400 Ymamdan öňürti başyňy sejdeden galdyrmagyň halanmazlygy (kerahetdigi)

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 400 Ymamdan öňürti başyňy sejdeden galdyrmagyň halanmazlygy (kerahetdigi)

    عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ: عَنِ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ: (أما يَخْشَى أَحَدُكُمْ ، أَوْ: أَلاَ يَخْشَى أَحَدُكُمْ ، إذَا رَفَعَ رَأْسَهُ قَبْلَ الإمَامِ ، أنْ يَجْعَلَ الله رَأْسَهُ رَأْسَ حِمَارٍ ، أوْ يَجْعَلَ الله صُورَتَهُ صُورَةَ حِمَارٍ).

 

         Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ymamdan öňürti başyny sejdeden galdyrýanlaryňyz,Allahü tagalanyň kellelerini eşegiň kellesine (ýa-da keşplerini eşegiň keşbine) öwräýmeginden,heý bir gorkmaýarlarmyka?»diýdi»1.

 

1Darakutny Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan: «Ymamdan ozal başyny galdyran, ymamdan ozal başyny ýere goýan adamyň ýüzi diňe şeýtanyň elinde bolup biler»diýen hadysy beýan edipdir. Tabarany hem «Ewsat» atly kitabynda Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.) adyndan şeýle bir hadysy beýan edýär: «Biri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) yzynda durup namaz okady. Ol Allahyň Resulyndan (s.a.w.) öňürti rukuwa gidip, ondan öňürti rukuwdan başyny galdyrmaga başlady. Allahyň Resuly (s.a.w.) namazyny tamamlanyndan soňra: «Beýdip namaz okan kimdi?» diýdi. Hälki adam: «Mendim, ýa Allahyň Resuly!» diýip jogap berdi. Şondan soňra Allahyň Resuly (s.a.w.): «Namazyň biderek bolmagyndan häzir boluň. Ymam rukuwa gideninden soňrarukuwa gidip, başyny galdyranyndan soňra hem başyňyzy galdyryň!»diýdi». Şu hadysy-şerif ymamdan öňe geçenler hakdaky ýowuz wadany öz içine alýar.

            Ibn Mesgut (r.a.) ymamdan öň herekete başlan birini görüp, oňa: «Sen ne ýeke özüň namaz okadyň, ne-de ymamauýduň» diýipdir. Ibn Omarhem (r.a.) şonuň ýaly edeniň birine namazyny täzeden okadypdyr.Alymlaryň esasy köplügi bolsa beýle etmegiň günädigi bilen ylalaşsalarhem, namazy gaýtadan okamagyň tarapdary däl.

            Ebu Dawut Zahyrynyň yzyna eýerjiler (ähli-zahir) bilen, bir rowaýata görä, Ahmet ibn Hanbal bu meselede Ibn Omaryň pikirine eýeripdirler. Çünki,olar beýle etmegiň gadagandygyndan çen tutup, onuň namazy bozjakdygyny aýdýarlar. Ahmet ibn Hanbal: «Eger şonuň ýaly hereket eden adamyň namazy okalan hasap bolsady, onda beýle edip okalan namazdan sogaba garaşylyp, jeza duçar bolmakdan gorkulmazdy» diýýär.

            Ymamyň hereketlerineeýermeýäniň keşbiniň eşegiň keşbine öwrülmeginiň göçme manysy bar. Beýle hereket eden adam uýmaga niýet edip, uýmaýar we şeýtmegine garamazdan, uýandan bolup, eşeklik edýär. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu sözi: «Eşek ýaly hereket etmegi saýlap alan bu adamlara gelişýän sypat eşegiň sypatydyr» diýen manyny öz içine alyp, beýle hereket edýän adamlary ýazgaryş bolup eşidilýär.Şonuň ýaly-da,bu hadysyň başga bir ýoldan: «Başyny köpegiň kellesine öwürmeginden gorkmazmy?» görnüşinde beýan edilmegine we Ibn Mesgudyň (r.a.) adyndan: «Ymamdan öňürti sejdeden (ýa-da rukuwdan) başyny galdyran kişi öz kellesiniň köpegiň kellesine öwrülmejekdiginden arkaýyn bolup bilmez. Şeýle hem, namaz okap durkalar gözlerini asmana diken adamlar ýa beýle etmekden ýüz öwürsinler, ýa-da gözleriniň nurunyň alynmagyna garaşsynlar»görnüşinde beýanedilen hadysy-şeribiň manysyna esaslanyp,käbir alymlar hadysy göçme manyly hasaplaman, onda hakykatdanhem meshiň ýüze çykmagyndan gorkulýandygyny aýdýarlar. Hadysyň göçme manysynyň bardygyny aýdan alymlar meshiň Muhammet ymmaty babatda ýüze çykyp bilmejekdigine we Muhammet ymmatynyň şu güne düşmejekdiginiň kepillendirilendigine esaslanýarlar. Ýöne ibn Majäniň kitabynda Äşäniň (r.a.) adyndanbeýan edilen hadysda: «Bu ymmatyň iň soňkularynda hasf-da, mesh-de, kazf-da boljakdyr» diýlipdir. «Hasf» sözi ýeriň ýarylyp, üstündäkileri ýuwutmagyny, «mesh» sözi adamlaryň haýwan sypatyna girmegini, «kazf» sözi bolsa gökden daş ýagmagyny aňladýar. Bu hadysy Aly, Ebu Hüreýre, Ymran ibn Husaýyn hem (r.a.) gürrüň beripdirler. Dürli kitaplarda şu manydaky köpsanly hadyslar barhem bolsa, olaryň gelip ýetişleri o derejede ygtybarly däl.