429 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýassy namazynda okan süresi we sesiniň ýakymlylygy
عَنِ الْبَرَاءِ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ كانَ في سَفَرٍ ، فَقَرَأَ في الْعِشَاءِ في إحْدَى الرَّكْعَتَيْنِ بالتِّينِ وَالزَّيْتُونِ.
وَفِي رِوَايَةٍ أُخْرَى قَالَ: وَمَا سَمِعْتُ أَحَداً أَحْسَنَ صَوْتاً مِنْهُ أَوْ قِرَاءَةً.
Bera(ibn AzypEnsary) (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) sapardady1. Ol ýassy namazynda iki rekagatyň birinde:2وَالتِّينِ وَالزَّيْتُونِ = «Wettiýni Wezzeýtüwni»(golaý manysy: „Injirden, zeýtundan” «Tiýn»süresiniň 1-nji aýaty) süresini okady»3.
Başga bir rowaýatda-da Bera (r.a.): «Ondan owadan sesli ýa-da kyragatly4hiç bir kişini diňlän däldirin» diýýär.
1Ysmaýylynyň rowaýatynda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) sapardady. Ýassyny iki rekagat edip okatdy» diýlipdir.
2Nesaýynyň kitabyndaky rowaýatda bu rekagatyň birinji rekagatdygy aýdylypdyr.
3Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýassy namazynda kysary-mufassaldan aýat okamagy (dogrusyny Allah bilýär) mysapyr bolmaklary bilen baglanyşyklydyr. Saparda namazy gysga okamak gowy görlüpdir. Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen 428-nji hadys bolsa oturymly ýerinde okalan namazdan söz açýan bolmaly. Ol hadysda ewsaty-mufassaldan bir süräniň okalandygy aýdylýar.
4Bu söz rawa degişli.