377 Azan aýdylmagyna garamazdan, jemagat namazyna gelmeýänler hakda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýdan haýbatly sözleri. Jemagat bilen namaz okamak barada fykyhçy alymlaryň hökümi. Bu babatda alymlaryň aýdany

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 377 Azan aýdylmagyna garamazdan, jemagat namazyna gelmeýänler hakda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýdan haýbatly sözleri. Jemagat bilen namaz okamak barada fykyhçy alymlaryň hökümi. Bu babatda alymlaryň aýdany

     عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (وَالَّذِي نَفْسِي بِيَدِهِ ، لَقَدْ هَمَمْتُ أَنْ آمُرَ بِحَطَبٍ فَيُحْطَبَ ، ثُمَّ آمُرَ بِالصَّلاَةِ فَيُؤَذَّنْ لَهَا ، ثُمَّ آمُرَ رَجُلاً فَيَؤُمَّ النَّاسَ ، ثُمَّ أُخَالِفَ إلَى رِجَالٍ فَأُحَرِّقَ عَلَيْهِمْ بُيُوتَهُمْ ، وَالَّذِي نَفْسِي بِيَدِهِ ، لَوْ يَعْلَمُ أَحَدُهُمْ: أَنَّهُ يَجِدُ عَرْقاً سَمِيناً ، أَوْ مِرْمَاتَيْنِ حَسَنَتَيْنِ ، لَشَهِدَ الْعِشَاءَ ).

 

         Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Içimden: «Bir üýşmek odun toplamaklyga buýruk bereýin, soňra namaz üçin1azan aýtdyraýyn-da, birine jemagata ymamlyk etmegi tabşyraýyn. Soňra şol jemagaty bu ýerdegaldyryp, namaza gelmeýän kişileriň2üstlerine gidip, olaryň öýlerini içindekäler otlabereýin»3diýip pikir edendigime janym gudratly elinde bolan Allahü tagaladan ant içýärin. Bu jemagatdan bölünenleriň her biri bu ýerde ýagly eti bolan bir süňk bölegini ýa-da iki sany ullakan goýun injigini4tapjaklaryny bilseler, olaryň derrew ýassy namazyna geljekdiklerine janym gudratly elinde bolan Allahü tagaladan ant içýärin»diýdi».

 

1Käbir rowaýatda: «Agşam namazy üçin», käbirlerinde: «Ertir namazy üçin»,başga birlerinde bolsa:«Jemagat namazyüçin» diýlipdir.

2Bu ýerdäki «kişileriň» sözi «rijal» sözüniň terjimesi bolup, «namaza çykmaýan erkek adamlar» diýen manyny berýär. Zenanlar we çagalar olaryň hataryna girmeýär, sebäbi olar jemagat bilen namaz okamaga borçly däldir. Mysal üçin, Ahmet ibn Hanbalyň Ebu Hüreýräniň(r.a.)adyndan beýan eden rowaýatynda: «Öýlerde oturan zenanlarbilen çagalar bolmasady, ýassy namazyny kamatladyp, öz adamlaryma... (yzy şu hadysdaky ýaly) diýip buýruk bererdim»diýilmeginiň muny tassyklamagy bilen bir hatarda, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) haýbat atmagyndan gelip çykýan aýylganç jezanyň ýerine ýetirilmegine päsgel berýänleriň ýene şolardygy belli bolýar.

3Hadys kitaplarynyňhemmesinde jemagat namazyny okamagyň ýollaryna degişli dürli sözler bilen aňladylan hadysy-şerifler kän. Şol hadyslaryň jeminden şerigatçy alymlaryň jemagat hakynda çykaran hökümleri,esasan,üç pikire esaslanýar:

1)      Jemagat parzy-aýndyr, ýagny, Allahü tagalanyň her bir musulmana hökman ýerine ýetirmegi emr eden zadydyr;

2)      Jemagat parzy-kipaýadyr, ýagny, bir topar musulmanlaryň ýerine ýetirmegi bilen beýlekileriň üstünden aýrylýan borçdur;

3)      Jemagat sünneti-müýekkededir, ýagny, gaýtalanýan, yzygiderli ýerine ýetirilýän sünnetdir.

Jemagatyň parzy-aýndygy bilen Ahmet ibn Hanbal hem-de Dawut ibn AlyZahyry ylalaşýarlar. Olar jemagatyň namazyň dogry okalmagynyň şertidigini hem aýdýarlar. Alymlaryň başgabir topary bolsa jemagatyň parzy-aýndygy bilen ylalaşyp, ony namazyň dogry okalmagynyňşerti hasap etmeýärler. Olara görä, namazy ýeke okan adam jemagaty terk eden hasap edilse-de, onuň okan namazy kabul bolar. Şapygy-da şu pikirdedir. Hatda Ahmet ibn Hanbalyň hem hakykat ýüzünde şu pikirde bolandygyny aýdýarlar.

Jemagat bolup namaz okamagyň parzdygy bilen ylalaşýanlar şu hadysy delil tutunýarlar. Olar: «Eger ol sünnet bolsady, onda jemagat namazyna gelmeýänler beýdip gorkuzylmazdy. Eger ol parzy-kipaýa-da bolsa, şol namaza gelmedikleriň üstünden bu borç aýrylyp, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gaharlanmagyna ýol galmazdy»diýýärler. Şonuň ýaly-da,hanefimezhebinden Tahawy bilen Kerhiniň jemagat bolup namaz okamagy parzy-kipaýa hasaplandyklary bellidir.

            Ebu Hanife bilen Mälige görä, ol sünneti-müýekkededir. Hanefi mezhebiniň irki alymlarynyň käbiri onuň wajypdygy bilen ylalaşypdyrlar. Olar: «Onuň wajypdygy sünnet arkaly subut edileni üçin, oňa sünnet diýýärler» diýipdirler. Şapygy mezhebiniň alymlaryna görä, jemagatyň sünneti-müýekkede bolmagy-da bir ýoldur. Ýöne olara görä,has dogrusy onuň parzy-kipaýe bolmagydyr.

Jemagatyň parzy-aýndygy bilen ylalaşmaýanlaryň bir topar delilleri bar bolsa-da, olaryň iň gowy delili ýene şu hadysdyr. Olar: «Bu hadysda habar berilýän jeza diňe niýet bolmagynda galyp,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) haýbaty iş ýüzüne geçirilmändir. Eger jemagat bolup namaz okamakparzy-aýn bolsady,onda jemagaty terk edenlere beýan edilen jezany bermek hökman bolup, olar öz gününe goýulmazdy»diýýärler. Şu hadysyň yz ýany bilen beýan ediljek hadyslarhem jemagat bilen namaz okamagy parzy-aýn hasaplaýanlaryň garşysyna delildir. Sebäbi, jemagat bilen namaz okaýan adam ýeke özi namaz okaýan adamdan ýigrimi ýedi esse kän sogap gazanýan bolsa, diýmek, ýeke özi namaz okaýanyňhem nähilidir bir sogap gazanýany bellidir.

Bu jedeller juma namazyndan beýleki namazlar hakyndadyr. Juma namazynyň kabul bolmagy üçin,jemagatyň parzdygy hakynda hiç hili jedel ýok.

4Bu ýerde gürrüňi edilýän injik «mirmät» diýen arap sözüniň terjimesidir. Ol käte injik hökmünde, käte-de goýnuň dyrnaklarynyň aralygyndaky ýukajyk et bölekleri hökmünde düşündirilýär. Käte-de busöz bilen peýkam atmak boýunça türgenleşik geçirilende ulanylýan uçlugy bolmadyk bir ýörite peýkamy aňladýarlar. Bir pikire görä-de,ol peýkamatmak boýunçaýörite geçirilýän oýunda ýeňiş gazananyň ulanan peýkamyna berilýän atmyş.Buoýunmahalynda, bir gum üýşmegine çenäp, ujy ýiti uçly peýkamlary atýarmyşlar. Kim peýkamyny gum üýşmegine çümdürip bilse, oýunda ýeňýärmiş. Utmaga kömek eden peýkama-da «mirmät» ýa-da «midhät» diýer ekenler.

            Ilkinji iki mana görä, bu söz iýilýän zady aňlatsa-da, bu sözüň beýleki manylary boýunça, bu ýerde pikir başga görnüşe eýe bolýar. Bu ýerde bu sözüň soňkymanysynyň göz öňünde tutulanbolmagy hem mümkin. Şeýle bolsa, jemagatyterk edenleriň o dünýäde gazanjak uly sylaglaryny bu dünýäniň iň bir ownuk peýdasyna we manysyz bir oýnuna çalyşmakda aýyplandygy bolýar.