463 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazynyň ahyrynda eginlerine salam bereninden soň, ýerinden turman biraz garaşmagy

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 463 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazynyň ahyrynda eginlerine salam bereninden soň, ýerinden turman biraz garaşmagy

     عَنْ أُمِّ سَلَمَةَ رَضِيَ الله عَنْهَا قالَتْ: كانَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ إذَا سَلَّمَ، قامَ النِّسَاءُ حِينَ يقْضِي تَسْلِيمَهُ ، وَمَكَثَ يسِيرًا قَبْلَ أَنْ يقُومَ.

 

       Musulmanlaryň enesi Ümmi Seleme (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namazda salam berip, salamyny tamamlan badyna,zenanlar derrew aýak üstüne galardylar. Allahyň Resuly-da (s.a.w.) aýak üstüne galmazdan öňürti azajyk garaşyp oturardy»1.

 

1Buharynyň kitabynda rawylardan Ibn Şyhap Zühriniň: «Zenanlaryň, namazyny tamamlan jemagat bilen ýüzbe-ýüz bolmazdan,metjitden çykyp gitmegine mümkinçilik döretmek üçin Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şunuň ýaly edip garaşyp oturandygyny çak edýärin (dogrusyny Allah biler)» diýen sözleri ýerleşdirilipdir. Hatda Buharynyň kitabynda musulmanlaryň enesi Ümmi Selemäniň (r.a.) adyndan beýan edilen başga bir rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) mihraby terk etmezden öňürti,zenanlar metjitden çykyp, öýlerine girmäge-de ýetişer ekenler. Bu hadysyň Nesaýynyň kitabyndaky nusgasynda bolsa bu barada has jikme-jik aýdylýar. Onda: «Zenanlar eginlerine salam beren batlaryna derrew aýaga galkardylar. Allahyň Resuly (s.a.w.) näçe wagtlap ýerinde otursa, onuň bilen namaz okan erkeklerhemşonça wagtlap oturanýerlerindenturmazdylar. Allahyň Resuly (s.a.w.) ýerinden turanyndan soň, olarhem aýak üstüne galardylar» diýilýär. Bu sözlerden erkekleriň ymam ýerinden turýança garaşmaklarynyň sünnetdigi aňlanylýar.

            Namazdan çykmak üçin egniňe salam bermegiň parzdygy ýa-da sünnetdigi hakdaky mesele barada dürli pikirler bar. Mäligiň, Şapygynyň we Ahmet ibn Hanbalyň, şonuň ýaly-da,olara eýerýänleriň pikirine görä, salam rukundyr,ýagny namazyň bir bölegidir. Namaz şonuň bilen tamam bolar. Salam bermän, namazdan çykmak dürs däldir. Ebu Hanifä görä, bir rowaýatdawajyp, beýleki bir rowaýatdabolsasünnetdir. Iki ymama görä, namazyň soňunda egniňe salam bermek sünnetdir. Olaryň pikirine görä, namaz okaýan kişi soňky oturyşdan soňranamazdan eginlerine salam bermän çyksa ýa-da ahyrky oturyşy berjaý edeninden soňratäreti bozulsa, namazy doly okadygy hasap edilýär.

            Bu hadysy-şerif namazdan çykjak bolanda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mydama eginlerine salam berendigini habar berip, üç mezhepbaşynyň bu mesele barada gelen netijelerine delil bolup hyzmat edipdir. Olaryň daýanýan has aýdyň delilleriniň biri-de Ebu Dawudyň öz kitabynda Aly ibn Ebutalybyň (r.a.) adyndan beýan eden: «Namazyň açary täretdir. Tahrimi, ýagny başga zatlary haram eden zady iftitah (başlangyç) tekbiridir. Tahlili, ýagny namazyň hereketlerinden beýleki hereketleri halal eden zat hemsalamdyr»hadysy-şeribidir. Bu hadysy Tirmizi bilen Ibn Maje-de öz kitaplarynda ýerleşdiripdirler. Hakim hem özüniň «Müstedrek» atly kitabynda bu hadysa orun beripdir. Tirmizi bu hadysdan söz açyp: «Bu babatda iň ygtybarly we iň gowy edilip gürrüň berlen şu hadysdyr» diýipdir.

            Hanefi mezhebiniň alymlarynyň delili bolsa Abdullah ibn Amr ibn Asyň (r.a.) adyndan beýan edilen: «Namaz okaýan kişi namazynyň ahyrynda başyny sejdeden galdyryp, «Ettehiýýä» dogasyny okanyndan soňratäreti bozulsa, namazy tamam bolanhasapdyr. Ony gaýtadan okamaz»hadysy-şerifdir.Şonuň ýaly-da,Abdullah ibn Mesgut (r.a.) (Tahawynyň kitabyndaky rowaýata görä) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öz elinden tutup, «Ettehiýýätü» dogasyny okamagy öwredendigini habar bereninden soň (459-njy hadys), onuň: «Ine, muny edeniňden soňra (ýa-da bulary ýerine ýetireniňden soňra)namazyň tamam boldugydyr. Şondan soňra galkmak isleseň, galkarsyň, oturmak isleseň, oturarsyň»diýendigini-de mälim edýär. Abdullah Mesgudyň (r.a.): «Teşehhüt namazyň tamamlanmasydyr, salam bolsa tamam bolanyny habar bermekdir» diýendigini Tahawy habar berýär. Hanefi mezhebiniň alymlary şu delillere esaslanyp, salamyň namazyň esaslaryndan däldigini, diýmek parz däl-de,sünnetdigini aýdýarlar. Ebu Hanifedan, Ebu Ýusupdan we Muhammetden başga Ata ibn Ebu Rebah, Sagyt ibn Müseýýep, Katada, Ibn Jerir Tabary-dasalamyň parz däldigi, onuň terk edilmeginiň namazy bozmajakdygy bilen ylalaşypdyrlar. Olaryň garşydaşlary Tahawynyň beýan eden bu iki rowýatynyňMesgudyň (r.a.) öz sözüdiginiwe başdaky rowaýatdyr hadysa onuň öz düşünişidigini aýdýarlar.

            Bu hadysy-şerifden biz zenanlaryň metjitlere baryp biljekdiklerini we, erkekleregaryşmazdan, namaz tamam bolan badyna metjidi terk edip, öýlerine dolanmalydyklaryny, olar çykýançalar ymamyň namaz okan ýerini terk etmeli däldigini öwrenýäris (209, 217, 235, 242, 338, 398-nji hadyslara-da seret). Jemagatyň içinde zenan maşgala ýok bolsa, ymam üçin mustahap bolan (Şapygynyň «Muhtasar» atly kitabyndaky belli sözüne görä) namazy tamamlan badyna ýerinden galkmakdyr. Gazaly «Ihýa...» atly kitabynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.), Ebu Bekriň we Omaryň (Allah olardan razy bolsun!) şeýle edendiklerini beýan edýär. Ibn Hybban bu rowaýatyňygtybarlydygyny aýdýar. Şapygynyň mustahap hasaplan bu hereketiniň (Newewiniň beýanyna görä) iki sany delili bar: 1) «Ymam salam berdimikä ýa-da bermedimikä?» diýip, yzdakylaryň şübhe etmezlikleri; 2) bir keseki adam şol pursatda metjide girip, ymam namaz okaýandyr öýdüp, oňa uýmazlygy üçin şeýle edilýär. Ýöne 441-nji hadysyň düşündirişinde gysgaça manysy berlen hadysy-şeribe, ýagny Müslimiň kitabynda Bera ibn Azybyň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysy-şeribebakylsa, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) salam beren badyna derrew aýaga galkman,salamdan soňrasejde üçin sarp edilýän wagtyňdowamlylygynda oturandygyny görmek bolýar.

            Ymama uýup namaz okaýan kişi babatda aýdylanda bolsa, bu barada Şapygynyň «El-Ümm» atly kitabynda: «Ymam salam bereninden soň,onuňaýaga galkmagyna garaşmazdan, oňa uýup namaz okan kişiniňýerinden turup gitmeginde zyýan ýokdur. Ýöne onuň beýtmegi ymamdan soňa ýa-da ymamyň ýerinden turjak wagtyna çenli yza çekmegini gowy görýärin» diýlipdir. Tefsirçi Aýny «Zahire» atly kitapdan: «Namazyny tamamlanyndan soň,ymamyňşol duran ýerinde kybla bakyp durmaly däldigi hakynda alymlar bir pikirdedirler. Bu kada namazlaryň hemmesi üçin birmeňzeşdir. Namazdan soň tatawwü, ýagny sünnet namazy ýok bolsa, ymam öz islegine görä, sagyna, çepine, şonuň ýaly-da, namaz okap duran bilen ýüzbe-ýüz bolmak gorkusy ýok bolsa, jemagatagarşy döner. Namazdan soňrasünnet bar bolsa, sünnet okamak üçin ýerinden turar» diýen sözleri mysal getireninden soň: «Bizhem bu höküm bilen ylalaşýarys. Parz namazy okalyp bolnandan soň,sünnetiň yza çekdirilmegi mekruwh bolar. Sünneti okamak üçinhem ymamlyk eden ýerinden ýa öňe, ýa yza, ýa saga, ýa çepe tarap süýşer» diýýär. Soňra ol hanefi mezhebiniň alymlaryndan biri bolan Hulwanynyň sünnetleri parzdan soňrayza çekmek bolmaýandygy hakyndaky sözlerini beýan edeninden soňra: «Yza çekmekligiň keraheti (halanmaýan zatdygy) açyk bildirilendir» diýýär.

            Ertir we ikindi namazlaryndan soňra ymam doga bilen meşgul bolýar. Sebäbi, hanefi mezhebine görä, bu iki wagtyň parzyndan soňrasünnet namazy okalman,namazyňýerine doga edilýär. Salamdan soň ymamyň doga etmegi mustahapdyr. Mäliki mezhebinden bolan bir adamyň «Tawzih» atly kitabynda-da: «Ymam zikr we doga üçin mihrapdan göçüp, jemagata tarap öwrülmek islände, öz islegine görä, halan tarapyna öwrülmäge haky bolsa-da, iň gowusy sag ýanynyjemagata, çep ýanyny-da mihraba, bir söze görä-de tersine,edip oturmagydyr. Ebu Hanifäniň pikiri şeýledir» diýlipdir.

            Bu hadysyň ýene bir peýdaly tarapy-da zenanlaryň duran tarapyny görmezlik üçin,ýere bakmagyň wajypdygyny habar berýänligidir.