554 Husuwf namazynyň daşyňdan okalmalydygy hakda

Başy » KÜSUWF NAMAZY (GÜN TUTULMAGY BILEN BAGLY NAMAZ) KITABY » 554 Husuwf namazynyň daşyňdan okalmalydygy hakda

     عَنْ عائِشَةَ رَضِي الله عَنْهَا قالَتْ: جَهَرَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ في صَلاَةِ الخُسُوفِ بِقِرَاءَتِهِ ، فَإذَا فَرَغَ مِنْ قِرَاءَتِهِ كَبَّرَ فَرَكَعَ ،  وَإذَا رَفَعَ مِنَ الرّكْعَةِ قَالَ: ( سَمَعَ الله لِمَنْ حَمِدَهُ رَبَّنَا وَلَكَ الحَمْدُ). ثُمَّ يعَاوِدُ الْقِرَاءَةَ في صَلاَةِ الْكُسُوفِ أَرْبَعَ رَكَعَاتٍ في رَكْعَتَينِ ، وَأَرْبَعَ سَجَدَاتٍ.

 

Musulmanlaryň enesi hezreti Äşe (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) husuwf namazynda1 kyragatynydaşyndan okady2. Kyragatynytamamlanyndan soň, ol tekbir alyp, rukuwa bardy. Rukuwdan galkan wagty hem: «Semiallahü limen hamideh. Rabbenä we lekel hamd»diýdi. Soňra küsuwf namazynda gaýtadan kyragatabaşlady we şeýlelikde iki rekagatyň içinde dört rukuw bilen dört sejde etdi».

 

1 Bu ýerde «husuwf namazy» diýleninden çen tutup, gürrüňiň, fykyhçy alymlaryň dili bilen aýdylanda, «husuwfy-kamar» hakynda gidýändigini aýdanlar bar bolsa-da, Buharynyň kitabyna görä saýlanan hadyslary bir esere jemlän Ysmaýyly şol bir hadysy başga ýoldan: «Bir gezek Gün tutulanda Allahyň Resuly (s.a.w.) ...» diýen sözler bilen beýan etse, Yshak ibn Rahuýa-daöz kitabyndaky şol bir ýoldan gelen şol bir hadysda kyragatysesli okalan namazyň küsuwf namazydygyny rowaýat edýär. Şonuň üçinhem bu ýerdäki «husuwf» sözüniň «küsuwf» manysyny berýändigini aýdyp bolar.

2 Küsuwf namazynyň kyragatyndadaşyňdan ýa-da içiňden okamak meselesi jedelli meseledir. Bu hadysdaky «husuwf» sözüni Aý bilen baglanyşdyranlar kyragatyň husuwf namazynda daşyňdan,küsuwf namazynda bolsa içiňden okalmalydygyny aýdypdyrlar. Sebäbi birinjisi gije okalýan, ikinjisi bolsa gündiz okalýan namazdyr. Ýöne bu hadysdaky «husuwf» sözüniň Aý tutulmagy bilen baglanyşykly däldigi beýleki ýollardan gelen hadyslar arkaly subut edileni üçin, Tirmiziniň aýtmagyna görä, ymam Mälik, ymam Ahmet we Yshak ibn Rahuýa husuwf namazynda-da, küsuwf namazynda-da kyragatyň daşyňdan okalmalydygy hakdaky düşünjä eýeripdirler. Şonuň ýaly-da, Tirmizi öz kitabynda Semuräniň (r.a) rowaýatyna esaslanýan ymam Şapygynyň küsuwf namazynda kyragatyiçiňden okamalydygy hakda netijä gelendigini habar berýär. Newewi öz gezeginde Tirmiziniň diňe ymam Ahmet bilen Yshak ibn Rahuýanyň namazlaryň ikisinde-de kyragatyhökman daşyňdan okamalydygy hakdaky düşünjede bolandyklary barada aýdýany bilen ylalaşyp, ymam Mälik we ymam Şapygy barada aýdanyny dogry hasaplamandyr. Ol: «Biziň, ymam Mäligiň, Ebu Hanifäniň, Bişr ibn Sagdyň we fykyhçy alymlaryň esasy köplüginiň mezhebimiz Gün tutulanda namazy içiňden we Aý tutulanda daşyňdan okamakdyr... Ymam Ebu Ýusup, Muhammet ibn Hasan, Ahmet ibn Hanbal we Yshak ibn Rahuýa namazlaryň ikisinde-de kyragatyň daşyňdan okalmalydygy baradaky pikir bilen ylalaşypdyrlar» diýýär. Ibn Jerir Tabaragörä, namazlaryň ikisinde-de kyragaty içiňdenhem, daşyňdanhem okap bolar. Ymam Mälikden bu babatda iki dürli pikir gelip ýetenhem bolsa, olaryň iň meşhury Newewiniň beýan eden pikiridir. Ymam Mäligiň namazlaryň ikisinde-de kyragatyň hökman daşyňdan okamalydygy barada aýdan pikiri kadadan çykmadyr. Mäliki mezhebiniň alymlaryndan biri bolan Ibn Araby: «Müsürliler ymam Mäligiň bu namazlary içiňden okamagyň tarapdary bolandygyny, medineliler bolsa daşyňdan okamagyň tarapdary bolandygyny rowaýat edipdirler. Meniň özüme galsa, daşyňdan okamak has gowudyr. Sebäbi bu namaz jemagat bilen okalan, jemagaty toplamak üçin jar çekdirilen, baýram we istiska namazlaryna meňzeş hutbaly bir namazdyr» diýipdir. Gün tutulanda we Aý tutulanda okalýan namazlaryň ikisinde-de kyragatyň daşyndan okalmalydygy bilen ylalaşanlar bu ýerdäki hadysy delil tutunýarlar. Gün tutulanda okalýan namazda kyragatyň içiňden okalmalydygyny aýdýanlar bolsa,Tirmiziniň, Ebu Dawudyň, Nesaýynyň, Ibn Majäniň we Tahawynyň kitaplarynda Semure ibn Jündebiň (r.a) adyndan beýan edilip, Tirmiziniň hasanaýy-sahyh hadys hökmünde häsiýetlendiren: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) Gün tutulanda bize okadan namazynda onuň sesini asla eşitmedik» hadysyna we Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen: «Küsuwf namazynda Allahyň Resulyndan (s.a.w) bir söz hem eşitmedim» hadysyna esaslanýarlar. Beýan edilen soňky hadysda Ibn Apbas (r.a) Pygamberimiziň (s.a.w) golaýynda durup namaz okandygyny-da habar berýär.

Ýöne bu namazlaryň daşyňdan okalmalydygy baradaky pikiriň tarapdarlary Ibn Apbasyň gürrüň beren bu hadysynyň mydama ähmiýetsiz ýollardan beýan edilendigi bilen birlikde, onuň Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýakynynda durup namaz okandygy barada berýän habarynyň dogrudygynyň hem subut edilmändigini, Semure bilen Ibn Apbasyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) ikisiniňhem yzky saplarda galyp, kyragaty eşitmedik bolmaklarynyň mümkindigini aýdýarlar. Şonuň ýaly-da, olar Allahyň Resulynyň (s.a.w) küsuwf namazynyň kyragatyny daşyndan okandygy barada hezreti Äşäniň (r.a) gürrüň beren hadysynyň dogrudygynyň köpsanly ygtybarly ýollar arkaly subut edilendigini, Aly ibn Ebutalybyň (keremallahu wejheh) küsuwf namazyny daşyndan okandygyny Ibn Huzaýmabilen Tahawynyň ygtybarly rowaýatlarda beýan edendiklerini nygtaýarlar.

Istytraad, ýagny Aý tutulanda adamlaryň jemagat bilen namaz okamaklary, ymamyňhem hutba okamagy, ymam Şapyga görä, sünnetdir. Ymam Mälik bilen Kufeli fykyhçy alymlara görä bolsa, bu namazyň jemagat bilen okalmagy hökman däldir we ol beýleki nepil namazlar ýaly, her rekagatynda bir rukuw bolan iki rekagatly namazdyr. Çünki Allahyň Resulynyň (s.a.w) husuwf namazyny okadandygyny we beýle bir namazy okamaga adamlaryçagyrandygyny subut edýän hiç hili rowaýat ýok.

Käbirleri Aý tutulmagy wakasynyň hijriniň dördünji ýylynda ýüze çykandygyny aýdyp, Allahyň Resulynyň (s.a.w) namaz okamaga çagyrandygyny mälim etmändirler. Ýöne Ibn Hybban özüniň «Siýre» atly kitabynda hijriniň bäşinji ýylynda Aý tutulandygyny, Allahyň Resulynyň (s.a.w) sahabalara namaz okadandygyny we yslam dininiň taryhynda okalan ilkinji husuwf namazynyň şol namaz bolandygyny rowaýat edýär. Tamam.