451 Allahyň Resulyna (s.a.w.) ýedi sany beden agzasynyň üstüne sejde etmegiň buýrulmagy we namaz okap durka köýnegi we saçy bilen meşgul bolmagyň oňa gadagan edilmegi. Bu babatda alymlaryň aýdany

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 451 Allahyň Resulyna (s.a.w.) ýedi sany beden agzasynyň üstüne sejde etmegiň buýrulmagy we namaz okap durka köýnegi we saçy bilen meşgul bolmagyň oňa gadagan edilmegi. Bu babatda alymlaryň aýdany

      عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ الله عَنْهُمَا قَالَ: قَالَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: ( أُمِرْتُ أنْ أسْجُدَ على سَبْعَةِ أعْظُمٍ: على الْجَبْهَةِ ، - وَأشَارَ بِيَدِهِ على أنْفِهِ - وَالْيَدَيْنِ وَالرُّكْبَتَيْنِ وَأطْرَافِ الْقَدَمَيْنِ ، وَلاَ نَكْفِتَ الثِّيَابَ وَالشَّعَرَ ).

 

         (Rowaýatlaryňbirine görä,1Abdullah) ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Maňa biri maňlaý (mübärek maňlaýyny görkezende,mübärekeli bilenburnuna-da yşarat etdi2), ikisi eller3,beýleki ikisi dyzlar, ýene ikisi aýak uçlary bolmak bilen ýedi süňk (ýagny agza) üstüne sejde etmek4we namaz okalanda köýnegiňi we saçyňy toplamazlyk5emr edildi»diýdi».

 

1Şeýle diýmek bilen Zebidi ymam Buharynyň kitabynda Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen şu hadysyň dürli ýollardan gelen kän sanly nusgalarynyň bardygyny, şu hadysyň hem şolaryň biridigini aýtmak isleýär. Olaryň iň dolusy we kämili hem şu hadysdyr.

2Allahyň Resuly (s.a.w.) hezretleri sejde agzalaryny sananda, maňlaýy we burny bir agza hasaplandygy şu rowaýatdan açyk görünýär. Mysal üçin, Nesaýydaky: «Mübärek elini maňlaýyna goýup, burnunyň üstüne tarap ýöretdi we: «Bubir»diýdi» diýen rowaýathem munuň şeýledigini has aýdyň görkezýär.

3Bu «aýalar» diýmegi aňladýar. Muňa şeýle düşünmek zerur. Mysal üçin, Müslimiň kitabynda hezreti Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namaz okaýan kişiniň sejdede wagty öz gollaryny haýwanlaryň öň aýaklaryny öňe uzadyp, olaryň üstünde ýatyşy ýaly edip uzatmagyny gadagan edipdir» diýilýär. Şonuň ýaly-da, Ibn Huzaýmanyň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda-da: «Biriňiz sejde eden wagtyňyz,gollaryňyzyköpek ýaly uzadyp, ýere ýazmaňweuýluklaryňyzy biri-birine degirmäň»diýlipdir. Müslimiň öz kitabynda Bera ibn Azybyň (r.a.) adyndan beýan eden hadysynda bolsa: «Sejde edeňde aýalaryňy ýere diräp, tirsekleriňi galdyr»diýlip, has açyk düşündirilipdir (254-nji hadysa-da seret).

4Şu hadysy-şerifdäki we şuňa meňzeş hadysy-şeriflerdäki takyklamada agzalýan ýedi agzanyň üstüne sejde etmegiň kanunylygy barada yslam alymlary bir pikirdedir. Bu agzalar (tekstdenhem aňlanylyşyna görä, ýüz, dyzlar, eller (ýagny elleriň aýasy), aýak uçlary, ýagny aýagyň barmaklarydyr. Ýüz diýip, maňlaý göz öňünde tutulýar. Sejde edeňde maňlaýyňy ýere degirmek barada pikirler bir bolsa-da, burnuňy hem ýere degirmelidigi ýa-da degirmeli däldigi baradaky mesele jedelli meseleleriň biridir. Hernäme-de bolsa, sejde edeňde maňlaý bilen birlikde burny hem ýere degirmegiň, iň bolmanda, mustahapdygynda şübhe ýokdur. Ýöne atly alymlardan köpsanlysy sejde edeňde burny ýere degirmän, diňe maňlaýyňy ýere degirmegiň ýeterlikdigi bilen ylalaşypdyrlar. Alymlaryň bu toparynyň içinde Ibn Omar (r.a.), Ata, Tawus, Hasan Basry, Ibn Sirin, Kasymibn Muhammet, Salym Ebu Ýusup, Ebu Söwr ýaly adamlar bar. Şapygy we mäliki mezhepleriniň alymlarynyň-da hemmesi şu düşünjäni kabul edip, sejde edeňde maňlaýyň bir bölegini ýere degirmegiň parzy ýerine salýandygyny, burny-da maňlaýa degişli hasap etmegiň mustahapdygyny aýdýarlar. Sebäbi, olaryň pikirine görä, sejde edeňde burny hem ýere degirmelidigi hadysy-şerifde yşarat arkaly aňladylypmyş. Şonuň üçinhem ol mendupdyr. Sejde edeňde maňlaýy ýere degirmelidigi söz bilenhem, yşarat bilenhem aňladylandygy üçin, şeýle etmek parzdyr. Şeýle bolansoň, bu pikire görä, sejde edilende diňe maňlaýyňy ýere degirmek ýeterlik bolsa-da, diňe burnuňy ýere degrip, maňlaýyňy ýere degirmezlik dogry bolmaz.

            Mälikden gelip ýeten bir söze görä, sejde edeňde hem maňlaýy, hem burny ýere degirmegiň parzdygy üçin, bulary sejdede jem etmedik kişi okan namazyny wagty çykmanka mustahap hökmünde gaýtadan okar. Namazyň wagty çykan bolsa, ony gaýtadan okamaz. Mäliki mezhebiniň alymlaryndan biri bolan Ibn Kasyma görä, namaz okaýan maňlaýdyr burnuň haýsy biriniň üstüne sejde etse-de ýeterlik bolar.

            Ebu Hanifäniň adyndan gürrüň berlip, ygtybarlydygy Buharynyň tefsirçisi Aýny tarapyndan beýan edilen bir söze görä, sejde edeňde maňlaýy ýere degirmän, diňe burny ýere degirmäge rugsat berilýärmiş. Onuň aýdan başga bir sözüne görä bolsa, üzürsüz mahalyň diňe burnuň üstüne sejde etmek bolmaz. Ebu Hanifäniň bu babatdakydelili şeýledir: emr edilen zat ýüzüň diňe bir böleginiýere degirmekdir. Sebäbi onuň hemme ýerini ýere degirmek mümkin däldir. Şeýle bolansoň, biz ýüzümiziň diňe bir bölegi bilen sejde etmäge borçludyrys. Burun bilenhem şol mukdar ýerine düşer. Ýöne şeýle görnüşde sejde etmegiň sünnete ters gelýändigi üçin, ol mekruwh bolar.

            Beýleki sejde agzalary babatda aýdylanda bolsa, iki eliňi, iki dyzyňy, iki aýagyňy ýere diremek (Şapygydan gelip ýeten bir ygtybarly söze görä) wajyp bolany üçin, namaz okaýan adam bularyň haýsydyr biriniň bir bölegini ýere degirmese, namazy dogry bolmaz. Ahmet ibn Hanbalyň hem, Züferiňhem, Yshak ibn Rahuýanyňhem pikirleri şunuň ýalydyr. Şapygynyň adyndan aýdylýan başga bir söze görä bolsa, şu agzalaryň bir bölegini ýere degirmek bilen parz ýerine salnar. Mysal üçin, «Hidaýa»atlykitapdan, hanefi mezhebine görä,şu agzalary doly ýere goýmagyň wajyp däldigi aňlanylýar. Eller diýlip, barmaklar bilen birlikde iki aýa, aýaklar diýlip hem aýagyň barmaklarynyň içýüzi göz öňünde tutulýar.

            Sejde agzalarynyň açyk ýa-da örtülgi bolmalydygy barada-da alymlar bir pikire gelipdirler. Sejde wagty açyk bolmagy parz bolan agza diňe maňlaýdyr. Elleriň we mesili bolmadyk aýaklaryň açyk bolmagy Ebu Hanife bilen Ahmet ibn Hanbala görä, sünnetdir. Mälige görä bolsa bu wajypdyr. Şapygydanhem bu babatda iki hili söz gelip ýetipdir. Olaryň has kuwatlysy şeýle etmegiň wajyp däldigi hakyndaky sözdür. Dyzlar babatda aýdylanda bolsa, uýat ýeriniň görünmek gorkusynyň barlygy üçin, olaryň ýapyk bolmagy gerekdir.

            Şu meseläniň ýene bir tarapy bolup, ol başa oralan selläniň üstüne sejde etmegiň ýeterlikdigi ýa-da ýeterlik däldigi bilen baglanyşyklydyr. Ebu Hanife, Mälik we Ahmet ibn Hanbalyň atlary bilen baglanyşdyrylýan bir rowaýata görä, selläniň üstüne sejde etmek bilen okalan namaz dogry bolar. Şapygy bilen Ahmet ibn Hanbalyň aýdan başga bir sözlerine görä, namaz okaýanyň maňlaýy sejde ýerine gönüden-göni degmese, namaz dogry bolmaz.

5Köýnek bilen saçyň namaz okamak üçin ýa-da namaz okap durkaň toplanmagy mekruwhdyr. Namazda hut namaz bilen şeýle bir derejede meşgul bolmak gerekdir, ýagny, adamyň özi-de, özüne degişli bolan zatlary-da ikinji, üçünji derejeli zada öwrülmelidir. Şu mynasybetli Buhary öz kitabyna girizen bir hadysy-şeribinde (948-nji hadys) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýagyş çisňäp durka okan namazlarynda mübärek maňlaýynda we burnunyň üstünde çygyň we palçygyň alamatlarynyň görnendigi beýan edilýär. Diýmek, ýuwaşja ýagyşa ezilmek, palçyga çalaja bulanmak hem sejdä päsgel bermeýärmiş. Sejde edilýän ýeriň toprakly, tozanly bolmagy, gör, nirelerde galdy. Ýöne, hadysy-şeribiň manysy köýnegiňi ýa-da saçyňy toplamagyň halanmaýan wagtynyň namaz okalyp durlan, rukuw we sejde edilýän wagt bilen çäklenýändigini görkezse-de, alymlaryň esasy köplügi, edil namaz okalyp durka bolşy ýaly, şeýle etmegiň namazdan öňhem mekruwhdygy bilen ylalaşýarlar. Çermenip ýa-da saçyňy depäňde toplap, ýa bolmasa, saçyň örümlerini selläniň aşagynda gizläp namaza durmak hem şonuň ýalydyr. Bu kerahet halala ýakyn kerahetdir. Şonuň üçinhem köýnegiňi ýa-da saçyňy degşirip dolamagyň namazy bozmaýandygy barada alymlaryň pikiri birdir. Diňe Hasan Basry, şeýle ýagdaý ýüze çykanda, namazy gaýtadan okamaga fetwa beripdir. Onuň bu karary Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Ebu Rafynyň (r.a.) adyndan beýan edilen ygtybarly bir hadysyň manysyna gabat gelipdir. Şol hadysda aýdylyşyna görä, Ebu Rafy (r.a.) bir gezek Hasan Müjtebanyň (r.a.) saç örüminiň uçlaryny towlap, arkasynda saklap duran ýagdaýynda namaza durandygynygörüpdir. Ol: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Ine, bu şeýtanyň münen ýeridir» diýendigini eşidendigi aýdyp, onuň saçynyň örümini çözüpdir. Bir gezek hem Abdullah ibn Harys (r.a.) saçlary depesinde toplangy ýagdaýda namaza durupdyr. Ibn Apbas (r.a.) ony şeýle halda görüp: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Bu gollary arkasynda daňylgyka namaz okan kişä meňzär» diýendigini eşitdim» diýip, onuň arka tarapynda durup, saçlarynyň baglaryny çözmäge başlapdyr.

Tefsirçiler şu gadagan etmäniň iki ýagdaý bilen baglanyşyklydygyny aýdypdyrlar. Birinjiden, bu saçlaryňhem, köýnekleriňhem sejdeden paý almaklary üçin şeýle edilipdir. Ikinjiden bolsa, ýere degmesin diýip, saçyny bogýan, çermenip, köýnegini bir ýere toplaýan kişi tekepbir adamyňka meňzeş bir keşbe girýär. Namaz okalýan ýer bolsa, Allahü tagala doly tabynlyk ýeridir.