382 Namaz okamak üçin ädiljek artyk ädimlere beriljek sogap

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 382 Namaz okamak üçin ädiljek artyk ädimlere beriljek sogap

    عَنْ أَنَسٍ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ بَنِي سَلِمَةَ أَرَادُوا أَنْ يَتَحَوَّلُوا عَنْ مَنَازِلِهِمْ ، فَيَنْزِلُوا قَرِيباً مِنَ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، قَالَ: فَكَرِهَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ أَنْ يُعْرُوا الْمَدِينَةَ ، فَقَالَ: ( أَلاَ تَحْتَسِبُونَ آثَارَكُمْ).

 

         Enes (ibn Mälik) (r.a.) şeýle diýipdir: «Ensardan selime tiresi Metjidi-Şerifden uzakda ýerleşýän öýlerini1terk edip, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýüniňýakynynda ýerleşýänbir ýere göçüp gelmekçi boldular. Allahyň Resuly (s.a.w.) Medinäniň çet taraplarynyň goragsyz galmagyny islemän, olara: «Äden ädimleriňiziň sogabyny hasaba almaýarsyňyzmy?»diýdi»2.

 

1Selimelilerden bolan Jabyr ibnAbdullah Ensarynyň (r.a.) adyndan Müslimiň kitabynda beýan edilen rowaýatda şeýle diýilýär: «Öýlerimiz metjitden uzakdady. Olary satyp, metjide ýakyn ýerlere göçüp gelmegi niýet edinipdik. Allahyň Resuly (s.a.w.) biziň pikirimizi oňlaman: «Äden her ädimiňiziň öwezine size bir dereje berler»diýdi». Başga bir rowaýatda-da, selime tiresiniň ýaşaýan ýurdunyň Seldigi aýdylýar. Sel diýilýän ýer Medineden, takmynan, bir mil uzaklykda ýerleşýär eken.

2Buhary bu hadysy hödürlemezden ozal:إِنَّا نَحْنُ نُحْيِي الْمَوْتَى وَنَكْتُبُ مَا قَدَّمُوا وَآَثَارَهُمْ وَكُلَّ شَيْءٍ أحْصَيْنَاهُ فِي إِمَامٍ مُبِينٍ= „Innä nahnü nühýil-mewtä we nektübü mä kaddemuw we äsärehüm. We külle şeý-in ahseýnähü fiýý imämin mübiýnin” (golaý manysy: «Şübhesiz ölüleri diňe Biz direlderis. Olaryň eden her bir işini, goýan her bir yzlaryny ýazarys...». «Ýasin»süresiniň 12-nji aýaty)diýen mukaddes sözleri mysal getirip, şol ýerdäki «äsärehüm» (yzlaryny) diýen sözi Müjähidiň «ädimlerini» diýip düşündirendigini beýan edýär we şeýle etmek bilen bu aýaty-kerimäniň inmeginiň şu hadysdaky waka bilen baglanyşyklydygyny ýaňzytmak isleýär.

            Bu hadysy-şerif hem (edil 380-nji hadys ýaly) namaz okamak üçin ädilen artyk ädimleriň sogabynyňhem artyk boljakdygyna delil bolup hyzmat edişi ýaly, metjidiň golaýynda ýaşamagyň mustahapdygyna hem şaýatlyk edýär. Çünki,Allahyň Resuly (s.a.w.) olaryň asyl maksatlaryny ýazgarman, diňe Medinäniň çet gyralaryny boş goýmak netijesinde ýüze çykjak ýaramazlyga ýol bermejek bolupdyr.