464 Ymama uýup namaz okan kişiniň ymam salam bereninden soň salam bermelidigi hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 464 Ymama uýup namaz okan kişiniň ymam salam bereninden soň salam bermelidigi hakda

 

      عَنْ عِتْبَانَ رَضِيَ الله عَنْهُ قالَ: صَلَّينَا مَعَ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فَسَلَّمْنَا حِينَ سَلَّم.

 

         Ytban (ibn Mälik Ensary)1(r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde namaz okadyk. Ol salam beren wagty bizhem salam berdik»2.

 

1Bu hadys öň 268-nji hadys hökmünde bu ýerdäkiden has uzyn bir görnüşde beýan edilipdi. Ol ýerdäki rowaýat gönüden-göni Ytbanyň (r.a.) adyndan däl-de, Mahmyt ibn Raby Ensarynyň (r.a.) gürrüň bermeginde onuň adyndan beýan edilýärdi. Ol rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazdan soňrasalam berendigi aýdylyp, bu ýerdäki: «Bizhem salam berdik» diýen goşmaça ýokdur.

2Buhary bu hadysdan ymama uýup, namaz okaýan kişiniň doga we beýlekiler bilen meşgul bolup, salamyny ymamyň salamyndan soňa goýmagynyň mustahapdygy barada höküm çykarmak isläpdir. Köpsanly hadyslarda gürrüň berlişine görä, namaz okaýan kişi ýaňagynyň agy görünýänçä bir gezek sag tarapyna dönüp: «Esselämüaleýküm we rahmetullah», ýene ýaňagynyň agy görünýänçe bir gezek çep tarapyna dönüp: «Esselämüaleýküm we rahmetullah» diýmeli. Namazyň soňunda salamyň sünnet bolan sözleri, ine, şudur. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) başga sözler bilen salam berendigini aýdan adam ýok. Harplaryny azaltmak arkaly ýa-da başga bir görnüşde bu tertibi bozmak, mysal üçin, gysgaldyp: «Seläm aleýküm», ýa-da içiňden: «Aleýküm esseläm» diýmek, ýa bolmasa: «We rahmetullahu» sözüni taşlamak ýa-da: «We berekätühü» sözüni artdyrmak sünnete ters bolup, beýle etmegiň namazy bozjakdygy ýa-da bozmajakdygy örän jedelli meseledir. Mäliki mezhebiniň alymlary ymamyň salamyna jogap hökmünde oňa uýup namaz okaýanyň kybla tarap ýüzlenip, üçünji gezek salam bermegini mustahap hasap edýärler. Mäliki mezhebinden bolup, «Tawzih» kitabyny ýazan alym Mäligiň pikiriniň şeýledigini habar bereninden soň, Ibn Omaryňhem(r.a.), Şagby, Salym ibn Abdullah ibn Omar, Sagyt ibn Müseýýepwe Ata ýaly alymlaryňhemmunuň bilen ylalaşandyklaryny beýan edýär. Ybraýym Nahaýy-da: «Ymama uýup namaz okaýan kişi islese, ymamyň salamyna salam bilen jogap berer, islemese, bermez» diýipdir. Ibn Omaryň (r.a.) ymamyň salamyna salam bilen jogap bermelidigi bilen ylalaşýandygy aýdylýanhembolsa, onuň, ymama uýan ýagdaýynda, onuň salamyna salam bilen jogap bermändigi subut edilendir. Buhary ymama uýup namaz okan kişiniň üçünji salamy bermezden, diňe iki salam bilen çäklenmelidigine delil hökmünde Ytban ibn Mäligiň (r.a.) gürrüň beren şu hadysyny şu ýerde ýerleşdiripdir. Şonuň bilen birlikde,Semüre ibn Jündebiň (r.a.) gürrüň beren: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ymamlarymyza salam bereliň. Biri-birimizi söýeliň we birek-birege salam bereliň» diýip bize emr etdi» diýen hadysy mälikilere beýle etmäge hak berip biljek rowaýatlardandyr.

            Mäliki mezhebiniň alymlaryna görä, bu üç salamy ymama uýup namaz okaýan kişi (müktede) bermeli. Ymam ýa-daözbaşdak namaz okaýan kişi bolsa,namazdan çykmak üçin diňe bir gezek salam bermeli. Bu salam ýüzüňi hiç tarapa öwürmezden, kybla bakyp berler. Omar ibn Abdyleziz, Hasan Basry, Muhammet ibn Sirin, Ewzaýy we Mälik şu garaýşa uýan adamlaryň toparyndandyr. Enes ibn Mäligiň, Selemeibn Ekwanyň, musulmanlaryň enesi Äşe Syddykanyň we, bir rowaýata görä, Ibn Omaryň (r.a.) hem şeýle düşünjede bolandygy habar berilýär.Namazdan çykmak üçin berilýän salamyň ikidigine Nafyibn Abdylharys (r.a.) bilen Alkama, Ebu Abdyrahman Sülemi, Ata ibn Ebu Rebah, Şagby, Sufýan Söwri, Abdullah ibn Mübärek, Ahmet ibn Hanbal, YbraýymNahaýy, Ebu Hanife, Ebu Ýusup, Muhammet ibn Hasan, Şapygy, Yshakibn Rahuýa ýaly ymamlar tarapdar bolupdyrlar. Ebu Bekr Syddykyň, Aly ibn Ebutalybyň, Abdullah Mesgudyň, Ammar ibn Ýasyryň (Allah olardan razy bolsun!) hem şeýle düşünjä eýerendikleri gürrüň berilýär.

            Bir gezek salam bermegi ýeterlik hasaplanlaryň delili Sagt ibn Ebu Wakgasyň adyndan we Derawerdiniň dilinden beýan edilen: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namazda kybla tarapa bakyp, bir gezek salam bererdi, soňra sag tarapa azajyk meýil ederdi» hadysy bilen musulmanlaryň enesi Äşäniň (r.a.) adyndan we Züheýr ibn Muhammediň dilinden beýan edilen: «Allahyň Resuly (s.a.w.) diňe bir gezek salam bererdi» hadysydyr. Ýöne Sagdyň (r.a.) aýdan hadysyny Derawerdiden beýleki rawylaryň hemmesiniň mydama iki salamdan söz açyp beýan edendiklerini Tahawynyň belläp geçişi ýaly, hezreti Äşäniň (r.a.) hadysyny gürrüň beren Züheýr ibn Muhammet hem ret edilen hadyslary arkaly tanalýar. Mäliki mezhebiniň alymlarynyň delil tutunýan başga bir hadyslary-da, ýagny hezretiÄşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen: «Allahyň Resuly (s.a.w.) diňe bir salam bilen namazdan çykardy we salam berende,bizi ukudan oýarjak derejede sesini gataldardy» diýen hadys hem şeýle bir ygtybarly däl. Sebäbi bu ýerde ikinji salam barada aýdylmazlygynyň onuň gerek däldigini aňlatmaýşy ýaly, bu hadys iki salam hakyndaky köpsanly rowaýata-da garşy durup bilmez. Mysal üçin, Tahawy iki tarapa salam berilmelidigini on üç sahabadan rowaýat edýär. Tefsirçi Aýny-da, bu sany ýene ýedi sahaba artdyryp, olaryň jemini ýigrimä ýetirýär.

            Iki salam bilen namazdan çykylan ýagdaýynda, salamlaryň ikisiniň-de hökümi birmeňzeşmidir? Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, salam bilen namazdan çykmagyň parz däldigi üçin,olaryň ikisi-de sünnetdir. Ýa-da, Ebu Hanife görä, iň bolmanda biri wajyp, beýlekisi sünnetdir.

            Şapygy mezhebiniň alymlaryna görä bolsa,birinji salam ymam, oňa uýup namaz okaýan kişi we özbaşdak namaz okaýan kişi üçin parz bolup, ikinjisi (Şapygydan gelip ýeten bir ygtybarly rowaýata görä) sünnetdir.

            Ahmet ibn Hanbalyň adyndan aýdylýan meşhur rowaýata görä, salamlaryň ikisi hem wajyp hasap edilse-de, ygtybarly bir rowaýat boýunça,birinji salam wajyp, ikinjisi sünnetdir.

            Mälige görä, mesele has çylşyrymlydyr. Onuň pikiri boýunça birinji salam diňe ymam ýa-daözbaşdak namaz okaýan üçin (ymama uýup namaz okaýan üçin däl) parzdyr. Ikinji salam bolsa ymam bilen özbaşdak namaz okaýan kişi üçin sünnet bolmak bilen birlikde, ymama uýup namaz okaýanyň üç gezek salam bermegi mustahapdyr. Ol birinji salamy sagyna, ikinji salamy çepine, üçünjisini-de ymamyň salamyna jogap hökmünde kybla tarapyna berer.