389 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) göreldesine eýerip, Ibn Apbasyň (r.a.) bir batgaly günde adamlaryň juma namazyny öýlerinde okamalydyklaryny aýdyp, jar çekdirmegi

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 389 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) göreldesine eýerip, Ibn Apbasyň (r.a.) bir batgaly günde adamlaryň juma namazyny öýlerinde okamalydyklaryny aýdyp, jar çekdirmegi

    عَنْ عَبْدِ اللهِ بنِ الحَارِثِ رحمه الله تعالى قَالَ: خَطَبَنَا ابْنُ عَبَّاسٍ رَضِي الله عَنْهَما في يَوْمٍ ذِي رَدْغٍ ، فَأَمَرَ الْمُؤَذِّنَ لَمَّا بَلَغَ حَيَّ على الصَّلاَةِ قَالَ: قُلِ الصَّلاَةُ فِي الرِّحَالِ ، فَنَظَرَ بَعْضُهُمْ إلَى بَعْضٍ كَأَنَّهُمْ أَنْكَرُوا ، فَقالَ: كَأَنَّكُمْ أَنْكَرْتُمْ هذَا؟ إنَّ هذَا فَعَلَهُ مَنْ هُوَ خَيْرٌ مِنِّي ، يَعْنِي النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، إنَّهَا عَزْمَةٌ وَإنِّي كَرِهْتُ أَنْ أُحْرِجَكُمْ.

 

       Abdullah ibn Harysşeýle diýipdir: „Ibn Apbas (r.a.)1batgaly bir günde adamlaraýüzlenip,juma namazynyň hutbasyny okamakçybolanda, azança: «Namaz öýlerde okaljak!» diýip yglan etmägebuýruk berdi. Onuň aýdany adamlaryň göwünlerine ýakman, biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Şonda Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýdi: «Görýän welin, siz aýdanymy halamadyňyz. Ýöne, menden has haýyrly bolan bir adam (Allahyň Resuly (s.a.w.) göz öňünde tutulýar) hem şeýle edipdi. Bu (ýagny, juma namazy) parzdyr. Men diňe siziň kynçylyk çekmegiňizi islemedim»2.

 

1Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen we şu hadysa meňzeş bolan 373-nji hadysa we onuň düşündirişine seret.

2Bu ýerde Ibn Apbas: «Sizi günä sokmak islemedim» diýmek isläpdir. Buharynyň kitabyndaky başga bir ýoldan gelen hadysda: «Sizi günä sokmak islemedim. Bu ýere gelseňiz, dyzyňyza çenli batga batjakdyňyz» diýlipdir. Ibn Apbas (r.a.) jemagat namazyna gelenler bilen juma namazyny okap, oňa heniz gelip ýetişmedikleri-de kynçylykdan gutarmak isläpdir. Jemagata gelmeýänler,elbetde, öýlerinde öýle namazyny okamak bilen kanagatlanarlar.