykyp, şol wakanyň ýüze çykan wagty ol kyýamata garaşyp ýördi» diýselerhem, bu pikir kabul edilip bilinmez. Sebäbi Gün tutulmagy bilen baglanyşykly waka hijriniň onunjy ýylynda ýüze çykyp, kyýamatyň şertleriniň köpüsi şol wagta çenli hadyslar arkaly sahabalara mälim bolupdy. Käbir alymlarhem Allahyň Resulynyň (s.a.w) gorkmagy barada aýdylanlaryň jogapkärçiligini sahabalaryň üstüne ýükläp, bu aýdylanlaryň olaryň çaklamasyna esaslanandygyny aýdýarlar. Bu wakanyň başga-da ýorgutlary bar,ýöne, biziň pikirimizçe, iň göwnejaý ýorgut şudur: Allahyň Resuly (s.a.w.) şol gün ýüze çykjakdygy anyk bolan kyýamatyň alamatynyň birden ýüze çykybermeginden howpurgap, Gün tutulmagy ýaly uly bir hadysanyň ähmiýetini we ymmatyň şular ýaly waka ýüze çykan wagty näme etmelidigini görkezmek üçin, her gezek Gün we Aý tutulanda zikir, doga, istigfar, sadaka, gul azat etmek ýaly sogaply işleri ýerine ýetirmäge başlap, uly betbagtçylygyň inmeginden gapyl galmaly däldiklerini tälim bermek isläpdir. Çünki Allahyň Resuly (s.a.w.) ymmatyň uýýan iň uly adamy we ýeke-täk ýol görkezijisidi. Allahyň Resulynyň (s.a.w) howpurgamasyny hem çalak-çulak bir howpurgama hasaplap bolmaz. Onuň howpurgamasy gaty çynlakaýdy. Ymmatynyň bu dünýäde we o dünýäde her hili bähbitli işlerden we derejelerden peýdalanmagyny we her dürli zyýanlardyr gaýgy-gamlardan ägä bolmagyny tüýs ýüreginden islän Allahyň Resuly (s.a.w.) ýüze çykan şu ýagdaýy sebäp edinip, tälim we maslahat berlip biläýjek zatlary tälim we maslahat bermek pursatyny elden gidirmek gorkusy sebäpli özüni şeýle alyp baran ýaly bolup görünýär.
2 Bu jümlede: «Başga hiç bir namazda» diýlip, asyl metiniň üstüne goşuldy. Sebäbi käbirleri: «Başga hiç bir küsuwf namazynda» diýip, ýörite nygtamak bilen, Allahyň Resulynyň (s.a.w) mundan ozalhem bir küsuwf namazyny okadandygyna yşarat edýärler. Hakykatdanhem Ibn Hybban «Siýre» atly kitabynda Günüň hijriniň altynjy ýylynda tutulandygyny we Allahyň Resulynyň (s.a.w) küsuwf namazyny okadyp, hutbasynda: «Gün we Aý Allahyň alamatlarynyň biridir...» diýendigini, soňra hem, ýagny onuň mähriban ogly Ybraýym alaýhyssalamyň nur dünýäsine göçen güni hem ýene bir gezek Gün tutulandygyny beýan edipdir. Ýöne bu aýdylanlar bolup geçäýen ýagdaýynda-da, Ibn Hybbanyň sözleriniň tersine, Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu hutbany ikinji gezek Gün tutulanda okamagy hakykata laýyk bolar. Sebäbi onuň Günüň bir kişiniň dogulmagy ýa-da ölmegi bilen baglanyşyklylykda tutulmaýandygyny aýtmagy ikinji gezek Gün tutulanda ýüze çykan ýagdaýa laýyk gelýär.
3 Aý we Gün tutulmagynyň adamyň ölmegi we dogulmagy bilen baglanyşyklydygy hakda münejjimlerden gaýdyp, ýönekeý halkyň arasynda-da ýaýran ynanjyň batyldygyny, ýalňyşdygyny yglan edýän bu hadysyň on ýedi sahabanyň adyndan gürrüň berlip, olaryň rowaýatlarynyň köpüsiniň ygtybarlydygyny göz öňünde tutup, bu ýalňyş ynanjy goldanlaryň pikirini ret etmegiň şerigat boýunça wajyp edilendigini aýdyp bolar.