413 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okanda iftitah (başlangyç) tekbirini alşy, rukuwa gidişi we sejde edişi. Iftitah tekbiri barada alymlaryň aýdany. Rukuwa gideňde we rukuwdan dikeleňde iki eliňi galdyrmak barada alymlaryň jedeli

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 413 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okanda iftitah (başlangyç) tekbirini alşy, rukuwa gidişi we sejde edişi. Iftitah tekbiri barada alymlaryň aýdany. Rukuwa gideňde we rukuwdan dikeleňde iki eliňi galdyrmak barada alymlaryň jedeli

     عَنْ عَبْدِ الله بْنِ عُمَرَ رَضِي الله عَنْهُمَا: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: كانَ يَرْفَعُ يَدَيْهِ حَذْوَ مِنْكِبَيْهِ ، إذَا افْتَتَحَ الصَّلاَةَ ، وَإذَا كَبَّرَ لِلرُّكُوعِ ، وَإذَا رَفَعَ رَأْسَهُ مِنَ الرُّكُوعِ رَفَعَهُمَا كَذلِكَ أيْضًا ، وَقالَ: ( سَمِعَ الله لِمَنْ حَمِدَهُ ، رَبَّنَا وَلَكَ الحَمْدُ ) . وَكَانَ لا يَفْعَلُ ذلِكَ في السُّجُودِ.

 

       Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namaza başlanwagtymübärek ellerini eginleriniň deňine çenli galdyryp, tekbir alardy1. Rukuwa gitmek üçin tekbir alanda we rukuwdan mübärek başyny galdyranda,ýene ellerini şonuň ýaly ýokary galdyryp2: «Semiallahu limen hamideh. Rabbena we lekel hamd» diýerdi3. Sejdä gidende bolsa,ol beýle etmezdi»4.

 

1Iftitah (başlangyç) ýa-da yhram tekbiri, Ebu Hanife görä, namazyň şertidir. Şapygydan gelip ýeten bir söze görä-de şeýledir. Bu tekbir alynmadyk ýagdaýynda namaz dogry bolmasa-da, ol namazyň içindäki bir rukun däldir. Hanefi mezhebinden beýleki üç mezhebiň alymlaryna görä, ol namazyň bir rukunydyr. Diýmek, şert hasap edilse-de, rukun hasap edilse-de,bu tekbir dört mezhebe görä-de parzdyr. Ol ýalňyşylyp ýa-da bilgeşleýin terk edilse, namaz kabul bolmaz. Rabyga Reý, Sufýan Söwri,Yshak ibn Rahuýa we Ebu Söwri ýaly alymlaryň düşünjeleri şeýledir. Şerigatçy alymlaryň esasy köplüginiň pikiri-de şu düşünjäniň daşynda aýlanýar. Bir rowaýata görä, Ibn Şyhap Zühri tekbir alynmazdan,diňe niýet bilen namazyň kabul boljakdygyny aýdypdyr. Onuň pikirine görä:«Allahu ekber» diýmek sünnetdir. Ol: «Amallar niýetlere görädir» diýen hadysy delil tutunypdyr. Zühriniň pikiriniň garşysyna çykyp, tekbirleriň hemmesiniň wajypdygy bilen ylalaşanlarhem bar. Şerigatçy alymlaryň esasy köplügi diňe iftitah (başlangyç) tekbiri wajyp hasaplap, beýleki tekbirleriň wajypdygy bilen ylalaşmaýarlar. Ymam Mäligiň ady bilen baglanyşdyrylýan meşhur bolan bir söze görä, tekbir ymamawe özbaşyna namaz okaýan adam üçin wajyp, ymama uýup namaz okaýan üçinhem sünnetdir.

            «Sübhanallah»ýa-da«Lä ilähe illallah» diýmek tekbiriň ornuny tutup bilermi? Namaza başlamak üçin «Allahü Ekber» söz düzümi kabul edilendir. Çünki,Allahyň Resuly (s.a.w.) mydama bu beýik söz düzümi bilen iftitah tekbirini alardy. Mäliki, şapygy we hanbalymezhepleriniň alymlarynyň umumy pikiri şeýledir. Olaryň pikirine görä, onuň ýerine: «Allahül-Kebir» ýa-da: «Er-Rahmanü Ekber» ýaly sözler bilen başlangyçtekbir alynmaz. Hanefi mezhebiniň alymlarynyň Ebu Ýusupdan beýlekileri Allaha tagzym etmegi aňladýan islendik söz bilen başlangyç tekbirini almaga rugsat berilýändigini aýdýarlar. Olar «Isra» süresiniň 110-njy aýatyndaky: ادْعُوا اللَّهَ أَوِ ادْعُوا الرَّحْمَنَ أَيًّا مَا تَدْعُوا فَلَهُ الْأَسْمَاءُ الْحُسْنَىقُلِ= „Kulidgullahe ewidgurrahmäne. Eýýen mä tedguw fe-lehül-esmääää-ül-hüsnä” (golaý manysy: «Isle Allah diýiň, isle Rahman diýiň. Haýsyny diýseňizhem bolar. Çünki, iň gözel atlar Oňa mahsusdyr»); «Agraf» süresiniň 180-nji aýatyndaky: وَلِلَّهِ الْأَسْمَاءُ الْحُسْنَى= „We lillähil-esmääää-ül-hüsnä” (golaýmanysy:«Iň gözel atlar Allahyňkydyr») diýen mukaddes sözleri delil tutunýarlar.

            Başlangyç tekbiri alýan wagtyňelleriňi näçeräk galdyrmaly? Yslam alymlarynyň esasy köplügi şu ýerdäki we şuňa meňzeş hadyslara daýanybrak, ellerini eginleriniň deňine çenli galdyrýarlar. Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa Müslimiň Mälik ibn Huwaýrysyň (r.a.) adyndan beýan eden: «Allahyň Resuly (s.a.w.) tekbir alan wagty mübärek ellerini gulaklarynyň deňine, bir rowaýata görä, ýokary gyrasyna çenli galdyrardy» hadysy bilen amal edýärler. Ymam Şapygy iki görnüşi-de jem etmek üçin,barmaklaryň uçlary gulaklaryň ýokarsyna, başam barmaklar gulaklaryň ýumşak etiniň gabadyna bararýaly edip, elleriňi eginleriň deňine eltmegi saýlap alypdyr. Ellerini kellelerinden hemýokary galdyranlar, döşüne çenli galdyranlarhem bolupdyr.

2Rukuwa baraňda we rukuwdan galkaňda iki eliňi ýokary galdyrmak baradaky mesele uly jedele sebäp bolupdyr. Şapygy, Ahmet ibn Hanbal, Yshak ibn Rahuýa, Ebu Söwr, Ibn Jerir Tabary, bir rowaýata görä, Mälik munuň sünnetdigi bilen ylalaşypdyrlar. Hasan Basry, Ibn Sirin, Ata ibn Ebu Rebah,Tawus, Müjähit, Nafy, Kasym ibn Muhammet ibn Ebu Bekr, Salym ibn Abdullah ibnOmar, Katada, Mekhuwl, Sagyt ibn Jübeýr, Abdullah ibn Mäbärek, SufýanibnUýeýnehemşu pikirde bolupdyrlar. Tirmizi Ibn Omardan başga-da Jabyribn Abdylla, Ebu Hüreýre, Enes, Ibn Apbas, Abdullah ibn Zübeýr we beýleki sahabalaryň(Allahü tagala olardan razy bolsun!) pikiriniňhem şonuň ýaly bolandygyny aýtmak bilen birlikde,iki eliňi ýokary galdyrmak bilen baglanyşykly hadysy gürrüň beren onbäş sahabanyň atlaryny sanap geçýär. Has soňky döwre degişli alymlar jikme-jik barlaglardan soň, bu hadysy gürrüň beren sahabalaryň sanyny on dokuza, ýigrimä, otuza, hatda ellä-de ýetiripdirler. Bu rowaýatçylaryň sanawyna Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan dirikäler jennetidikleri buşlanan sahabalaryň hemmesi-de girýär. Bu hadysyň şeýle köp sanlydygyna bakan Ewzaýy we Dawut Zahyry rukuwa gideňde hem-de rukuwdan galkaňda,iki eliňi ýokary galdyrmagyň wajypdygy bilenhem ylalaşypdyrlar.

            Hanefi mezhebiniň alymlary bilenSufýanSöwri bolsa iftitah (başlangyç) tekbirinden başgasynda iki eliňi ýokary galdyrmak bilen ylalaşmaýarlar. Ybraýym Nahaýy, Ibn Ebu Leýla, Alkama ibn Kaýs, Eswet ibn Ýezit, Amir Şagby, Ebu Yshak, Sübeý Haýsamaibn Abdyrahman, Weki, Asym ibn Küleýphem şu pikirdedir.

            Namazda iki eliňi ýokary galdyrmak arassa ybadatdyr. Onuň töwhidiykrar etmegi, şonuň ýaly-da,bu dünýäni terk etmegi, guly bilen Ýaradanyň arasyndaky perdäni ýokary götermegi aňladýandygyny aýdýanlarhem bar. Ymam Şapygy: «Ol Allaha tagzym we Allahyň Resulynyň sünnetine tabyn bolmakdyr» diýse, Ibn Omar (r.a.) hem: «Iki eliňi ýokary galdyrmak namazyň zynatlaryndandyr. Elleriň her gezek ýokary galdyrylmagynda on,ýagny, her barmak üçin bir gözellik bar» diýipdir.

3«Semiallahü limen hamideh» rukuwdan galkylanda, «Rabbenä we lekel hamd» bolsa, sejdä gitmezden öňürti dikelip, aýakda durlanda aýdylýan zikirdir. Alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä, ikisini-de aýtmak ymam üçinhem, oňa uýan üçinhem sünnetdir. Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa 398-nji hadysda: «Semiallahü limen hamideh» diýen wagty:«Rabbenä lekel hamd» diýiň»diýlendigine esaslanyp, birinjisini aýtmagyňymamyň, ikinjisini aýtmagyňbolsa oňa uýanyň wezipesidigini aýdýarlar.

4Bu hadysy-şerifden (has dogrusy Nesaýynyň öz kitabynda Mälik ibn Huwaýrysyň (r.a.) adyndan beýan eden hadysyndan) sejdä gideňde we sejdeden başyňy galdyraňda,el galdyrylmajagy aňlanylýar. Şonuň ýaly-da,Buhary Zebidiniň bu kitaba girizmedik bir hadysynda Ibn Omaryň (r.a.), ikinji rekagatdan soňraaýaga galkanda, ellerini ýokary galdyrandygyny we muny Allahyň Resulynyň (s.a.w.) göreldesine eýeripşeýle edendigini aýdandygyny beýan edýär. Buharynyň pikirine görä, bu hadys ygtybarly bolup, Ebu Dawudyň «Sünen», Ibn Hybban bilen Ibn Hüzeýmäniň «Sahyh» atly kitaplaryndaky köp sanlyrowaýatlarhem şonytassyklaýarmyş. Buhary özkitabynyň«Iki eliňi ýokary galdyrmak» atly babynda bu hadysy ona çenli sahabanyň adyndan beýan edýär. Şapygy mezhebiniň şerigatçy alymlaryndan Muhammet ibn Hüzeýme: «Muny, ýagny, teşehhütden («Ettehiýýätü» dogasyny okanyňdan) soňraiki eliňi ýokary galdyrmagy Şapygy sünnet hasap etmedik hem bolsa, bu hadysyň rawylar zynjyrynyň ygtybarlydygy üçin, onuň: «Sünneti alyň-da, meniň sözümi taşlaň» diýmegini göz öňünde tutup, onuň sünnetdigi barada netije çykaryp bolar» diýýär. Ibn Münziriň, Beýhakynyň, Bagawynyň we käbir beýleki hadysçylaryňhem pikiri Buharyňky bilen gabat gelýär.