378 Jemagat bilen okalan namazyň sogabynyň ýeke bolup okalan namazyň sogabyndan ýigrimi ýedi esse köpdügi hakda.

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 378 Jemagat bilen okalan namazyň sogabynyň ýeke bolup okalan namazyň sogabyndan ýigrimi ýedi esse köpdügi hakda.

Näçe adam jemagaty hasyl edip bilýär? Bir metjitde şol bir namaz wagtynyň içinde jemagat bilen birden artyk namaz okamaga rugsat berilýändigi ýa-da berilmeýändigi hakda alymlaryň pikirleri

 

     عَنِ عَبْدِ اللهِ ابْنِ عُمَرَ رَضِي الله عَنْهُمَا: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ:(صَلاَةُ الجَمَاعَةِ تَفْضُلُ صَلاَةَ الْفَذِّ بِسَبْعٍ وَعِشْرِينَ دَرَجَةً ).

 

         Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Jemagat bilen okalan namaz ýalňyz okalan namazdan ýigrimi ýedi esse sogaplydyr» diýdi»1.

 

1297-nji we mundan soňky hadyslara-da seret. Bu ýerde jemagat sözüniň manysy düşündirilmändir. Ýöne: «Iki kişi-de, ikiden artygy-da jemagatdyr» diýen hadysa esaslanyp, bile namaz okan iki adama, ýagny, ymam bilen oňa uýan bir adama-da jemagat ady berlip bilner. Jemagat bilen namaz okamagyň ýigrimi bäş, ýigrimi ýedi ýa-da elli esse sogaplydygy hakynda dürli-dürli pikirler bar bolsa-da, ony kesgitlemegi Allahü tagala degişli etmek has gowudyr.

            Jemagat näçe köpsanly boldugyça, şoňa görä, sogabyň-da köp boljagyna degişli yşarathem bar. Mysal üçin: «Bir adamyň başga biri bilen bilelikde okan namazy ýeke özüniň okan namazyndan has bereketli we päkize bolýar. Onuň iki kişi bilen bilelikde okan namazy-da bir kişi bilen bilelikde okan namazyndan has bereketli we päkize bolýar. Bile namaz okanlaryň sany näçe köp bolsa, Allahü tagalanyň ýanynda şonça-da arzylydyr»diýen hadys-da şol yşaratlardan biridir.

            Buhary, bu hadysa düşündiriş hökmünde, irki tabygynlardan Ewset ibn ÝezitNahaýynyň jemagat bilen namaz okamaga gijä galyp, başga bir metjide gidip, jemagat sogabyny almaga çalşandygyny, Enesiň-de (r.a.) metjitleriň birine namaz okalyp bolnandan soňrabaryp, azan aýdyp, namazyny-da ýanyndaky (rowaýatlara görä) ýigrimi sany ýetginjek bilen jemagat bolup okandygyny beýan edýär. Beýle etmek bilen ol metjitde jemagat namazy okalanyndan soňraýene bir gezek şol bir ýerde jemagat bolup namaz okamagyň (ýagny, soň jemagatyň) bolýandygy ýa-da bolmaýandygybaradakyjedellere jogap berip, özüniň şeýle etmek bolýandygy hakyndaky pikiriň tarapdarydygyny aňlatmak isleýär. Ibn Mesgudyň (r.a.),Atanyň,bir söze görä, Hasan Basrynyň, Ahmet ibn Hanbalyň, Yshak ibn Rahuýanyň, mäliki mezhebinden Eşhebiň ýörelgeleri hem şol pikire daýanypdyr. Olaryň delilleri-de şu ýerdäki hadysdyr.

            Metjitde bir gezek namaz okalanyndan soň, şol ýerde soňra ýene bir gezek jemagat bolup wagt namazyny okapbolmajakdygyny aýdýan toparhem bar. Salym ibn Abdullah ibn Omar, Kasym ibn Muhammet ibn Ebu Bekr Syddyk, Ebu Kylabaşol topara degişlidir. Tabygynlardan Mälik, Leýs ibnSagt, Abdullah ibnMübärek, SufýanSöwri, Ewzaýy, Ebu Hanife, Şapygy-da şu pikir bilen ylalaşýarlar. Olaryň bu ýörelgä eýermeklerine-de musulmanlaryň arasyna bölünişik düşmek gorkusy sebäp bolupdyr. Olar beýle etmäge rugsat berlen ýagdaýynda,yslam dininiň umumy düzgünlerine uýmaýanlaryň (ähli-bidgat) jemagat bolup namaz okamaga garşy çykyp, şol sebäpli olaryň namazy özbaşdak okabermeklerinden çekinipdirler. Kufeli şerigat alymlary we bir rowaýata görä, Mälik jemagat bilen namaz okamakdan gijä galan adamlaryň ýeke bolup ýa-da jemagat bolup namaz okamak islän ýagdaýlarynda,başga metjide gitmelidiklerini aýdypdyrlar. Ýöne, Mälik bu düzgüniMetjidi-Haram bilen Allahyň Resulynyň metjidinden(s.a.w.) beýleki metjitlere degişli edýär. Sebäbi bu metjitlerde namaz okamagyň sogaby başga metjitlerde jemagat bolup namaz okamagyň sogabyndan uludyr. Hasan Basry:«Muhajirleriň jemagat bolup namaz okamak üçin metjit gözlänlerini görmedik» diýipdir. Ymam Mälik hem: «Jemagat bilen namaz okan adam, Metjidi-Mekge bilen Metjidi-Medinede bolaýmasa, namazyny ýene bir gezek jemagat bilen okamaz» diýipdir.