417 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Gün tutulanda okalýan namazy okadyşy we namaz okap durka jennet bilen jähennemiň özüne ýakynlaşandygyny gürrüň bermegi. Bir pişigi aç goýup, onuň ölümine sebäp bolan bir zenanyň jähennemde çekýän azaby

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 417 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Gün tutulanda okalýan namazy okadyşy we namaz okap durka jennet bilen jähennemiň özüne ýakynlaşandygyny gürrüň bermegi. Bir pişigi aç goýup, onuň ölümine sebäp bolan bir zenanyň jähennemde çekýän azaby

    عَنْ أَسْمَاءَ بِنْتِ أَبِي بَكْرٍِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ صَلَّى صَلاَةَ الْكُسُوفِ ، فَقَامَ فَأَطَالَ الْقِيَامَ ، ثُمَّ رَكَعَ فَأَطَالَ الرُّكُوعَ ، ثُمَّ قَامَ فَأَطَالَ الْقِيَامَ ، ثُمَّ رَكَعَ فَأَطَالَ الرُّكُوعَ ، ثُمَّ رَفَعَ ، ثُمَّ سَجَدَ فَأَطَالَ السُّجُودَ ، ثُمَّ رَفَعَ ، ثُمَّ سَجَدَ فَأَطَالَ السُّجُودَ ، ثُمَّ قَامَ فَأَطَالَ الْقِيَامَ ، ثُمَّ رَكَعَ فَأَطَالَ الرُّكُوعَ ، ثُمَّ رَفَعَ فَأَطَالَ الْقِيَامَ ، ثُمَّ رَكَعَ فَأَطَالَ الرُّكُوعَ ، ثُمَّ رَفَعَ ، فَسَجَدَ فَأَطَالَ السُّجُودَ ، ثُمَّ رَفَعَ ، ثُمَّ سَجَدَ فَأَطَالَ السُّجُودَ ، ثُمَّ انْصَرَفَ فَقَالَ: قَدْ دَنَتْ مِنِّي الْجَنَّةُ ، حَتَّى لَوْ اجْتَرَأْتُ عَلَيْهَا ، لَجِئْتُكُمْ بِقِطَافٍ مِنْ قِطَافِهَا ، وَدَنَتْ مِنِّي النَّارُ حَتَّى قُلْتُ ، أَيْ رَبِّ ، وَأَنَا مَعَهُمْ ؟ فَإِذَا امْرَأَةٌ - حَسِبْتُ أَنَّهُ قَالَ - تَخْدِشُهَا هِرَّةٌ ، قُلْتُ :مَا شَأْنُ هَذِهِ ؟ قَالُوا: حَبَسَتْهَا حَتَّى مَاتَتْ جُوعًا ، لاَ أَطْعَمَتْهَا وَلاَ أَرْسَلَتْهَا تَأْكُلُ.

 

       Hezreti Ebu Bekriň (r.a.) gyzy Esma (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Gün tutulanda okalýan namazy okadypdy. Ol kyýamda uzak wagtlap durdy. Soňra rukuwa gidip, ony-da esli uzaltdy. Soňra başyny galdyryp, köp wagtlap kyýamda durdy. Soňra ýene rukuwa gidip, köp wagtlap şeýle ýagdaýda durdy. Soňra başyny galdyrdy. Soňra sejdä gidip, sejdäni köp uzaltdy. Soňra başyny galdyrdy. Soňra ýene sejdä gidip, sejdäni köpuzaltdy. Soňra aýak üstüne galyp, köpwagtlap kyýamda durdy. Soňra rukuwa gidip, köp wagtlap şol ýagdaýda durdy. Soňra başyny galdyryp, esli wagtlap kyýamda durdy.Soňra ýene rukuwa gidip, şol ýagdaýda köp wagtlap durdy. Soňra başyny galdyrdy. Soňra sejdä gidip, ony köp uzaltdy. Soňra başyny galdyrdy. Soňra ýene sejdä gidip, sejdäni köp uzaltdy. Soňra namazdan çykdy1. Soňra Allahyň Resuly (s.a.w.): «Jennet maňa şeýle bir ýakynlaşdy welin, het eden bolsam, jennet salkymlarynyň birini size alyp getirip biljekdim. Jähennemhem maňa şeýle bir ýakynlaşdy welin: «Ýa Rebbim, menhem olaryň ýanyndamy?» diýiberdim2. Şol ýerde bir aýaly gördüm. Ony bir pişik dyrnaklap durdy. «Ýa Rebbim, munuň günäsi näme?» diýip soradym we: «Bu aýal bupişigi ölýänçä gulpastynda saklap, ne iýjegini berdi, ne-de ýer ýüzündäki mör-möjeklerden iýip bilmegi üçin daşary goýberdi»3diýen jogaby aldym» diýdi»4.

 

1Elbetde, Allahyň Resuly (s.a.w.) beýleki namazlarda edişi ýaly, soňky oturyşda doga okanyndan soňranamazyny tamamlapdyr. 76-njy hadysdan Gün tutulanda okalýan namazyň jemagat bilen okalyp, yzyndan hutba aýdylandygyny aňlamak mümkin bolşy ýaly,şu ýerdäki beýandan onuň iki rekagatdygyny bilmek bolýar. Şu ýerde gürrüňi edilýän namazyň iki rekagatynyň her birinde iki gezek rukuwa we iki gezek sejdä gidilipdir. Şonuň ýaly-da, kyýamlar, rukuwlar, aýak üstünde durmalar, sejdelerhem uzaga çekipdir.

            Başga bir rowaýatda şu namaz başgaça beýan edilipdir. Aýny şu namazyň okalyşyny gürrüň beren ýigrimi sany sahabanyň adyny sanapgeçýär. Käbir rowaýatlardangörnüşine görä, şu iki rekagat namaz Güngörünýänçä dowam edipdir. Ol yzda has jikme-jik beýan ediler.

2Mundan,ähli-sünnetiň ygtykadyna görä, jennetiň we jähennemiň ýaradylan barlyklar bolup, Allahyň söýgüli gullaryna aýan görnüp biljekdigi hakynda netijeçykaryp bolar.

3Kim ölse, onuň üçin kyýamat gopdugydyr. Bu aýal dünýäsini täzelän badyna görgüli haýwanjyga eden hyýanatynyň jezasyny çekmäge başlapdyr. Mundan haýwanlary horlamagyň haram bolup, ejiz haýwanlaryň hem ejiz ynsanlar ýaly kyýamat gününde özlerine zalymlyk edenler bilen sataşdyryljakdygy mälim bolýar.

4Şu hadysy-şeribiň teksti Buharynyň kitabynyň asyl nusgasyndan alyndy. Zebidiniň «Tejridinde» bolsa ol şeýle beýan edilipdir: «Bu Ebu Bekriň (r.a.) gyzy Esmanyň (r.a.) gürrüň beren hadysy bolup, ýokarda beýan edilipdi. Bu rowaýatda bolsa ol Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şeýle diýendigini aýdýar: «Jennet maňa ýakynlaşdy... (yzy şu hadysdaky ýaly)».

            Ýokardaky 76-njyhadysda şuňa meňzeş waka Esmanyň (r.a.) adyndan beýan edilipdi. Ýöne bu hadys başga bir ýol bilen,şol hadyshem düýbünden başga bir ýol bilen gelip ýetipdir. Şonuň üçinhem olaryň mazmuny biri-biriniňkä gabat gelmeýär. Bular ýa uzyn bir hadysyň iki sany bölegi bolmaly, ýa-da Esmanyň (r.a.) dürli-dürli wagtlarda dürli-dürli adamlara gürrüň beren aýry-aýry wakalarydyr. Hernäme-de bolsa,Zebidiniň şu hadysyň ýokarda geçendigini aýtmagynda ýalňyşlyk bar. Gün tutulmagy bilen baglanyşykly hadyslar yzda-da beýan ediler. Şol ýerde bu hadys mysal getirilmeýär.