433 Iki ýa-da ikiden hem kän süreleriň bir rekagatda birleşdirilip okalyşy. Kurany-Kerimi nähili edip okamalydygy hakda. Namazda kyragat bilen baglanyşykly beýleki rowaýatlar

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 433 Iki ýa-da ikiden hem kän süreleriň bir rekagatda birleşdirilip okalyşy. Kurany-Kerimi nähili edip okamalydygy hakda. Namazda kyragat bilen baglanyşykly beýleki rowaýatlar

     عَنِ ابْنِ مَسْعُودٍ رَضِيَ الله عَنْهُ أنَّهُ جاءَ رَجُلٌ فَقَالَ: قَرَأْتُ الْمُفَصَّلَ اللَّيْلَةَ فِي رَكْعَةٍ ، فَقَالَ: هَذًّا كَهَذِّ الشِّعْرِ ، لَقَدْ عَرَفْتُ النَّظَائِرَ الَّتِي كَانَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَقْرِنُ بَيْنَهُنَّ ، فَذَكَرَ عِشْرِينَ سُورَةً مِنْ الْمُفَصَّلِ ، سُورَتَيْنِ فِي كُلِّ رَكْعَةٍ.

 

       Bir gün (Abdullah)ibn Mesgudyň (r.a.) ýanyna biri1gelip: «Şu gije men tutuş mufassaly2bir rekagatda okadym» diýdi. Ibn Mesgut hem (r.a.) oňa: «Şygyr okan ýaly çalt-çalt okadyňmy?3Wallahi, men Allahyň Resulynyň (s.a.w.) haýsy süreleri biri-birleri bilen birleşdirip okandygyny bilýärin» diýip, her rekagatda iki-ikiden okalan süreler hökmünde mufassaldan ýigrimi sany süräni sanady4.

 

1Bu adamyň ady Nehik ibn Sinän Bejelidir.

2404-nji hadysyň düşündirişleriniň birinde: «Tywal, miun, mesäni, mufassal» sözleriniň manylary aýdyňlaşdyrylypdy. Mufassal, häzirki döwürde neşir edilýän Kurany-Kerimiň tekstlerine görä, segsen, togsan sahypa çenli barýar.

3Şol döwürde şygry çalt-çalt okamak däpdi. Şeýle diýmek bilen Mesgut (r.a.) Kurany-Kerimi howlukman we manysyna düşünip okamagyň gowy boljakdygyny Nehige ýatladýar. Alymlaryň esasy köplügi, Kuranyň manylaryny aňlamaga päsgel berýändigi üçin,namazda has kän aýat okamagy mekruwh hasaplaýarlar. Şonuň ýaly-da,aýatlary çalt-çalt okamak bolýandygy barada-da olaryň pikiri birdir. Kuranyň aýatlaryny manysyna düşünip okamagyň sogaby has uludyr. Şu hadysyň Müslimiň kitabyndaky nusgasynda: «Birtopar kişi Kuran okaýar, ýöne okanlary bogazlaryndan aňryk täsirini ýetirmez», Ahmet ibnHanbalyň kitabyndaky nusgasynda bolsa: «Diňe kalba täsir edip, şol ýerde orun alan wagty peýdasy bolar» diýen goşmaçalar bar.

4Bu süreleriň atlary Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda bar. Şol ýerde bir rekagatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) iki-ikiden birleşdirip okan süreleri aşakdaky tertipde beýan edilipdir: 1) «Rahman» we «Nejm»; 2) «Ikterebet» we «El-Hakka»; 3) «Zäriýät» we «Tur»; 4) «Wäkya» we «Nun»; 5) «Seýele» we «We’n-Näziýat»; 6) «Weýlün li’l-Mutaffifiýn» we «Abese»; 7) «Müddessir» we«Müzzemmil»; 8) «Hel Etä» we «Lä Uksimü»; 9) «Amme Ýetesäýeluwn» we «Mürselät»; 10) «Ize’ş-ŞemsüKüwwiret»we «Duhän». Şu ýerdäki «Duhän»süresi mufassaldan däldir. Şonuň üçinhem rawynyň gürrüňinde bir bulaşyklyk bar. Buharynyň kitabyndaky başga bir rowaýatda-da şu ýagdaý göze ilýär. Şol ýerde: «Biri-de «Ha-Mimlerden»iki süre («Ahkaf», «Jäsiýe», «Duhän», «Zuhruf», «Şuwrä», «Fussilet», «Gafir (Mömin)»sürelerinden iki süre)»diýen sözler bar.

            Şu hadysdan iki ýa-da has köp süräni bir rekagatda birleşdirip okamakda zyýan ýokdugy baradaky höküm çykarylypdyr. Hadysda iki süräniň birleşdirilip okalmagyna rugsat berilýändigi açyk aňladylypdyr. Şonça mukadardaky aýatlary okamaga rugsat berilýän bolsa, şondan köp okamaga hem rugsat beriljekdigine şübhe ýok. Hususanhem,bu mesele barada sorap ýüz tutan Abdullah ibn Şakik diýen birine Äşäniň (r.a.) beren jogaby şeýle çaklamaga mümkinçilik berýär. Şonda Äşe enemiz(r.a.): «Hawa, ol mufassalyň ikiden köp süresinibirleşdirerdi»diýip, Allahyň Resulyndan (s.a.w.) söz açypdyr. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) tehejjütnamazynda «Bakara»süresi bilen tywaldan ýene bir süräni bir rekagatda birleşdirip okandygy baradaky rowaýathemÄşe enemiziň: «Mufassaldan»diýipberýäntakyklamasyna ters gelmeýär. Sebäbi, Allahyň Resuly (s.a.w.) tywala degişli süreleri seýrek ýagdaýda birleşdirip okapdyr. Nesaýy bilen Tahawynyň Huzaýfanyň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatlaryna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) şunuň ýaly seýrek namazlarynyň birinde «Bakara», «Ymran»we «Nisa»sürelerini birleşdirip, ýeke rekagatda okapdyr. Mufassala degişli süreleri birleşdirip okamak bolsa Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adaty eken.Buharynyň kitabynda şu hadysdan başga-da bu meselä degişli ýene alty sany eser bolup, ähmiýetlerini göz öňünde tutup, olary hem ýatlamak isleýäris.

1) Abdullah ibn Saýybyň (r.a.) gürrüň berenrowaýatyna görä, bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) ertir namazynda «Mü’minun»süresini okapdyr. Musa we Harun ýa-da Isa bilen baglanyşykly hekaýatagelende, onuň üsgülewügi tutup, sejdä gidipdir. Şu ýagdaý Mekgäniň boýun egdirilen gününiň ertir namazynda ýüze çykypdyr. Şu hadysda iki mesele göze ilýär. Birinjiden, ertir namazynda kän aýat okamak meselesi. Şeýle ediljek bolunsa, jemagatyň ýagdaýyny hem göz öňünde tutmak gerek. Ikinjiden, bir üzür sebäpli Kuran okamagyň arasyny kesmäge rugsat berilmegi. Beýdilmegine garşy çykýan alym ýok. Bu mekruwhhem däldir. Üzürsiz ýagdaýda süräni tamam etmän, onuň arasyny kesmek ymam Mälige görä mekruwh bolsa-da, alymlaryň esasy köplügine görä, bu-da mekruwh däl. Sebäbi Zeýt ibn Sabydyň (r.a.) adyndan beýan edilen 426-njy hadysdaky rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) agşam namazynda «Agraf»süresini okapdyr. Şonuň ýaly-da,Ebu Bekr Syddygyň (r.a.) ertir namazlarynyň birinde «Bakara»süresini okandygy bellidir. Şu namazlarda başga-da bir süreleriň okalandygynyň aýdylmaýandygy üçin, olaryň bir süräni ikä bölüp, her rekagatda bir bölegini okandyklary hakynda netije çykarmak mümkin. Muny bir üzür sebäpli şeýdendikleri barada-da hiç zat aýdylmaýar. Diýmek, kyragatysüräniň başyndan başlamak hem şert däl. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ertir namazynyň rekagatlarynyň birinde «Bakara»süresiniň 136-njyaýatyny, ikinji rekagatynda bolsa «Äli-Ymran»süresiniň 52-nji aýatyny okandygyny Ibn Apbas (r.a.) gürrüň beripdir. Horasan gazasynda üç ýüze çenli sahaba bir ýere üýşüp, aralarynda biri ymamlyk etmek üçin öňe geçip, bu ymamyň sürelerden birtopar aýatlary okap, rukuwa gidendigini Hasan Basry hezretleri gürrüň beripdir. Darakutny hem Ibn Apbasyň (r.a.) «Fatiha»süresinden soňra«Bakara»süresinden aýratyn bir aýat okap namaz kylandygyny gürrüň beripdir.

2) Rowaýatlaryň birinde: «Omar (r.a.) hem birinji rekagatda «Bakara»süresinden bir ýüz ýigrimi aýat we ikinji rekagatda mesäniden bir süre okapdyr»diýilýär. Mesäni ýüzden az ýa-da ýüze ýakyn aýaty bolan süreleriň her biridir. Ibn Ebu Şeýbäniň öz kitabynda Ebu Rafynyň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatynda: «Omar (r.a.) ertir namazynda «Bakara»süresinden ýüz aýat bilen mesäniden ýa-da mufassalyň baş taraplaryndan bir süre, şonuň ýaly-da «Äli-Ymran»süresinden ýüz aýat bilen soňra mesäniden, ýa-da mufassalyň baş taraplaryndan bir süre okardy»diýlipdir. Rowaýatyňbeýan edilişinden hezreti Omaryň şu süreleriň hemmesini ertir namazlarynyň birinde okandygy barada netije çykarmak mümkin bolşy ýaly, käte bir hili, käte-de başga hili edip namaz okandygyny hem çaklamak bolar. Haýsy bolanda-da,onuň bir namazda bir süre bilen beýleki bir süräni birleşdirip okandygy aýdyň bolýar. «Mufassalyň baş taraplaryndan»diýen söz düzümine-de: «Tywaly-Mufassaldan»diýip düşünmek gerek.

3) Şonuň ýaly-da,Ahnef ibn Kaýs ertir namazynyň birinji rekagatynda «Kehf»süresini, ikinji rekagatda «Ýusup»ýa-da «Ýunus»süresini okap, şeýle şekilde hezreti Omaryň (r.a.) yzynda durup, namaz okandygyny aýdypdyr. Başga bir rowaýatda «Ýunus»ýa-da «Hud»süreleriniň atlary agzalypdyr. Bu ýerde ünsüňi çekýän zat «Kehf»süresiniň beýleki agzalan süreleriň üçüsindenhem gysga hem-de,Kitapdaky tertip boýunça,olardan yzda ýerleşýänligidir. Şeýle bolsa-da,ol birinji rekagatda okalypdyr. Birinji ýagdaý zyýanlykly hasap edilmeýär. Ýöne, birinji rekagaty ikinji rekagatdan uzyn edip okamak has ýörgünlidir. Ikinji ýagdaý barada aýdylanda bolsa, hanefi mezhebiniň fykyhçy alymlarybir rekagatda bir süre okalanyňdan soň, beýleki rekagatda şondan öňde ýerleşýän süräni okamagy mekruwh hasaplapdyrlar. Olar Osmanyň tertibine eýermegi mustahap görmekleri sebäpli,şeýle netijä gelen ýaly bolup görünýärler. Alymlaryň esasy köplüginiň we şolaryň arasynda Ahmet ibn Hanbalyň şu pikirde bolandygy bellidir. Ymam Mälik bolsa beýle etmegi doly zyýansyz hasaplanlaryň biridir. Sebäbi, aýat tertibiniň gutarnyklydygynda şek ýokbolsa-da, süreleriň tertibi Allahyň Resulynyň (s.a.w.) kesgitlän tertibimidir? Ýa-da musulman alymlarynyň kesgitlän tertibimidir? Bu mesele jedellidir. Hususan-da,Abdullah ibn Mesgudyň (r.a.) göçüren Kuranyndaky süreleriň tertibi bilen biziň elimizdäki Kuranyň süreleriniň tertibiniň arasynda käbir tapawutlar bar.

4) Ibn Mesgut (r.a.) hem namaz okanda birinji rekagatda «Enfäl»süresinden kyrk aýat, soňra ikinji rekagatda mufassaldan bir süre okapdyr.

5) Katadadan bir süräni iki rekagata paýlap okamagyň, şonuň ýaly-da,şol bir süräni rekagatlaryň ikisinde-de gaýtalamagyň hökümi barada soranlarynda, ol: «Munuň zyýany ýok, hemmesi-de Allahü tagalanyň kitabydyr»diýip jogap beripdir. Fetwalaryň birinjisini goldaýan köpsanly rowaýat bar. Nesaýynyň Äşäniň (r.a.), Ibn Ebu Şeýbäniň Ebu Eýýup Ensarynyň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatlaryna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) agşam namazynda «Agraf»süresini iki rekagata bölüp okapdyr (426-njy hadysada-da seret).Ebu Bekriň (r.a.) ertir namazynyň iki rekagatynda «Bakara»süresini we hezreti Omaryň (r.a.) ýassy namazynyň ilkinji iki rekagatynda «Äli-Ymran»süresini ikä bölüp okandygyhakynda hem rowaýat bar. Ebu Abdullah Jüheni jüheýneli bir adamyň adyndan şeýle bir rowaýaty beýan edýär: «Ol maňa ýüzlenip: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ertir namazynyň rekagatlarynyň ikisinde-de «IzäZülzilet»süresini okandygyny eşitdim. Ýöne, onuň unudyp şeýle edendigini ýa-da ýörite şeýle edendigini bilmeýärin»diýdi».

6) Enes ibn Mäligiň (r.a.) gürrüň bermegine görä, ensardan bir adam Kuba metjidinde öz kowumyna ymamlyk eder eken. Bu adam daşyňdan okalýan namazlarda sürelerden birini okajak bolanda, her gezek ilki bilen «Kulhuallany»okap, ony okap bolanyndan soň, beýleki süräni şonuň üstüne goşupdyr. Ol her rekagatda şeýle edeninden soň,dostlary oňa: «Sen bu süräni okap, mundan ganmaýarsyň-da, ýene başga bir süre hem okaýarsyň. Ýa bu süre bilen kanagatlan, ýa-da ony okaman, başga bir süre oka»diýipdirler. Ol hem: «Men şeýle etmegimi goýjak däl. Şeýdip ymamlyk etmegime razy bolsaňyz, ymamlyk edeýin. Ony islemeseňizhem, ymam boljagam däl»diýýär. Ýöne olar bu adamy öz aralarynda iň gowy adamlaryň biri hasaplandyklary üçin,başga biriniň özlerine ymam bolmagyny hem islemändirler.

Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) şol ýere baranda,olar ymamlarynyň hereketini oňa mälim edipdirler. Allahyň Resuly-da (s.a.w.): «Eý pylany, egindeşleriň maslahatyna eýermäge saňa näme päsgel berdi? Her rekagatda bu sürä ýapyşmagyň sebäbi näme?»diýip, ondan sorapdyr. Ol hem: «Şu süräni gowy görýärin»diýip seslenende, Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ony gowy görmegiň,şübhesiz,jennete girmegiňe sebäp boljakdyr»diýipdir. Şu kitapdaky hadys ýaly, bu hadys hem iki süräni bir rekagatda birleşdirip okamagyň bolýandygyny görkezýär. Sagyt ibn Jübeýr, Ata ibn Ebu Rebah, Alkama, Süweýtibn Gafala, Ybraýym Nahaýy, Sufýan Söwri, Ebu Hanife, Mälik, Şapygy, bir rowaýata görä, Ahmet ibn Hanbal ýaly alymlaryň hemmesi şu pikirde bolupdyr. Şu pikir bilen ylalaşýanlaryň arasynda Osman, Huzaýfa, Ibn Omar, Temim Däri ýaly sahabalaryňhem bolandygy aýdylýar.