476 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okan baýram namazy

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 476 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okan baýram namazy

    عن ابْنَ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: قَالَ لَهُ رَجُلٌ: شَهِدْتَ الْخُرُوجَ مَعَ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ؟ قَالَ نَعَمْ وَلَوْلا مَكَانِي مِنْهُ مَا شَهِدْتُهُ ، يَعْنِي مِنْ صِغَرِهِ ، أَتَى الْعَلَمَ الَّذِي عِنْدَ دَارِ كَثِيرِ بْنِ الصَّلْتِ ، ثُمَّ خَطَبَ ، ثُمَّ أَتَى النِّسَاءَ   فَوَعَظَهُنَّ ، وَذَكَّرَهُنَّ ، وَأَمَرَهُنَّ أَنْ يَتَصَدَّقْنَ ، فَجَعَلَتْ الْمَرْأَةُ تُهْوِي بِيَدِهَا إِلَى حَلْقِهَا ، تُلْقِي فِي ثَوْبِ بِلالٍ ، ثُمَّ أَتَى هُوَ وَبِلالٌ الْبَيْتَ.

 

         Bir adamyň Ibn Apbasa (r.a.) ýüzlenip: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde baýram namazlarynyň okalýan ýerlerine barlanda1, olaryň arasynda bolup görüpmidiň?» diýendigi, onuňhem: «Hawa, bolup görüpdim. Onuň ýakyn garyndaşy bolmasaýdym, ol ýere baryp bilmejekdim» diýip jogap berendigi bir ygtybarly rowaýatda gürrüň berilýär.

         Rowaýatyňşu ýerine ýetende, rawy Ibn Apbasyň (r.a.) soňky aýdanlaryny: «Ýaşynyň kiçiligi sebäpli ol ýere eltilmejekdiginiaýtmak isläpdir» diýip düşündiripdir.

         Rowaýatyňdowamynda Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Küseýýir ibnSalt ibn MagdyKerb Kindiniň2öýüniň golaýyndaky sütüniň ýanyna geldi. Soňra şol ýerde hutba okady. Soňrazenanlaryň duran ýerine gelip, olara wagyz etdi, dini borçlaryny ýatlatdy we sadaka bermeklerini emr etdi. Şondan soňrazenanlar ellerinedakynan ýüzüklerine we şoňa meňzeş halkalaryna ýa-da boýunlaryndaky bezege ellerini uzadyp, olary3Bilalyň (r.a.) etegine atmaga başladylar. Soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) Bilal bilen birlikde öýüne dolandy»4.

 

1Şol gezek sahabalaryň, hakykatdan hem, Medinäniň daşyndaky baýram namazlarynyň okalýan ýerine barandyklary, Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan başga bir ýoldan gelip ýetip, Buharynyň «Iki baýram namazy» («Kitabul-ideýn») kitabynda ýerleşdirilen rowaýatyňbeýanyndanhemgörünýär.

2Ibn Apbas (r.a.)  Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hijretinden üç ýyl öň, ýagny haşym we muttalyp tireleriniň abutalyp tiresiniň içinde daşlary gabalgy ýagdaýda ýaşaýan döwürlerinde dünýä inipdir. Diýmek, ol Allahyň Resuly (s.a.w.) baky dünýä göç edende on üç ýaşynda eken. Onuň hijretden bäş ýyl öň dünýä inendigini aýdýanlar bar bolsa-da, bu aýdylanlar ygtybarly däl. Sebäbi 68-nji hadysda Ibn Apbas (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Hoşlaşyk Hajy bilen bagly bir wakany beýan edende:«Şol günlerde kämillik ýaşyna ýetip barýardym» diýip, özüniň heniz kämillik ýaşyna ýetmändigini habar berýär.

3Ol kindi tiresindendir. Onuň maşgalasy kuraýyşyň abraýly maşgalalarynyň biri bolupdyr. Doganoglan agalary ilçi hökmünde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip, iman getirenlerinden soň, Ýemene dolanyp barypdyrlar we ol ýerde dinlerinden ýüz öwrenleri üçin öldürilipdirler.

            Küseýýir soňra öz doganlary Züýeýtwe Abdyrahman bilen birlikde Medinä hijret etdi. Ol Allahyň Resulynyň (s.a.w) zamanynda dünýä inip, özi hakda gowy rowaýatlaryň döremegine sebäp bolupdyr. Başda onuň ady Kalil eken. Soňra ady Küseýýirdiýlip üýtgedilipdir. Onuň adyny Allahyň Resulynyň (s.a.w.) üýtgedendigini aýdýan adamlar bar bolsa-da, ygtybarly bir rowaýata görä, oňa bu ady hezreti Omar (r.a.) beripdir. Şonuň üçinhem onuň sahabamy ýa-da tabygyndygyonçakly anyk däl.

            Ol baýram namazlaryny okamaga niýetlenen ýerde kerpiçden bir münber bina edipdir. Bu ýerde gürrüňi edilen sütün şol münber bolmaly. Onuň öýi baýram namazlarynyň okalýan ýeriniň kybla tarapynda eken.

4Buharynyň kitabyndaky başga bir rowaýatda: «Zenanlar ellerinde bolany Bilalyň etegine atmaga başladylar. Kimi hursyny, kimi-de sihabyny atmaga başlady» diýilýär.

            «El-hurs» diýip, altyn we kümüş halka aýdylýar. Bir söze görä, gulakhalka ýa-da aýallaryň şaý-seplerine degişli kiçijik halka-da şol at berilýär.

            «Es-sihab» diýip, gülýakanyň arap zenanlaryna mahsus bolan bir görnüşine aýdylýar.