471 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazdan çykanyndan soň çep tarapa-da öwrülendigi hakda. Bu mesele barada alymlaryň aýdany. Bu babatda Enesiň (r.a.) gürrüň beren rowaýaty. Iki rowaýatyň arasyndaky tapawut. Bu iki rowaýatyň ylalaşdyrylyşy

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 471 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazdan çykanyndan soň çep tarapa-da öwrülendigi hakda. Bu mesele barada alymlaryň aýdany. Bu babatda Enesiň (r.a.) gürrüň beren rowaýaty. Iki rowaýatyň arasyndaky tapawut. Bu iki rowaýatyň ylalaşdyrylyşy

     عَنْ عَبْدِ الله بْنِ مَسْعُودٍ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: لاَ يجْعَلْ أَحَدُكُمْ لِلشَّيطَانِ شَيئًا مِنْ صَلاَتِهِ ، يرَى أَنَّ حَقًّا عَلَيهِ أَنْ لاَ ينْصَرِفَ إلاَّ عَنْ يمِينِهِ ، لَقَدْ رَأَيتُ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ كَثِيرًا ينْصَرِفُ عَنْ يسَارِهِ .

 

       Abdullah ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Hiç biriňiz namaz okap bolanyňyzdan soň, hökman sag tarapyňa dönüp gitmelidir öýdüp, şeýtana paý bölüp bermäň1. Wallahy, men Allahyň Resulynyň (s.a.w.) çep tarapadönendigini kän gezek görüpdim»2.

 

1Şeýtana paý bölüp bermek, şunuň ýaly batyl bir ynanç sebäpli waswasa düşüp, şeýtany begendirmek we onuň oýnatgysy bolmak diýmekdir.

            Buharynyň bu mesele bilen baglanyşykly rowaýat etmegine görä, Enes ibn Mälik (r.a.) namazdan çykanyndan soň käte saga, käte çepe döner eken we sag tarapa dönmegi gowy görýänleri ýazgarareken. Enesiň (r.a.) bu rowaýatyny tassyk edýän hekaýatlar kän. Mysal üçin, Ibn Majäniň beýan eden bir ygtybarly rowaýatynagörä, Abdullah ibn Amr (r.a.):«Namazda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sagyna-da, çepine-de  dönüp gidýändiginigörüpdim» diýýär. Ibn Hybbanyň «Sahyh», Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitaplarynda, şonuňýaly-da,Ibn Maje bilen Tirmiziniň kitaplarynda «El-Helib» ýa-da «El-Hülb» lakamy bilen belli bolan Ýezit ibn KunafaTaýynyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) iki tarapa-da dönendigi aýdylýar. Bu rowaýaty gürrüň beren Ýezit taýytiresi tarapyndan Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna ugradylypdy. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) onuň kel kellesini mesh etmegi (sypamagy) bilen gür saça eýe bolanlygy üçin oňa «Helib» lakamy berlipdir.

Aly ibn Ebutalyp (r.a.) hem: «Namaz okaýan kişiniň işi sag tarapynda bolsa, sag tarapa, çep tarapynda bolsa,çep tarapa döner» diýipdir.

Şonuň ýaly-da,Müslimiň kitabynda Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen başga bir rowaýat hem bar. Ol rowaýatyňrawysy Süddi: «Enesden: «Namaz okap bolanymdan soň, haýsy tarapyma dönüp gideýin: sagymamy ýa çepimemi?» diýip soradym. Ol: «Men Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazdan köplenç sag tarapyna dönüp gidýändigini görerdim» diýdi» diýýär. Buharynyň Enes ibn Mälik (r.a.) bilen baglylykda beýan eden (ol hakda ýokarda gürrüň edilipdi) rowaýaty bilen Müslimiň kitabyndaky bu rowaýatyňarasynda gapma-garşylyk bar ýaly bolup görünse-de, hakykatda beýle däl. Sebäbi Buharynyň rowaýatynda sag tarapadönmegiň gadagandygyna degişli yşarat ýok. Onda diňe sag tarapadönmegi gowy görýänler ýazgarylýar. Bu ýazgarma saga dönmegiň wajypdygy hakyndaky düşünjä degişlidir. Mysal üçin, bu ýerdäki tekstdenhem aňlanylyşyna görä, Ibn Mesgut hem (r.a.) bu düşünjäni ret edipdir. 132 we 190-njy hadyslara seret.

2Müslimiň kitabynda bu babatda Ibn Mesgudyň (r.a.) we Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatlaryň arasynda gapma-garşylykgörünýär. Enese görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) köplenç saga, Ibn Mesguda görä bolsa çepe dönen bolup çykýar. Bu gapma-garşylygy aradan aýyrmak üçin Müslimiň kitabyny düşündiren Newewi: «Bu sahabalaryň biri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sag tarapa, beýlekisi bolsa çep tarapadönüşini köp görensoň, olaryň hersi şondan netije çykaryp, onuň köplenç haýsy tarapaköp dönendigini habar berýär» diýýär. Buharynyň kitabyna düşündiriş ýazan Ibn Hajar Askalany hem: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) köplenç sag tarapadönendigini habar berenler onuň salam bereninden soň jemagat bilen ýüzbe-ýüz bolanyndaky durşuny, köplenç çep tarapadönendigini habar berenler bolsa namazda kybla bakyp durşuny göz öňünde tutan adamlar bolýarlar» diýipdir. Her näme bolanda-da, diňe belli bir kesgitli tarapadönmäge sebäp ýokdur. Alymlar: «Namaz okan kişiniň haýsy tarapaöwrülmegi zerur bolsa, ol şol tarapadönüp, işine gider, onuň üçin haýsy tarapa öwrüleniniň parhy ýok bolsa-da, 130-njy we 190-njy hadyslara görä, sag tarapadönmegi has gowudyr» diýipdirler. «Mendup(ýerine ýetirilmegi gowy görlen) zatlar öz derejelerindenbeýik mertebä göterilse, käte mekruwhlara öwrüler» diýlip, bu hadysda gürrüňi edilen meseläni mysal getirenlerhem bar.