420 Namaz okap durkaň kelläňi saga, sola öwürmegiň gadagandygy hakda. Bu barada fykhy hökümler

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 420 Namaz okap durkaň kelläňi saga, sola öwürmegiň gadagandygy hakda. Bu barada fykhy hökümler

 

    عَنْ عائِشَةَ رَضِي الله عَنْهَا قَالَتْ: سَأَلْتُ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ عَنْ الالْتِفَاتِ في الصَّلاَةِ ؟ فَقَالَ: هُوَ اخْتِلاَسٌ ، يَخْتَلِسُهُ الشَّيْطَانُ مِنْ صَلاةِ الْعَبْدِ.

 

       Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulyndan (s.a.w.) namazda başyňy saga, sola öwürmegiň hökümini soradym. Ol: «Guluň namazyndan şeýtanyň alyp gaçan bir zadydyr» diýdi»1.

 

1Bu ýerde namaz okap duran adam çepine, sagyna bakanda,şeýtanyň ondan üstün çykyp, ybadatdan daşlaşdyrjakdygy aýdylýar. Şeýle edýän adamyň hereketlerinde käte ýalňyşlyk, käte nädogrulyk ýüze çykar. Sebäbi, onuň kalby başga bir islege ulaşar. Onuň kalby başga ýerdedir. Şeýle hereketiňhalanmandygy üçin, ol şeýtan bilen baglanyşdyrylypdyr. Tibibu sözüň manysyny şeýle düşündirýär: «Namaz okaýan adam çepine, sagyna baksa, tabynlygy (Allahdan gorkusy) kemeler.Tabynlygyň gowşamagyna meňzetme ýoly bilen: «Şeýtan alyp gaçma» diýlip, onuň nähili erbet zatdygy aňladylypdyr. Namaz okaýan kişi bar düýrmegi bilen Rebbine mynajat etmägeberilse, Allahü tagala-da oňa nazaryny salar. Şeýtanhem bu halyň namaz okaýany terk etmegine garaşyp duran ýalydyr. Namaz okaýan adam çepine, sagyna garanyp-garanmanka, ol amatly pursatyň gelenini bilip, ony hälki halyndan daşlaşdyrar (dogrusyny Allah biler)».

            Ibn Bezizehembubarada: «Çepiňe, sagyňa bakmak şeýtan bilen baglanyşdyryldy. Sebäbi, şeýle hereket ony Allahü tagalanyň huzurynda durandygy hakyndaky pikirden daşlaşdyrýar» diýýär. Şeýdip hem, şeýtanyň waswasyna ýol açylýar we namaz okap duranyň sogaby azalýar.

            Tirmiziniň Ibn Apbasyň, Enesiň we Äşäniň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndan beýan eden hadysyna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) namaz okap durka çepine, sagyna bakaýsa-da, boýnuny yza öwürmändir.

            Tirmiziniň Enesiň (r.a.) adyndan beýan eden hadysynda Allahyň Resuly (s.a.w.): «Oglum, häzir bol, namaz okap durkaň çepiňe, sagyňa bakma. Sebäbi, namaz okaňda şeýle etmek ony bozmakdyr» diýipdir. Şol hadysy-şerifde: «Çepiňe, sagyňa bakmakdan gutulmak ýok bolsa, iň bolmanda nepil namazynda şeýle edilip, parz namazynda şonuň ýaly hereket edilmesin» hem diýilýär.

            Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabyndaweNesaýynyňkitabyndaEbuZeriň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda-da Allahyň Resuly (s.a.w.): «Gul namaz okan wagty ýüzüni kyblasyndan öwürýänçä, Allahü tagala Hezretleri mydama onuňöňündedir. Ol ýüzüni kybladan öwrenbadyna Allahü tagala-da ondan daşlaşar»diýýär. Şonuň ýaly-da,Tabaranynyň Ebu Hüreýräniň (r.a.)adyndan beýan eden hadysynda Allahyň Resuly (s.a.w.): «Namaz okap durkaňyz saga, sola bakmakdan häzir boluň. Sebäbi, kimde kim  näçe wagtlap namaz okaýan bolsa, şonça wagtlap hem Rebbine mynajatda bolýar, ýagny, Onuň bilen gizlin-gizlin sözleşýär»diýipdir.

            Amr ibn Dinar şeýle diýýär: «Abdullah ibn Zübeýri gördüm. Ol Hijrede (Käbäniň bir tarapyndaky pessejik diwar aýlanan ýer) namaz okaýardy. Bir daş (manjyk bilen atylan daşlaryň biri bolmaly) gelip, onuň öňüne düşdi we bürenip oturan matasynyň bir ujuny alypgitdi. Ol bolsa şo tarapa bakmady hem».

Ibn Ebu Müleýkäniň gürrüň beren rowaýatyna görä bolsa, bir gezek Abdullah ibn Zübeýr (r.a.) namaz okap durka,Metjidi-Haramy sil basypdyr. Ol şonda-da namazynyň tertibini bozmandyr.

            Namaz okap durkaň çepiňe,sagyňa bakmak barada fykyh ylmynyň hökümi barada aýdylanda bolsa,onuň keraheti-tenzihiýe (halala ýakyn, ýöne halanmaýan zat) hem-de mekruwhdygy hakda alymlaryň arasynda ylalaşyk bar. Diňe şapygy mezhebiniň alymlaryndan Mütewelli zerur bolmazdan, şeýle hereket etmegi haram hasaplapdyr. Ebu Dawut Zahyrynyň düşünjesine eýerýänlerhem şol pikirde bolupdyr. Hakem ibnUtaýba-da: «Sagynda, solunda durany tanajak derejede ýüzüni öwreniň namazy bozukdyr»diýýär. Ebu Söwr: «Tutuş göwresi bilen birlikde sagyna, soluna öwrülse, namazy bozular, diňe sagyna, soluna baksa, namazyny dowam eder»diýýär. Şu pikir Sarahsynyň «Mebsut»atly kitabyndakybeýanyna gabat gelýär. Sarahsyşeýle ýazýar: «Döşüň kybla tarapdan aýryljak derejede boýnuň saga, çepe dönmegi mekruwhdyr. Saga, sola bakmak diýmek bedeniň belli bir bölegini kybladan döndermekdir. Tutuş bedeni bilen saga ýa sola öwrüleniň namazy bozular. Boýnuňy öwürmän, göz ujy bilen saga, sola bakmakmekruwh däldir»(dogrusyny bir Allah bilýär).

            Namaz okap durkaň sagyňa, soluňa bakmak bolýandygynyň tarapdarlary hökmünde Ibn Siriniň, Enes ibn Mäligiň, Ibn Omaryň, Ybraýym Nahaýynyň, Ibn Mugaffalyňatlaryny tutýarlar. Ymam Mälik: «Saga, sola bakmak namazy bozmaz»diýipdir.