427 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda okan bir süresi

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 427 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda okan bir süresi

    عَنْ جُبَيْرِ بْنِ مُطْعَمٍ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: سَمِعْتُ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَقْرَأُ فِي الْمَغْرِبِ بِالطُّورِ.

 

       Jübeýr ibn Mutgym1(r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda «Wettur» («Tur»süresi) süresini okandygynyeşitdim»2.

 

1Jübeýr ibn Mutgym ibn Adyý ibn Nöwfel ibn Abdymenäf (r.a.) Hudeýbiýe ýaraşygy bilenMekgäniň musulmanlar tarapyndan boýun egdirilmeginiň aralygynda yslam dinine giren kuraýyş ýolbaşçylarynyň biridir. Ol Mugawyýa ibn Ebu Sufýanyň zamanynda wepat bolupdyr.

            Onuň urugy gelip çykyşy boýunça Allahyň Resulynyň (s.a.w.) urugyna örän golaýdyr. Sebäbi, Nöwfel ibn Abdymenäf bilen Haşym ibn Abdfymenäf ikisi dogandyr. Mutgym ibn Adyý kuraýyş tiresiniň sözi geçýän ýolbaşçylarynyň biridi. Başdan iman getirmedik hem bolsa, yslam dininiň ýaýrap başlan wagtyndaky kynçylykly günlerde ol Allahyň Resulyna (s.a.w.) köp ýagşylyklar edipdi. Mysal üçin,Allahyň Resuly (s.a.w.) Taifden yzyna dolanyp, Mekgede ýaşamaly bolanda, duşmanlaryň elinden-dilinden goranmaga oňaýardam beripdi. Şonuň ýaly-da,tutuş kuraýyş haşym tiresi bilen ähli gatnaşyklarykesmek barada äht edişip, özara şertnama baglaşanlarynda-da, şol şertnamany bozanlaryň, ony boş bir zat hasaplanlaryň biri-de şoldy. Mutgym Bedir söweşinden öň müşrük halynda wepat bolanyndan soňraonuň ogly Jübeýr birnäçe wagt geçeninden soňraiman getirip, mujahirleriň hataryna goşulypdy. Ol iman getirmeginden esli wagt ozal Bedir söweşinde musulmanlaryň eline düşen ýesirleri töleg tölemek arkaly azat etmek üçin kuraýyş tarapyndan Medinä gelipdir. Bu maksat bilen Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen duşuşanda, Pygamberimiz(s.a.w.)oňa ýüzlenip: «Seniň garry kakaň diri bolup, şu porsy adamlar üçin meniň bilen görüşsedi, onda olaryň hemmesini oňa bagyşlardym» diýipdir. Ol ebedi halas bolmagy bilen baglanyşykly bu saparyny şeýle beýan edipdir: «Bedir ýesirlerini töleg arkaly azat etmek üçin görüşmäge gelipdim. Şol ýere ikindiden soňrabardym. Ýadaw bolanym üçin,Metjidi-Şerifde uzyn düşüp ýatdym. Birden agşam namazy üçin kamat getirildi. Allahyň Resulynyň (s.a.w.): وَالطُّورِ وَكِتَابٍ مَسْطُورٍ= «Wettuwry we kitäbin mestuwryn»(golaý manysy: „Tur dagyndan we eýlenen ýuka deriniň üstüne setir-setir edip ýazylan Kitapdan...”. „Tur” süresiniň 1-nji we 2-nji aýatlary) süresini okaýandygyny eşidenimden soň, kalbymy gorky gaplap aldy. Metjitden çykyp gidýänçä, oňa gulak asdym. Yslama bolan söýginiň kalbyma ilki giren güni şol gündür». Şu hadysy-şerif bilen baglanyşykly waka-da şol wakadyr.

            Jübeýr ibnMutgym (r.a.) arap tirelerinedoly belet bolanlaryň biridir. Ol Ebu Bekr Syddygy (r.a.) bu babatda öz halypasy hasaplapdyr. Bir gezek ol Osman ibn Affan (r.a.) bilen birlikde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip, ondan oljadan paý bermek babatda özlerini-de haşym we muttalyp tireleri bilen deň tutmagyny haýyş edipdir.Mälim bolşy ýaly, Abdymenäfiň Abdyşems, Haşym, Muttalyp, Nöwfel atly dört ogly bardy. Şolardan Haşym bilenMuttalyp örän agzybir bolup, olaryň çagalary-da mydama bile ýaşapdyrlar.Haşymyň weMuttalybyň kowumlarynyň EbuLehepden beýlekileriniň mömini-de, kapyry-da hijretden öň Allahyň Resulyna (s.a.w.) tarapdar bolup, oňa hemaýat beripdirler.Şol sebäpli muttalyplar bilen haşymylar yslam dininde deň derejeli hasaplanyp, bu tireleriň ikisine-de sadaka almak haram edilipdir. Osman ibn Affan bilen Jübeýr ibn Mutgymyň öz tirelerini hem haşym tiresi bilen deňleşdirmek baradaky talaplary Haşymyň doganoglanlary bolmaklary bilen baglanyşyklydy. Olar: «Muttalyplaryň garyndaşlygy nähili bolsa, biziňhem haşymylar bilen garyndaşlygymyz şonuň ýalydyr. Şol sebäpli hökümde deň saýylmalydyrys»diýmek isleýärdiler. Ýöne Allahyň Resuly (s.a.w.) bu haýyşlaryny kanagatlandyrman: «Haşym tiresi bilen muttalyp tiresi bir zatdyr»diýipdir.

2 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şu süräniň hemmesinimi ýa-da bir bölegini okandygy aýdyň däl. Sebäbi,şu ýerde aýdylanlardan iki hili netije çykarmak mümkin. Şonuň ýaly-da, käbir rowaýatda Jübeýr ibn Mutgymşu süräniň başyragyndaky:إِنَّ عَذَابَ رَبِّكَ لَوَاقِعٌ= «Inne azäbe Rabbike le-wäkygun»(golaý manysy: „Rebbiňiň azaby hökman başyňdan injekdir”. «Tur» süresiniň 7-nji aýaty) aýaty-kerimäni eşidendigini aýdýan bolsa, başga bir rowaýatda-da:أَمْ خُلِقُوا مِنْ غَيْرِ شَيْءٍ أَمْ هُمُ الْخَالِقُونَ= «Em hulikuw min gaýry şeý-in em hümül-haalikuwne»(golaý manysy: „Eýsem olar hiç bir ýaradyjysyz ýaradyldylarmy? Ýogsam, olaryň özleri ýaradyjymy?”. «Tur» süresiniň 35-nji aýaty) we:فَلْيَأْتِ مُسْتَمِعُهُمْ بِسُلْطَانٍ مُبِينٍ= «Fel-ýe’ti müstemiguhüm bi-sultaanin mübiýnin»(golaý manysy: „Onuň ýaly bolsa, diňleýänleri aýdyň bir delil getirsinler”. «Tur» süresiniň 38-nji aýatyndan) aýaty-kerimelerinden söz açýar. Şu rowaýatlardan çen tutup, hernäme-de bolsa, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şu süräniň ýarysyndan köpüsini okandygyny aýtmak mümkin. Jübeýr ibn Mutgym: «Ine, şulary eşiden wagtym kalbym uçmaga az galýardy» diýipdir.