401 «Gury (gara) üzüm dänesi ýaly başly bir hebeşi gul üstüňize amyl edilip bellense-de, ony diňläň we oňa boýun egiň» hadysy. Bu hadysdan çykarylan fykhy netijeler

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 401 «Gury (gara) üzüm dänesi ýaly başly bir hebeşi gul üstüňize amyl edilip bellense-de, ony diňläň we oňa boýun egiň» hadysy. Bu hadysdan çykarylan fykhy netijeler

      عَنْ أَنَسٍ رَضِي الله: عَنِ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ: (اسْمَعُوا وَأَطِيعُوا ، وَإنِ اسْتُعْمِلَ حَبَشِيٌّ ، كَأَنَّ رَأْسَهُ زَبِيبَةٌ).

 

       Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Gury (gara) üzüm dänesi ýaly başly bir hebeşi gul1üstüňize amyl2edilipbellense-de,ony diňläň we oňa boýun egiň»3diýdi»4.

 

1Bu aýdylana saçynyň gara, buýra-buýra, gysga we kellesiniň kiçi bolmagy manysynda hem düşünmek mümkin.

2Amyl diýip, bir ýeri dolandyrmak üçin hökümet tarapyndan bellenilen wäläwe emire aýdylýar.

3Bu hadysyň namaz bilen baglanyşygy, özüne wezipe ynanylan emir, wäli ýalyadamlaryň namazlarda ymam bolmaklarynyň sünnetdigindengelip çykýar. Guluň emir we wäli bellenmegi dogry bolanyndan soň, onuň yzynda durup, namaz okamak hem dogry bolup çykýar. Buhary şu hadysy gul bilen hyzmatkäriň, çöpdüýbiniň, çölde ýaşaýan çarwanyň,kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ymamlyk etmekleri hakyndaky bapda ýatlap, bularyň ymamlyk edip biljekdiklerini: «Kim Allahyň kitabyny iň köp ýat tutup, okaýan bolsa, jemagata şol ymam bolar» diýen hadysy-şerif bilen delillendirýär we musulmanlaryň enesi Äşäniň (r.a.) öz guly Ebu Amr Zekwan heniz çagaka,remezan aýynda oňa Kuran açdyryp, onuň yzynda namaz okandygyny mysal getirýär. Buhary şu mysal arkaly guluňhem, çaganyňhem ymamlyk edip biljekdiklerine hem-de Kurandan okamak arkaly okalan namazyň dogry boljakdygyna yşarat eden bolup çykýar. Enes ibn Mälik (r.a.) namaz okan wagty,arka tarapynda eli Kuranly bir çaga durup, onuň aýatlary aýdyşyny diňlär eken we ýalňyşan ýerinde derrew Kurany garşysyna getirip, açar eken.

Kurandan okamak arkaly namaz okamagyň bolýandygy bilen Ibn Sirin, Hasan Basry, Hakem, Ata ýaly alymlarhemylalaşypdyrlar. Mälik muňa diňe remezan aýynda okalýan namazlarda rugsat berlip bilinjekdigini aýdypdyr. Ybraýym Nahaýy, Sagyt ibn Müseýýep, Şagby, başga bir rowaýata görä, Hasan Basry, Süleýman ibn Hanzala, Müjähit ibn Jübeýr, Hammat, Katada ýaly alymlar bolsa,beýdip namaz okamagyň bolýandygy bilen ylalaşmaýarlar. Ebu Hanife, Şapygy,Ahmet ibn Hanbal dagy hem şu topara degişlidir. Çünki,Kurandan okamak amaly-kesirdir. Amaly-kesir bolsa namazy bozýar. Ebu Ýusup bilen Muhammet ibn Hasan Şeýbana görä bolsa,beýdip namaz okamak bolýar, çünki Kurana seretmek hem ybadatdyr. Diňe hristianlara meňzemek gorkusynyň bolany üçin,muňa göwünsiz rugsat berýärler.

Alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä, guluň, çöpdüýbiniň, çarwanyň ymam bolmaklary şerigata dogry gelýär. Diňe Ymam Mälik: «Gul bolan azat adama ymam bolmaz. Eger azat adamlaryň arasynda kary tapylmasa, juma namazyndan beýleki namazlarda gula uýup bilerler. Çünki,juma namazy gula parz däldir» diýýär. Äşe (r.a.) çöpdüýbiniň ymamlyk etmegini zyýanly hasaplamandyr. Ol hatda: «Ene-atasynyň günäsinden oňa zyýan gelmez» diýer eken. Omar ibn Abdyleziz, Müjähit, Mälik ýaly alymlar çöpdüýbiniň yzygiderli ymamlyk etmegini mekruwh hasaplapdyrlar. Olar öz pikirlerini beýle adamlaryň halk tarapyndan özleri hakynda edilýän gürrüňlere sebäp bolýandyklary üçin, olar hakda gürrüň etmek bilen halkyň günä gazanmaklaryny islemeýändikleri bilen düşündirýärler. Ymam Şapygy: «Kakasy mälimbolmadyk kişini ymam bellemek islemeýärin» diýipdir. Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa guluňhem, çöpdüýbiniňhem ymamlyk etmeklerini (adamlaryň ýigrenjine nyşana bolýandyklary üçin) mekruwh hasaplaýarlar. Ýöne olaryň biri ymamlyga geçen halatynda,olaryň yzynda durup, namaz okap boljakdygyny aýdýarlar. Ebu Hanife çarwanyň ymam bolmagy bilen göwnemänräk ylalaşypdyr. Çünki, çarwalar,esasan,sowatsyz bolupdyrlar. Söwri, Şapygy, Yshak hem şeýle pikirde bolupdyr. Ibn Mesgut (r.a.) çarwanyň yzynda durup namaz okapdyr. Agy-garany saýgarýan çaganyň ymamlyk edip biljekdigi bilen Buhary bilen bir hatarda Şapygy hem ylalaşypdyr. Hasan Basrynyň bize gelip ýeten sözi-de şonuň ýalydyr. Diňe başarnykly çaganyň juma namazynda ymamlyk etmegi hakynda Şapygynyň iki dürli pikiri gelip ýetipdir. Ebu Hanife, Ahmet, Yshak ýaly alymlar bolsa çaganyň yzynda durup, parz namazynyň okalmagy bilen ylalaşmandyr. Onuň yzynda durup, nepil namazynyň okalmagy barada-da Ebu Hanife bilen baglanyşykly iki dürli gürrüň bar. Omar ibn Abdyleziz, Ata ýaly alymlar babatda aýdylanda bolsa, bularçaganyň ymamlyk etmeginiň düýbünden dogry bolmajakdygyny aýdypdyrlar. Çaganyň ymamlyk etmegi bilen ylalaşmaýanlar Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilýän: «Çaga kämillik ýaşyna ýetmese, ymam bolmaz» diýen we Mesgudyň (r.a.) adyndan beýan edilýän: «Çaga özüne huduwd wajyp boljak ýaşa ýetýänçä, ymam bolmaz» diýen sözlere esaslanýarlar.

4Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu sözleri Ebu Zere (r.a.) ýüzlenipaýdandygyny biraz yzrakda BuharyEnesiň (r.a.) adyndanbeýan edýär.