436 «Siziň biriňiz «Fatihadan» soňra: «Ämin» diýse, perişdeler hem asmanda: «Ämin» diýip, şu aýdylanlaryň ikisi biri-birine gabat gelse, şol kişiniň öňki eden günäleri geçiler» hadysy

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 436 «Siziň biriňiz «Fatihadan» soňra: «Ämin» diýse, perişdeler hem asmanda: «Ämin» diýip, şu aýdylanlaryň ikisi biri-birine gabat gelse, şol kişiniň öňki eden günäleri geçiler» hadysy

 

        عَنْ أَبِى هُرَيْرَةَ رَضِيَ الله عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ:  (إذَا قالَ أَحَدُكُمْ آمِينَ ، وَقَالَتِ الْمَلاَئِكَةُ فى السَّماءِ آمِينَ ، فَوَافَقَتْ إحْدَاهُمَا الأُخْرَى ، غُفِرَ لَهُ ما تَقَدَّمَ مِنْ ذَنْبِه ِ).

 

          Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.):  «Siziň biriňiz «Fatihadan»soňra: «Ämin»diýse1, perişdelerhem asmanda: «Ämin» diýip, şuaýdylanlaryňikisi biri-birine gabat gelse, şol kişiniň öňki eden günäleri geçiler»diýdi»2.

 

1Buharynyň kitabyndaky şu söz umumy many-da gelýär. Şol mana laýyklykda, namazyň içinde bolsa-da, daşynda bolsa-da, şonuň ýaly-da,ymam bolsa-da ýa-da oňa uýan bolsa-da, kimdir biri «Fatiha»süresini okap: «Ämin»diýse, bu ýalkanyşa mynasyp bolmaly. Ýöne, şu hadysyň Müslimiň kitabyndaky nusgasynda bu «äminiň»namazdaky «ämindigi»hakda aýdylýandygy üçin,şu hadysdaky söze-de şol manyny berýärler. Ýöne, Ahmet ibn Hanbalyň «Müsned»atly kitabynda Ebu Hüreýräniň adyndan beýan edilen hadysda: «Kary, ýagny, «Fatiha»süresini okaýan adam:«Ämin»diýdimi, siz hem:«Ämin»diýiň!»diýlendigine bakylsa, bu söze umumy manyda düşünmek has dogry boljak ýaly görünýär.Hernäme-de bolsa, «kary»sözüniň namazda «Fatiha»süresini okaýan ymamy aňlatmagykän bir ynandyryjy däl.

2Beýleki bir rowaýatda: «We indiki etjek günälerinden» diýen goşmaça bar bolsa-da, bu rowaýat ygtybarly hasap edilmeýär. Beýleki rowaýatlarda diňe öňki edilengünälerden söz açylýar.