410 Namazda saplary dogrulap, gyslyşmak barada Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýdany. Bu babatdaky beýleki rowaýatlar

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 410 Namazda saplary dogrulap, gyslyşmak barada Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýdany. Bu babatdaky beýleki rowaýatlar

  عنْ أَنَسٍ رَضِي الله عَنْهُ عَنِ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ: أَقِيمُوا صُفُوفَكُمْ وَ تَرَاصُّوا فَإِنِّي أَرَاكُمْ مِنْ وَرَاءِ ظَهْرِي.

 

         Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir:«Bir gezekAllahyň Resuly (s.a.w.): «Namaz saplaryňyzy dogrulaň we biri-biriňize gyslyşyp, araňyzda boşluk goýmaň. Sebäbi, men sizi ýeňsäm bilenhem görýärin»diýdi»1.

 

1Bu hadysy-şerif Buharyda bir sözbaşy bilen beýan edilipdir. Şol ýerde Enes (r.a.): «Bir gezek namaz okamak üçin kamat getirilipdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) mübärek ýüzüni bize tarap öwrüp... (yzy şu hadysdaky ýaly) diýdi» diýýär.

            Şonuň ýaly-da,Ebu Dawudyň «Sünen» we Ibn Hybbanyň «Sahyh» atly kitaplarynda ýene Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda: «Daşbölekleribiri-birine berçinlenen diwar ýaly, saplaryňyzy berkidiň. Boýunlaryňyzy bir hatara düzüň. Janym gudratly elinde bolan Allahdan kasam edýärin: men saplaryň boş galan ýerlerinden şeýtanyň hazef ýaly bolup girişini görüp durudiýilýär. Ýemende ýetişen gysga boýly gara dowara hazef diýlipdir. Beýhakynyň rowaýatyna görä: «Ýa Allahyň Resuly, hazef nämedir?» diýip sorapdyrlar. Allahyň Resuly-da(s.a.w.): «Ýemen topragynda ýetişen ýüňsüz gara dowaryň bir görnüşidir»diýip jogap beripdir.

            Ibn Omarhem (r.a.) şeýle bir hadysy gürrüň beripdir: «Saplary dogrulaň. Elleriňizi-de bir hatara düzüň. Aradaky boşluklary dolduryň. Siziň saplaryňyza girmekçi bolýan egindeşleriňiziň elleri bilen itmelerine boýun bolup,olara ýardam beriň. Şeýtan girip biljek yşlar goýmaň. Kimde-kim bir hatary birleşdirse,ýagny, doldursa,Allah oňa ýakynlaşar, ýagny haýyr we yhsanyndanoňa paý berer. Kim bir sapy bozsa, Allah oňa ýakynlaşmaz, ýagny, köňlüni hoş etmez».

            Saplary doldurmak üçin,öňe uzan ýa-da yşarat eden ellere boýun bolmak uly sogap gazanmakdyr.Mysal üçin, Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen bir rowaýatdaAllahyň Resuly (s.a.w.): «Iň gowularyňyz namaza duranda sap dogrulamak üçin özüne degen ele egni iň gowy boýun egeniňizdir» diýipdir.

            376-njyhadysdanhem aňylyşy ýaly, buhadysdanhem kamat getirilip, namaza girişilýänçä,gürrüňleşmäge rugsat berilýändigini aňlamak bolýar. Bu hadys namazda saplaryň dogry bolmagynyň wajypdygyna hem delil bolup hyzmat edýär. Şonuň ýaly-da,bu hadysdaky: «Sebäbi men sizi ýeňsämbilenhem görýärin»diýen sözler Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik aýratynlyklarynyň birini beýanedýär. Deňi-taýy bolmadyk Allahü tagala söýgüli pygamberini şunuň ýaly gözel aýratynlyk bilen tapawutlandyrypdyr we onuň ynsanlaryň arasynda hiç kimiňkä meňzemeýän beýik bir mertebäniň eýesidigini görer-görmez gözlere aýan etmek isläpdir. 265-nji hadysa-da seret.