445 Kunut dogasy hakda. Kunut dogasynyň namazdaky orny

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 445 Kunut dogasy hakda. Kunut dogasynyň namazdaky orny

     عَن أبي هريرة  رَضِيَ الله عَنْهُ قالَ: لأُقَرِّبَنَّ صَلاَةَ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، فَكَانَ أبُو هُرَيْرَةَ يَقْنُتُ فى الرَّكْعَةِ الأُخْرَى مِنْ صَلاَةِ الظُّهْرِ ، وَصَلاَةِ الْعِشَاءِ ، وَصَلاَةِ الصُّبْحِ بَعْدَما يَقُولُ: سَمِعَ الله لِمَنْ حَمِدَهُ ، فَيَدْعُو لِلْمُؤْمِنِينَ وَيَلْعَنُ الْكُفَّارَ.

 

       Bir ygtybarly hadysda şeýle diýilýär: «Ebu Hüreýre (r.a.): «Size Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyna ýakyn bolan namazyokatjak» diýipbirnamaz okatdy.

         Ebu Hüreýre (r.a.) öýle, ýassy we ertir namazlarynyň soňky rekagatlarynda: «Semiallahülimen hamideh» diýeninden soň, adatça, kunut okap, bu kunutynda möminlere doga we kapyrlara lagnat ederdi»1.

 

[1]Tekstde agzalýan üç wagtda kunut okamagy şerigata laýykhasaplanlar şu hadysy-şeribi delil tutunýarlar. Ebu Dawut Zahyrynyň yzyna eýerýän alymlar hemme namazlarda kunut okamagyň gowy bir amaldygyny aýdypdyrlar. Ibn Sirine, Ibn Ebu Leýla, Mäligewe Şapyga görä, kunut diňe ertir namazynyň ikinji rekagatynda okalmalydyr. Ibn Münzir ertir namazynda kunut okalýandygyny Ebu Bekriň, Omaryň, Osmanyň we bir rowaýata görä, Alynyň (Allah olardan razy bolsun!) adyndan beýan edýär.

            Ahmet ibn Hanbal bilen Yshak ibn Rahuýa görä-de, kunutyň okalmaly wagty ertir namazy bolsa-da, beýle etmek diňe musulmanlaryň başyna möhüm bir iş düşen wagtlara mahsusdyr. Şeýle bir ýagdaý ýüze çykanda, ymamlar musulman esgerler üçin ertir namazynda doga ederler. Ýöne, Ahmet ibn Hanbala görä, ymam şu dogany özi isleseokar. Yshak bolsa muny sünnet hasaplapdyr. Sufýan Söwri: «Ertir namazynda kunut okalsa-da gowudyr, okalmasa-da» diýmek bilen, özi ony okamandyr.

            Ebu Hanife görä, ertir namazynda kunut dogasy okalmaz. Kunut witir namazyna mahsusdyr. Abdullah ibn Mübärek hem ertir namazynda kunut dogasyny okamagy ýerlikli hasaplamadyklaryň biridir.

            Kunutyň namazyň haýsy ýerinde okalmalydygybabatda aýdylanda bolsa, ol Şapyga görä, rukuwdan soňraokalmaly. Mälige, Ibn Ebu Leýla, bir rowaýatda Ahmet ibn Hanbala görä bolsa, rukuwdan öň okalmalydyr.

            Ebu Hanifä görä, kunut dogasy witir namazyna mahsus bolmak bilen birlikde, rukuwdanhem öň okalmaly. Ibn Münzir şu pikiri Omaryň, Alynyň, Mesgudyň, Ebu Musa Eşgarynyň, Bera ibn Azybyň, Abdullah ibn Omaryň, Abdullah ibn Apbasyň, Enesiň (Allah olardanrazy bolsun!) we Omar ibn Abdyleziziň, UbaýdaSelmanynyň, HumeýtTawylyň, Abdullah ibn Mübäregiň adyndan beýan edýär. Şonuň ýaly-da,ol kunut dogasyny rukuwdan soňa goýmalydygy barada Enesiň (r.a.) we Eýýup Sahtyýanynyň, Ahmet ibn Hanbalyň pikirlerini hem beýan edýär (446, 449, 530-njy hadyslara-da seret).

            Şu ýerdäki rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle, ýassy we ertir namazlarynda, mundan soňky geljek hadysdaertir we agşam namazlarynda, Abdullah Mesgudyň (r.a.) adyndan beýan edilýän bir hadysda-da uruş wagtlary namazlaryň hemmesinde kunut dogasyny okandygy barada gürrüň berilýär. Onuň witir namazynda kunut dogasyny okandygy barada-da rowaýat bar. Ýöne, ýokardaky mysallarda parz namazlarynda okalýan kunut dogasy barada aýdylýar. Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, parz namazlarynda kunut dogasy belli bir wagt aralygynda okalyp, şondan soňra terk edilipdir. Şapygy mezhebiniň alymlary we olaryň pikirini goldaýanlar Enesiň (r.a.) gürrüň beren hadysynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dünýäden ötýänçä,ertir namazynda kunut dogasyny terk etmändigi barada aýdylandygyna esaslanyp, şu doganyň ertir namazyndan beýleki namazlarda terk edilendigi bilen ylalaşýarlar. Ýöne, beýleki tarap şu hadysy ygtybarly hasaplamaýar. Yzda geljek 530-njy we 531-nji hadyslar hem şapygy mezhebiniň alymlarynyň kunut dogasyny rukuwdan soňraokamalydygy barada aýdýanlaryna delildir. Tahawynyň parz namazlarynda kunutyň terk edilendigi barada getirýän delilleri,gysgaça,şu yzdakylardan ybaratdyr. Abdullah ibn Mesgut, Abdullah ibn Omar, Abdyrahman ibn EbuBekr (Allah olardan razy bolsun!)dagybirnäçe wagtlap käbir kowumlar we adamlar barada namazda doga edip gezenlerinden soň, kunutyň terk edilendigini habar bermek bilen birlikde,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanyndan soňrakunut dogasyny okamandyklaryny aýdýarlar. Abdullah ibn Omar bilen Abdyrahman ibn Ebu Bekr (Allah olardan razy bolsun!) kunut dogasyny okamagyň düýbünden ýatyrylandygy bilen ylalaşmaýarlar. Ibn Omar bolsa parz namazynda kunut dogasyny okamagy ret ederdi. Şeýlelik bilen, parz namazlarynda kunut dogasyny okamagyň ýatyrylandygyna we witir namazynda kunut dogasynyň okalandygyna degişli rowaýaty delil tutunýan yrakly fykyhçy alymlaryň mezhebini şu garaýyş hasyl edýär. Yzdaky hadyslarda şu meselä degişli dürli pikirlerhem bar.