399 Namazda ymama tabyn bolmak hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 399 Namazda ymama tabyn bolmak hakda

 

     عَنِ الْبَرَاءِ رَضِي الله عَنْهُ قالَ: كَانَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ إذَا قَالَ: (سَمَع الله لِمَنْ حَمِدَهُ). لَمْ يَحْنِ أَحَدٌ مِنَّا ظَهْرَهُ ، حَتَّى يَقَعَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ سَاجِدًا ، ثُمَّ نَقَعُ سُجُودًا بَعْدَه .

 

         BeraibnAzyp (r.a.) şeýle diýipdir1: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Semiallahu limen hamideh» diýip sejdä gidýänçä, hiç birimiz seždä gitmek üçin öňe egilmezdik. Biz ondan soňra sejdä giderdik»2.

 

1Tabaranynyň beýan etmegine görä, bu hadysy Bera ibn Azybyň (r.a.) adyndan gürrüň beren Abdullah ibn Ýezit (r.a.) Kufe şäherinde namaz okadanda, başyny ýere goýmanka,halk başyny ýere goýup, dikelmäkä-de dikelipdir. Ol hem adamlaryň bu hereketlerini ýazgaryp, şu hadysy aýdyp beripdir.

2Mundan ymamyň hereketlerine eýermegiňwajypdygy hakynda netije çykarylýar. Ibn Jöwzi mundan özüçe netije çykaryp, ymama uýan kişiniň ol bir rukunytamam edýänçä,şol rukunabaşlamaly däldigini aýdýanhem bolsa, onuň bu pikiri alymlaryň esasy köplüginiň pikirine tersdir. Sebäbi beýle edilende,ymama uýulýandygy bildirjek däl. Bu ýerde rowaýatçy Allahyň Resuly (s.a.w.) seždä gideninden soňrawe sejdeden başyny galdyrmazyndan öň sejdä gidendiklerini aýtmak isleýär. Ol ymama uýmagyň möhümdigini, ymamdan öňürti hiç bir rukunabaşlamaga ýol berilmeli däldigini aýtmagy maksat edinipdir.