472 Sarymsak iýip, metjitlere we adamlaryň ýanyna gelmegi Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gadagan etmegi. Bu mesele babatda beýleki rowaýatlar

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 472 Sarymsak iýip, metjitlere we adamlaryň ýanyna gelmegi Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gadagan etmegi. Bu mesele babatda beýleki rowaýatlar

 عَنْ جَابِرِ بْنِ عَبْدِ الله رَضِي الله عَنْهُمَا قَالَ: قَالَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ مَنْ أَكَلَ مِنْ هَذِهِ الشَّجَرَةِ يُرِيدُ الشُّومَ فَلا يَغْشَانَا ِفي مَسَاجِدِنَا.

    قَالَ اراوي: قُلْتُ لِجَابرٍ مَا يَعْنِي بِهِ قَالَ مَا أُرَاهُ يَعْنِي إِلَّا نِيئَهُ.

 

         Jabyr ibn Abdullah (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) sarymsagy göz öňünde tutubrak1: «Kimde kim bu gökden2iýen bolsa, metjitlerimize, ýanymyza gelmesin»diýdi».

         Rawy Ata ibn EbuRebah: «Jabyrdan (ýa-daAbdylmelik ibn Jüreýj: «Atadan): «Eýsem ol nähili sarymsagy göz öňünde tutýar?»3diýip soradym. Ol: «Çak edişime görä, diňe çig sarymsagy, bir rowaýata görä, onuň ysyny göz öňünde tutýardy» diýip jogap berdi»4 diýýär.

 

1«Sarymsagy göz öňünde tutubrak» söz düzümi Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dilindäki «gök» sözüni düşündirýär. Ýöne bu düşündirişiň hadysy ilki gürrüň Jabyr ibn Abdullah (r.a.) tarapyndanmy ýa-da onuň adyndan rowaýat eden Ibn Jüreýj tarapyndan berlendigi jedelli bolsa-da, Müslimiň öz kitabynda Jabyryň adyndan beýan eden rowaýatlarynyň birinden onuň Jabyra (r.a.) degişlidiginiaňlamak bolýar.

2Hadysyň arapça metininde sarymsak «şejere» sözi bilen aňladylypdyr. Mälim bolşuna görä, arap dilinde «şejer» sözi esasy sütüni, şahasy,pudagy bolan ösümligi aňladýar. Beýleki ösümliklere-de «nejm» diýilýär. «Rahman» süresiniň:وَالنَّجْمُ وَالشَّجَرُ يَسْجُدَانِ= «Wennejmüweşşejeru ýesjüdäni» (golaý manysy: «Gök ekinler we agaçlar sejde ederler») diýen 6-njy aýatyndaky, «nejm» we «şejer» sözleriniň manysy hem şeýle düşündirilýär. Hadysyň tekstinde sarymsagyň şejere degişli edilmegi bolsa, bu sözüň diňe agaja degişli edilmän, gök ekinlere-de degişli edilmeginiň dogrudygyny görkezýär.

3Bu bölek sorag bereniň Ata ibn EbuRebahdygy göz öňünde tutulyp terjime edildi. Munuň şeýledigi bilen ylalaşsaň, onda sarymsagy göz öňünde tutan Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özi bolup çykýar. Tefsirçi Askalanynyň çak edişi ýaly, sorag beren Ibn Jüreýj hasap edilse,onda bu göz öňünde tutma Jabyra (r.a.) degişli bolýar. Şeýle bolanda, busoragy ol Ata beren kişi bolýar.

4Buharynyň kitabynda bu hadysdan öň Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Haýbar söweşinde: «Şu gökden, ýagny sarymsakdan kim iýen bolsa, metjidimize ýakynlaşmasyn» diýendigi aýdylýar. Müslim muny: «Metjitlere gelmesin» diýip beýan edýär. Şundanhem bu gadagançylygyň diňe Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Metjidi-Şeribine degişli bolman, eýsem bu babatda ähli metjitleriňhem deň ýagdaýdadygy aňlanylýar. Müslimiň kitabynda Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda-da: «Häzir bol, bize ýakyn gelip, biziňbilen birlikde namaz okamasyn»diýlipdir. Şonuň ýaly-da, Müslimiň kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda: «Metjidimize ýakynlaşyp, asla sarymsagyň ysy bilen bize yza bermesin» diýilýär. Müslimde Ibn Omaryň adyndan beýan edilen başga bir rowaýatda-da bu pikir: «Ysy gidýänçä asla metjitlerimize ýakynlaşmasyn»görnüşinde aňladylýar.

Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Ebu Sagyt Hudrynyň adyndan beýan edilen rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanynda sarymsak bilen sogandan gürrüňçykanda, ondan: «Ýa Allahyň Resuly, bu ikisiniň iň erbedi sarymsakdyr. Oňa haram diýermisiňiz?» diýip soraýarlar. Ol hem: «Iýiň, ýöne kimde kim mundan iýse, ysy gidýänçä metjide ýakynlaşmasyn» diýip jogap berýär. Bu jogapdan sarymsagy iýmegiň halaldygyny hem-de hökümde soganyňhem oňa ýakyndygyny aňlamak bolýar. Müslimiň kitabynda hezreti Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýat hem muny tassyklaýar.

Bu hadysy-şerifden gelip çykýan hökümler babatda aýdylanda bolsa, çig sarymsagy iýmek haram däl-de mekruwhdyr. Zahyry mezhebiniň käbir alymlaryndan başga ony iýmegiň gadagandygy bilen ylalaşýan kişi ýok. Sarymsagyň halanmazlygyna onuň ysy sebäp bolupdyr. Sebäbi metjitdäki jemagathem, metjidiň daşyndakylarhem onuň ysy sebäpli dagamaga mejbur bolarlar. Hatda Müslimiň kitabynda Jabyryň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Çünki perişdelerhem adamlaryň dagamaklary sebäpli dagap giderler»diýilmek bilen bu ysyň berýän yzasynyň perişdelere-de baryp ýetjekdigi aňladylýar. Sarymsagy iýmegiň gadagan däldigi bolsa biraz ýokarda Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda hem-de şu hadysdan soňra geljek 473-nji hadysda onuň mubahdygynyň (etmesi sogap we günä bolmaýan iş) aýdylmagyndan aňlanylýar. Şonuň ýaly-da,Tirmiziniň kitabynda beýan edilen rowaýata görä, Jabyr ibn Semüre (r.a.) şeýle diýýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Ebu Eýýup Ensarynyň öýüne myhman bolupdy. Iýen tagamynyň artanyny öý eýesine gaýtarmak onuň adatydy. Bir gün ol Ebu Eýýubyň ýollan tagamynael degirmän yzyna gaýtardy. Ebu EýýupAllahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna gelip, mundan söz açdy. Allahyň Resuly: «Içinde sarymsak bolany üçin şeýtdim» diýdi. Ebu Eýýup: «Ýa Allahyň Resuly, sarymsak harammydyr?» diýip soranyndan soň, ol: «Ýok, ýöne men ony ysy sebäpli halamaýaryn»diýip jogap berdi».

Müslimiň kitabynda Ibn Omaryň Jabyryň we Ebu Sagyt Hudrynyň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndan beýan edilen hadyslaryň jeminden aňlanylyşyna görä, sahabalar Haýbary basyp alanlaryndan soňraiýmäge zat tapman, sogan, sarymsak ekilen joýalara girip, gowy garynlaryny doýrupdyrlar. Soňra metjide baranlarynda,Allahyň Resuly (s.a.w.) ysdan ýaňa gapdala çekilip: «Kimde kim şu ýaramaz ösümlikden iýen bolsa, metjitde bize ýakynlaşmasyn» diýipdir. Şondan soň sahabalar: «Haram boldy, haram boldy» diýipdirler. Allahyň Resuly (s.a.w.) muny eşidip: «Allahyň maňa halal eden zadyny haram etmek meniň işim däl. Ýöne bu ysyny halamaýan bir gögümdir»diýipdir. Bu hadysyň soňunda sarymsagyň halaldygy, ýöne iýlen halaty adamlara yza bermezlik üçinony iýmegiň halanmandygy açyk beýan edilýär.

Çig sarymsagy iýmek mekruwh bolsa-da,bişen sarymsagy iýmek mekruwh däldir. Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda onuň halaldygyny bildirýän üç sany hadysy-şerif bolup, olar Aly ibn Ebutalybyň, Kurraibn IýasMüzeniniň we musulmanlaryň enesi hezreti Äşäniň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndan beýan edilipdir. Olaryň birinjisinde: «Bişen bolaýmasa, sarymsagy iýmek gadagan edilipdir», ikinjisinde: «Allahyň Resuly (s.a.w.) şu iki gögi (ýagny sarymsak bilen sogany) iýmegi gadagan edip: «Olary iýen kişi metjidimize ýakynlaşmasyn»diýmek bilen birlikde: «Iýmän oňmajak bolsaňyz, olary bişiribräk ysyny gidiriň» diýdi» diýilýär. Hezreti Äşäniň adyndan beýan edilen üçünji hadysda bolsa: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) iň soňky iýen nahary soganly bir nahardy» diýlipdir.

Sogan, turp ýaly, ýaramaz ysy bolan gök ekinlerhem sarymsak kibidir.

Metindäki hadys bilen düşündirişlerde getirilýän hadysy-şerifleriň jeminden bular ýaly ýaramaz ysly zatlaryňçigligine iýilmeginiň halanmaýanlygyny, bulary iýenleriň hem ysy aýrylýança,metjide barmagynyň gadagandygyny aňlamak bolýar. Zahyry mezhebiniň alymlary bu zatlary iýmegiň jemagatyň terk edilmegine sebäp bolýandygy üçin,olary haram hasap edip, alymlaryň esasy köplüginden bölünip aýrylypdyrlar.

Sarymsak we şoňa meňzeş zatlary iýendikleri sebäpli metjitlere gitmeýänler baýram namazlarynyň okalýan ýerlerine, jynaza namazlaryna, ylmy mejlislere, zikr edilýän ýerler ýaly jemgyýetçilik ýerlerine barmazlar. Metjidiň howlusyny hem metjit hökmünde görüpdirler. Bu gadagançylyk köçeleri, söwda hatarlaryny, bazary öz içine almaýar.

Kazy Yýaz jemagatdaky hemme adamlar bu zatlary iýen bolsa, onda bu gadagançylygyň aradan aýryljakdygyny aýdanhem bolsa: «Ýöne beýle bolanda-da,perişdelere hormat goýmak ýagşydyr» diýýär. Beýle ýagdaýda metjit boş galaýanda-da,perişdelere hormat hökmünde sarymsak iýen kişiniň metjide girmezligi gowy boljakdyr. Sebäbi metjit perişdeleriň mekanydyr. Mundan soňra beýan ediljek hadys musulmanlaryň dagamadyk ýerlerinde perişdeleriň bu ys sebäpli dagandyklaryny görkezýär.

Beýlekilere azar berjekdigi sebäpli,sarymsak iýenlere meňzedilip, agzyndan porsy ys gelýänleriň, gassaplaryň, balykçylaryň, heýwere keselli adamlaryň jemagata barmaly däldiklerine fetwa berlipdir. Ibn Omar (r.a.) dili bilen adamlary ynjydýan kişiniňhem jemagata barmaly däldigine fetwa beripdir.