402 «Ymamlar siziň üçin namaz okarlar. Olar isabet etseler, hem size, hem olara namaz sogaby bar. Eger ýalňyşyp, isabet etmeseler, siziň üçin sogap, olar üçin azap bar» hadysy. Bu babatda gelip ýeten beýleki rowaýatlar

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 402 «Ymamlar siziň üçin namaz okarlar. Olar isabet etseler, hem size, hem olara namaz sogaby bar. Eger ýalňyşyp, isabet etmeseler, siziň üçin sogap, olar üçin azap bar» hadysy. Bu babatda gelip ýeten beýleki rowaýatlar

     عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (يُصَلُّونَ لَكُمْ ، فإنْ أَصَابُوا فَلَكُمْ ، وَإنْ أَخْطَأُوا فَلَكُمْ وَعَليْهِمْ).

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ymamlar1siziň üçin namaz okarlar. Olar isabet etseler2, hem size, hem olara namaz sogaby bar. Eger ýalňyşyp, isabet etmeseler3, siziň üçin sogap, olar üçin azap bar»diýdi»4.

 

1Beýle diýmek bilen,umuman,namaz okadýan adamlar hakda gürrüň edilişi ýaly, oňa wäliler, emirler manysynda hem düşünmek bolýar. Sebäbi namazokatmak aslynda şolaryň wezipesidir. Şonuňýaly-da,Darakutnynyň «Sünen» atly kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen: «Mendensoňra bir topar wäliler siziň işleriňizi özlerine wezipe edip alarlar. Işde hukuga laýyk bir derejede olaryň sözlerini diňläň we olara boýun egiň. Yzlarynda durup hem namaz okaň. Eger olar gowy hereket etseler, bu olaryň özleri üçindir. Ýok, ýaramaz hereket etselerhem ýene özlerinedir»diýen hadysy-şerifdenhem görnüşi ýaly, ymamlar hakynda gürrüň edilende haliflar, soltanlar, wäliler, emirler göz öňünde tutulandygyny çaklamak bolýar.

2«Isabet» sözi,iň bir ygtybarly gürrüňe görä, namazy kemçiliksiz okamagy aňladýar.Käbirleri beýle diýmegiň namazy wagtynda okamagy aňladýandygyny aýdýarlar. Ümeýýe tiresinden bolan halifler we wäliler namazlary okalmaly wagtlaryndan has gijikdirip okardylar. Bu gelşiksiz ýagdaý Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan mugjyza hökmünde öňünden habar berlip, şeýle ýagdaý ýüze çykanda nähili hereket etmelidigi öwredilipdir.

            Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Ebu Hüreýre bilen Kabysa ibn Wakgasyň (Allahü tagalaolardan razy bolsun!) adyndan beýan edilen: «Menden soňra birtopar emir üstüňizden garar. Olar namazy wagtyndan soňa goýarlar. Munuň günäsi olaryň özlerinedir. Olar kybla bakyp namaz okaýanbolsalar, yzlarynda durup namaz okaň»diýen hadysy-şerif, şonuň ýaly-da,Nesaýynyň we Ibn Majäniň kitaplarynda Abdullah ibn Mesgudyň (r.a.) adyndanbeýan edilen: «Birtopar wälä duşarsyňyz. Olar namazy wagtyny geçirip okarlar. Şolara duşan döwrüňizde,namazlary size belli bolan wagtlarynda öýleriňizde okanyňyzdan soň, olara uýup okan namazyňyzy nepil namazy hasaplaň»diýen hadysy-şerif hem şu ýagdaýdan söz açýar.

3Bu ýerde gürrüňi edilýän hata bilmezden edilen hata däldir. Çünki,bilkatslaýyn edilmedik nogsanyň günäsi ýokdur. Bu ýerde namazy dogry okaman edilýän hatanyň gürrüňi edilýär. Şonuň üçin: «Isabet etmeseler» diýen söz düzümi: «Namazy kemter ýa-da gijikdirip okasalar, ýa bolmasa-da, esaslara, şerigata we sünnete görä kämil bolmadyk derejede namaz okatsalar» diýmegi aňladýar. Käbir alymlar: «Isabet etmeseler, siziň üçin sogap bar»diýlip terjime edilen sözlere: «Hata etseler, siz öýleriňizde wagtynda namaz okap bilersiňiz»diýen manyny beripdirler. Ilkinji musulmanlaryň köpüsi şeýle hem ederdiler.Mysal üçin, Hajjajyň Arafada okalýan namazy gijikdirjekdigini bilenindensoňraIbn Omar (r.a.) öz çadyrynda namaz okap, wakfa başlapdyr we şol sebäpli Hajjaç tarapyndan tussag edilipdir. At-abraýly tabygynlaryň biri bolan Ebu Wail hem Hajjajyň juma namazyny wagtyndan soňa goýmagy sebäpli,adamlara öýlerinde namaz okap, soňra Hajjajyň yzynda durup, nepil namazynyokamaklaryny maslahat beripdir. Mesruk hem Zyýadyň zamanasynda edil şonuň ýaly edipdir. Welidiň döwründe Ata, Mekhuwl, Sagyt ibn Jübeýr ýaly alymlar hem namazlaryny öýlerinde okap, soňra Welit bilen birlikde-de namaz okapdyrlar.

4Şu hadysy-şerif ymamyň ýalňyşmagy sebäpli oňa uýana zyýan gelmejekdigine delil hökmünde ulanylypdyr. Ymamyň käbir zatlarda hata goýbermegi oňa uýup, ýalňyşsyz namaz okaýanyň namazynyň dogrulygyny puja çykarmaz. Meselem, ymam jübütleşip, ýuwunmagy ýadyndan çykaran bolsa ýa-da onda göze görünmeýän bir hapa bar bolsa, oňa uýan adam namazyny gaýtadan okamaz. Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä bolsa, ymam hem, oňauýanadamhemnamazyny gaýtadan okar. Mälige, Şapyga we Ahmet ibn Hanbala görä, ymama uýan kişi diňe uýmak babatda oňa tabyndyr. Ýagny,diňe onuň eden hereketleri ýaly hereket etmäge borçludyr. Onuň ymamyň namazyny dogry ýa-da ýalňyş okamagy bilen baglanyşygy ýokdur. Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä bolsa, ymama uýan kişi namazy dogry we ýalňyş okamak babatynda-da oňa tabyndyr. Delilleri-de Sehl ibn Sagdyň (r.a.) adyndanbeýan edilen: «Ymam zamindir (kepildir). Ymama uýanyň namazy onuň namazynyň içindedir. Eger ymam namazy gowy okasa, sogaby hem özüne, hem-deoňa uýanlaradyr. Eger ol namazy ýaramaz okasa, azabyny özi çeker, oňa uýanlar çekmez»diýen hadysdyr. Ymamyň namazda okaýan aýatlarynyň oňa uýanyň okamaly aýatlarynyň ýerini tutmagy, parz namaz okaýanyň nepil namaz okaýana uýmagynyň dogry däldigi ýalyjedellimeseleleriň hemmesi şundan gelip çykýar.

            Şu hadysdan zalym ymamlara uýupnamaz okamagyň mümkindigini aňlamak bolýar. Eýsem, pitneçi adam bilen yslam dinine ýaňy gireniň yzynda durup, namaz okamak hem şeýlemikä?

            Özi pitneçi bolan ymam hakynda Hasan Basrynyň: «Sen onuň yzynda namaz oka, bidgatynyň günäsi-de onuň öz boýnunadyr» diýendigini Buhary beýan edipdir. Söweş güni gabawa düşen Osman ibn Affanyň (r.a.) ýanyna Ubaýdylla ibn Adyý gelip: «Sen tutuş halkyň ymamysyň.Başyňa gelenini-de görüp durus. Bize bir pitneçi ymam namaz okadýar. Biz şondan gaça durýarys. Muňa näme diýersiň?» diýipdir. Hezreti Osman oňa: «Namaz adamlaryň edip biljek iň gowy işidir. Halk gowy bir iş etse, senhem şol işe goşul. Eger halk erbet iş etse, onda şol işe goşulmakdan ägä bol» diýip jogap beripdir. Namaz okamaga ýaňy başlanyň yzynda durup namaz okamak hem jedelli meseledir. Bu babatda dört mezhebe uýýanlaryň pikirleri biri-birleriniňkiden tapawutlanýar.