418 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle we ikindi namazlarynda Kuran okandygy hakda. Namaz okaýan kişiniň kyýamda, rukuwda, sejdede we teşehhütde nirä bakmalydygy hakda alymlaryň aýdany

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 418 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle we ikindi namazlarynda Kuran okandygy hakda. Namaz okaýan kişiniň kyýamda, rukuwda, sejdede we teşehhütde nirä bakmalydygy hakda alymlaryň aýdany

     عَنْ خَبَّابٍ رَضِي الله عَنْهُ ، قِيلَ لَهُ: أَكَانَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَقْرَأُ في الظُّهرِ وَالْعَصْر ِ؟ قالَ:  نَعَمْ  ،  قِيلَ لَهُ: بِمَ كُنْتُمْ تَعْرِفُونَ ذَاكَ؟  قَالَ: باضْطرَابِ لِحْيَتِهِ.

 

       Ygtybarly bir hadysda beýan edilişine görä, Hapbap ibn Eretden1(r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) öýle we ikindi namazlarynda Kuran okaýarmydy?»2diýip sorapdyrlar. Ol: «Hawa» diýip jogap beripdir. Ondan: «Muny nämeden aňlardyňyz?» diýip soranlarynda bolsa,ol: «Mübärek sakgalynyň gymyldap durşundan» diýipdir3.

 

1EbuAbdullah Hapbap ibnEret Temimi ýa-da Huzaýybaşda musulman bolan 40 sahabanyň biridir. Oňa Huzaýydiýilmeginiň bir sebäbi bar. Ol jahylyýet zamanynda arap tireleriniň arasyndaky bir çaknyşykda duşmanyň eline ýesir düşüp, Mekgedäki gul bazarynda satylypdyr wehuzaýy tiresinden bolan ÜmmiEnmäriňguluna öwrülipdir. Onuň altynjy bolup, yslam dinine girendigi gürrüň berilýär. Ol sahabalardan iman getirendigini ilkinji bolup äşgär edip, şol sebäpli ýowuz azaplara duçar edilipdir. Iman getireni üçin, ilkinji bolup horlananyň Bilaldygy, Ammardygy we ýene şolar ýaly beýleki bir möminlerdigi barada maglumatlar bar hem bolsa, hezreti Hapbap şu sebäpli gynalan ilkinji sahabadyr. Ol bir gezek özi hakyndaşeýle diýipdir: «Men şeýle bir güni başdan geçirdim: meniň üçin ýörite ot ýakyldy. Şol gün közleriň biri ýagyrnyma düşüp,ony ýagyrnymyň ýagy söndüripdi».

            Hapbap (r.a.) demirçi ussady. Ony satyn alan ÜmmiEnmär bir demir bölegini alyp, ony otda gyzdyryp we onuň kellesine basyp, azap bererdi. Hapbap öz ýagdaýyny Allahyň Resulyna (s.a.w.) gürrüň berýär. Ol hem: «Allahym, Hapbaba ýardam et!»diýip doga edýär. Şonuň yzýanyHapbabyň eýesi ÜmmiEnmär bir kelle agyrysyna duçar bolýar we agyrysyna çydaman,köpek ýaly uwlamaga başlaýar. Oňa derman hökmünde kellesini oda daglamagy maslahat berýärler. Şondan soňraol bu işi Hapbaba tabşyryp,olhem gyzgyn demir bilen onuň kellesini daglapdyr.

            Hapbap Bedir söweşinden başlap, din üçin alnyp barlan ähli söweşlere gatnaşypdyr. Ol dört çaryýarlaryň haliflik eden döwründäki yslam goşunlarynyň ýeňişli söweşlerine gatnaşyp, bu ýeňişlere uly goşant goşýar. Soňra Kufede ýaşamaga başlap, sahabalaryň arasyndaky dawalarda Alynyň (keremallahu wejheh) tarapyny tutupdyr. Syffyn söweşinden gaýdyp gelýärkäler,bir agyr kesele uçrap, hijriniň 37-nji ýylynda 63 ýaşynda dünýäden ötüpdir. Onuň namazyny hezreti Aly okadypdyr. Ol hassa ýatyrka, özüni soramaga gelenlere: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ölümiňi diläp, doga etmegi bize gadagan etmedik bolsady, öleýin diýip doga ederdim»diýip, çekýän jebir-jepasynyň örän uludygyny aňladypdyr. Ol wepat bolanyndan soňrahezreti Aly bir gezek onuň mazarynyň ýanyndan geçende: «Allah Hapbaba rehmet etsin. Dine bolan ymtylyşy sebäpli ilkinjileriň biri bolup musulman boldy. Köňül islegi bilen muhajir boldy. Bütin ömri jihat bilen geçdi. Köp ýyllaryň dowamynda ejir çekdi. Elbetde,Allahü tagala onuň sowgadyny kemetmez»diýipdir.

2Bu ýerde: «Fatiha» süresinden başga-daKuranyň aýatlaryny okaýarmydy?» diýiljek bolunýar. Sebäbi namaz sesli okalanda-da, sessiz okalanda-da, «Fatiha» süresiniň okaljagy şübhesizdir (422-nji hadysa seret). Ýöne Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Abdullah ibnUbaýdyllanyň bir rowaýaty ýerleşdirilip, ol Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle we ikindi namazlarynda Kuranyň aýatlaryny okandygyny Abdullah ibnApbasyň düýbünden inkär edendigini habar berýär. Ykryma hem öz gürrüň beren rowaýatynda: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle we ikindi namazlarynda Kuranyň aýatlaryny okandygyny ýa-da okamandygyny bilmeýärin» diýse-de, yzda Buharynyň beýan eden rowaýatyna we ygtybarly kitaplarda köpsanly sahabalaryň adyndan beýan edilen hadysy-şeriflere görä, Ibn Apbas hezretleriniň ýaşynyň kiçidigi sebäpli, yzky saplarda namaz okap, Kuranyň aýatlarynyň okalandygyny bilmän galandygyny aňlamak bolýar. Tefsirçi Aýny onuň şu iki namazda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Kuranyň aýatlaryny okandygy hakyndaky habarlar bilen tanşanyndan soň, bu pikirinden ýüz öwrendigini aýdýar. Mysal üçin, Ibn Ebu Şeýbe onuň: «Allahyň Resuly (s.a.w.) öýle we ikindi namazlarynda Kuran okardy» diýendigini gürrüň beripdir.

3Buhary ymama uýan kişiniň namaz okalyp durka,namazyň okalyş düzgünini saklamak üçin,ymamyň hereketlerini synlap, oňa bakmagynyň gowy boljakdygyny düşündirmek maksady bilen, şu hadysy bu ýerde ýerleşdiripdir. Mysal üçin, mäliki mezhebiniň fykyhçy alymlaryymama uýup namaz okaýan adamyň aýakda wagty (sejdä giden wagty däl) ymamyna bakmagynyň hökmandygyny aýdanlarynda bu hadysy we 551-nji hadys ýaly rowaýatlary özlerine delil edinýärler. Gün tutulanda okalýan namazdan söz açýan 551-nji hadysda, bu namaz okalyp durka, Allahyň Resulyna (s.a.w.) jennetiň we jähennemiň aýan bolup, onuň elini uzadyp bir zat alýan ýaly hereket edendigi (417-nji hadysa-da seret) we jähennemiň ýakynlaşmagy bilen arkan gaýşandygy, muny gören sahabalaryň beýle etmeginiň sebäbini sorandyklary gürrüň berilýär.

            Hanefi we şapygymezhepleriniň alymlarynyň pikirine görä bolsa, namaz okap durkaňsejde etjek ýeriňe bakmaksünnetdir. Çünki,ünsüňi namazda jemlemek üçin iň gowy ýagdaý budur. Mysal üçin,Ibn Apbasyň (r.a.) gürrüň beren: «Allahyň Resuly (s.a.w.) iftitah (başlangyç) tekbirini alan wagty diňe sejde etjek ýerine serederdi» diýen hadysy-da muny tassyklaýar.

            Hanefi we şapygy mezhebiniň alymlary bu mesele babatda Ybraýym Nahaýy we Ibn Sirin bilen pikirdeşdirler. Hanefi mezhebiniň alymlarynyň käbirleri bir zada uzak wagtlap seredip, namazdan ünsüňi bölmezlik üçin,kyýamda wagtyň sejde etjek ýeriňe, rukuwda wagtyň aýaklaryňa, sejdede wagtyň burnuňa, aralyk we ahyrky oturyşlarda gujagyňa bakmagyň gerekdigini aýdypdyrlar. Käbirleri bolsa Käbäni göz öňüne getirmegiň, oňa tarap seretmegiň gerekdigini aýdýarlar. Sebäbi Käbäseretmegiň özi aýratyn bir ybadatdyr.