453 «Sejde edeniňizde deňagramly bir halda boluň. Hiç biriňiz sejde wagtynda goluny haýwanlaryň öň aýaklaryny ýere berip ýatyşy ýaly edip, uzatmasyn» hadysy. Sejde hakyndaky beýleki rowaýatlar

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 453 «Sejde edeniňizde deňagramly bir halda boluň. Hiç biriňiz sejde wagtynda goluny haýwanlaryň öň aýaklaryny ýere berip ýatyşy ýaly edip, uzatmasyn» hadysy. Sejde hakyndaky beýleki rowaýatlar

         عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ أنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (اعْتَدِلُوا فى السُجُودِ وَلاَ يَبْسُطُ أَحَدُكُمْ ذِرَاعَيْهِ انْبِسَاطَ الْكَلْبِ).

 

       Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Sejde edeniňizde aralyk bir halda boluň. Hiç biriňizhem sejde wagtynda goluny haýwanlaryň öň aýaklaryny ýere berip ýatyşy ýaly uzatmasyn»1diýdi».

 

1254-nji we 320-nji hadyslara-daseret. Gollaryňy ýere ýazmagyň gadagan edilmeginiň hikmeti şu gadagan edilen görnüşiň namaza geregiçe ähmiýet bermezlik halyna meňzemegindendir. Şonuň ýaly-da,gollaryň galdyrylyp, göwreden uzakda tutulmagynyň tabynlyk halyna has mynasyp bolmagy bilen bir wagtda, bu maňlaýyňy ýere diremäge-de has gowy ýardam berýär. Hernäme-de bolsa, sejde edeňde golaryňy ýere ýazmak mekruwhdyr. Ýöne, bu halala ýakyn mekruwhdyr (keraheti-tenzihiýe). Sünnet bolsa 254-nji hadysda gürrüňi edilen tejnih bilen fykyhçy alymlaryň tahwiýe diýip at beren görnüşidir. Bu barada 457-nji hadysda-da gürrüň ediler.

            Şu hadysy Müslim bilen Ebu Dawut, şonuň ýaly-da,Tirmizi hem beýan edipdir. Şeýle hem şu hadysdakameňzeş sözler bilen ony Müslim hezreti Äşäniň (r.a.), Tirmizi Jabyryň (r.a.), Ibn HuzaýmaEbu Hüreýräniň (r.a.) adyndan-da beýan edipdirler. Müslimiň Bera ibn Azybyň (r.a.) adyndan beýan eden hadysynda: «Sejde edeňde aýalaryňy ýere goýup, tirsekleriňi galdyr»diýilýär. Ebu Hüreýräniň adyndan beýan edilen hadysda: «Uýluklaryny-da biri-birine ýanaşdyrsyn» diýen goşmaça-da bar. Hakimiň Abdyrahman ibn Şibi ibn Amr Ensarynyň adyndan beýan eden rowaýatynda bolsa şeýle diýilýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) nakraýy-guraby, iftiraşy-sebu’ny we metjitde bir ýeri belläp, düýe ýaly, şol ýeri itan etmegi gadagan edipdir».

            «Nakraýy-gurab»aňlatmasygarga, iýme çüňküni urmak üçin, näçe wagt gerek bolsa, şonça wagtlap sejdede galmagy aňladýar, ýagny, şeýle edýän adamyň sejdesiniň soňky derejede ýeňildigi aýdyljak bolunýar.

            «Iftiraşy-sebu’» haýwan ýaly ýer bagyrtlap ýatmagy aňladýar.

            «Itan» babatda aýdylanda bolsa, bir düşündirişe görä, ol metjitde özüňe bir ýeri belläp, mydama şol ýerde namaz okamakdyr. Şeýle etmek düýäniň bir gezek saýlap alan ýumşak ýerini özüne mydama watan we ýatak hasap etmegine meňzedilipdir. Başga bir düşündirişe görä, bu metjitde namaz okap durkaň sejdä gideňde, düýe çöken ýaly çökmegiň gadagan edilendigini aňladýarmyş.

            Buharynyň Ebu HumeýtSagtynyň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatyna görä, aralyk durum görnüşleriniň biri-de aýaklaryň barmaklarynyň uçlaryny kybla garşy tutmakdyr. Şeýle görnüşleriň ýene biri iki sejdäniň aralygynda «ik’adan» saklanmakdyr. «Ik’a» sözi otyrýeriňi ýere diräp, aýaklaryňy galdyrmagy aňladýar.

            Hadysy-şerifleriň arasynda ik’any gadagan edýän hadys Tirmiziniň öz kitabynda Aly ibn Ebutalybyň (r.a.) adyndan beýan eden: «Allahyň Resuly (s.a.w.) maňa: «Ýa Aly, özüm üçin näme isleýän bolsam, seniň üçinhem şony isleýärin. Özüm üçin nämäni arzuw etmeýän bolsam, seniň üçinhem ony arzuw etmerin: iki sejdäniň arasynda ik’any terk et»diýdi» diýen hadysydyr.

            Netije: rukuwda bolşy ýaly, sejdede-de aralyk haly saklamak zerur bolan beýik sünnetleriň biridir. Mysal üçin, Buharynyň kitabyndaky bir rowaýata görä, bir gezek Huzaýfa(r.a.) rukuwy we sejdäni doly ýerine ýetirmeýän kişini görüpdir we: «Sen namaz okamadyň. Şu durşuňa-da öläýseň, Allahü tagalanyň Muhammet (s.a.w.) üçin ýaradan milletiniň arasynda bolman ölersiň» diýip, ony ýowuzlyk bilen ýazgarypdyr.