383 Ertir we ýassy namazlaryny jemagat bilen okamagyň artykmaç tarapy

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 383 Ertir we ýassy namazlaryny jemagat bilen okamagyň artykmaç tarapy

    عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: قَالَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (لَيْسَ صَلاَةٌ أَثْقَلَ عَلَى الْمُنَافِقِينَ مِنَ الْفَجْرِ وَالْعِشَاءِ ، وَلَوْ يَعْلَمُونَ ما فِيهِمَا لأَتَوْهُمَا وَلَوْ حَبْواً).

 

         Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Mynapyklara1namazlaryň arasynda jemagat bolup okalýan ertir we ýassy namazlaryndan has agyr düşýäniýokdur2. Eger bu iki namazy jemagat bilen okamagyň nähili sogabynyň bardygyny bilseler, süýrene-süýrene gelmeli hem bolsa, bu namazlaragelerdiler»diýdi»3.

 

1Bu ýerde gürrüňi edilen mynapyklyk (ikiýüzlilik) amal bilen baglanyşykly mynapyklykdyr, imansyzlykdan gelip çykýan mynapyklyk däldir. Bu hadysda göz öňünde tutulanlar jemagat namazlaryna gatnamaga ýaltanýan möminler toparydyr.377-nji hadysda-da şolardan söz açylýardy. Olar düýbünden imansyz mynapyklar toparynyň öz ygtykatlarynyň bozuklygy netijesinde ýolugan keseline göwün berýändikleri sebäpli, mynapykdyklary aýdylyp gorkuzylypdyr. Ýogsam,377-njihadysdamynapyklar hökmünde elhençlik bilen ýazgarylan bu toparyň öýlerinde namaz okandyklary we diňe jemagaty terk edendikleri üçin tankyt edilendikleri hakynda hem rowaýat bar. Ebu Dawudyň «Sünen»atly kitabyndaky rowaýatda: «Bular hiç bir kesele duçar bolmadyk ýagdaýlarynda,öýlerinde namaz okaýarlar»diýilmegi-de şoňa şaýatlyk edýär. Hakyky mynapyk bolsa, kapyrdygy sebäpli, öýünde-de namaz okamaz. Çünki,öýünde ikiýüzliliginiň paş boljak gorkusyýok. «Nisa» süresiniň mynapyklar babatynda inen 142-nji aýatyndaky:وَإِذَا قَامُوا إِلَى الصَّلَاةِ قَامُوا كُسَالَى= „We izä kamuw ilessaläti kamuw küsälä” (golaý manysy: «Olar namaza galkanlarynda,haýal-ýagal galkarlar») diýen sözlere we «Tewbe» süresiniň 54-nji aýatyndaky:وَلَا يَأْتُونَ الصَّلَاةَ إِلَّا وَهُمْ كُسَالَى وَلَا يُنْفِقُونَ إِلَّا وَهُمْ كَارِهُونَ= „We lä ýe-tuwnessaläte illä we hüm küsälä we lä ýünfikuwne illä we hüm kärihuwne” (golaý manysy: «Namaza mydama göwnemän gelerler we zekaty-da mydama islemän bererler»)diýen sözlere görä, mynapyklar namaza göwnemän gelýän we zekaty islemän berýän adamlar bolany üçin, şolaryň edýän hereketi ýaly hereket edýän möminlerhem mynapyk atlandyrylypdyr.

2Bu iki wagtyň jemagat namazyna gelmegiň beýle agyr düşmegi ertir namazynyň ukynyň süýji wagtyna, ýassy namazynyňhem dynç alynýan wagta gabat gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Hadysda bu namaza gelmegiň mynapyklar üçin has agyrdygy nygtalmak bilen,beýleki namazlara gelmegiňhem olara kyn düşýändigi aýdylmak islenilýär.

3Hadysyň bu bölegi 366-njyhadysda geçipdi. Buharynyň rowaýatynda hadysyň Zebidi tarapyndan taşlanan bir bölegi hem bar. Ol bölek 377-nji hadys bilen manydaş bolany üçin,şol ýerde getirilmändir.