458 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sehiw sejdesini edişi. Şu hadysdan gelip çykýan fykyh meseleleri

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 458 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sehiw sejdesini edişi. Şu hadysdan gelip çykýan fykyh meseleleri

    عَنْ عَبْدِ الله بْنِ بُحَينَةَ رَضِيَ الله عَنْهُ ، وَهْوَ مِنْ أَزْدِ شنُوأَةَ وَهْوَ حَلِيفٌ لِبَنِي عَبْدِ مَنَافٍ ، وَكَانَ مِنْ أصْحَابِ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: أنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ صَلَّى بِهِمْ الظُّهْرَ ، فَقَامَ في الرَّكْعَتَيْنِ الأُولَييْنِ لَمْ يجْلِسْ ، فَقَامَ النَّاسُ مَعَهُ حَتَّى إذَا قَضى الصَّلاَةَ ، وَانْتَظَرَ النَّاسُ تَسْلِيمَهُ ، كَبَّرَ وَهْوَ جَالِسٌ فَسَجَدَ سَجْدَتَيْن قَبْلَ أنْ يُسَلِّمْ ثُمَّ سَلَّمَ.

 

       Özi ezdi-şenuwetiresinden bolup, abdymenäf tiresiniň dosty bolan Abdullah ibn Buhaýnanyň1(r.a.) (ol Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalaryndandy2) aýtmagyna görä, bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) olaraöýle namazyny okadypdyr. Ol bu namazda ilkinji iki rekagatdan soňra teşehhüde oturmazdan, sejdeden üçünji rekagata galkypdyr. Adamlarhem oňa eýerip, birlikde aýaga galypdyrlar3. Allahyň Resuly (s.a.w.) namazyny tamamlanyndan soňra(adamlaryň onuň eginlerine salam bermegine garaşyp oturan wagty), oturan ýerinden tekbir alyp, salam bermezden, iki gezek sehiwsejdesini edipdir we soňra salam beripdir4.

 

1Rawy Abdullah ibn Buhaýnanyň (r.a.) gelip çykyşy we abdymenaf tiresiniň adamlary bilen äht edişişiwe onuň adynyň mamasy Buhaýnanyň ady bilen baglanyşdyrylmagynyňsebäbi hakyndakydüşündiriş üçin 254-nji hadysyň birinji düşündirişine we 386-njy hadysa seret.

2Ýaýyň içine alnan bu sözler rawynyň sözlerini tassyklap we güýçlendirip, olar Abdullah ibn Buhaýnanyň adyndan şu hadysy gürrüň beren tabygynyň, ýagny, Abdyrahman ibn Hurmuz Haşymynyň sözleridir.

3Ibn Huzaýmanyň rowaýatynda: «Jemagatdakylar ýalňyşanyny Allahyň Resulyna (s.a.w.) duýdurmak üçin tesbih aýtmaga başladylar we ol yzyna dönmän, ýene dowam etdi» diýen goşmaça bar. Tesbih we tesfik üçin 396-njy hadysa seret.

4Şu namazda ikinji rekagatdan soňky oturyşyň terk edilmegi sebäpli ýüze çykan ýalňyşlygyň sehiw sejdesi bilen düzedilmegi, şu oturyşyň parz däldigine delil hasaplanypdyr. Mysal üçin, Ebu Hanife, Mälik, Söwri, Şapygy, Yshak ibn Rahuýa, Leýs ibn Sagt, Ebu Söwr ýaly beýik fykyhçy alymlaryň pikiri-de şeýledir. Ol diňe Ahmet ibn Hanbala görä parzdyr.

            «Hidaýe» atly tefsirde: «Birinji oturyşda teşehhüt(«ettehiýýätü» dogasyny okamaküçin oturylýan wagt)Ebu Hanifä görä wajypdyr. Dogry bolany-da şudur» diýilýär. Hanbaly mezhebinden bolan Muwaffak Din Ibn Kudama«Mugni» atly kitabynda: «Namaz agşam namazy ýa-da dört rekagatly bir namaz bolsa,iki rowaýayňbirine görä, teşehhütleriň ikisi-de wajypdyr. Leýs bilen Yshagyň hem düşünjeleri şunuň ýalydyr» diýip, onuň wajypdygynyň tarapyny çalýar. Soňky teşehhüdiň wajypdygyna şübhe ýok. Birinji teşehhüdiň wajypdygy bilen ylalaşýanlaryň esasy delilleri şu yzdakylardan (bu ýerde wajyp diýlip, parzlar bilen hanefi mezhebiniň berýän manysyna görä, parzlaryň we sünnetleriň arasyndaky derejäni öz içine alýan wajyplar göz öňünde tutulýar):

1) Allahyň Resuly (s.a.w.) muny dowamly ýerine ýetiripdir.

2) Ol unudylan halatynda,ony sehiw sejdesi bilen düzedipdir.

3) Müslimiň kitabynda hezretiÄşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda: «Her iki rekagatda «Ettehiýýätü»dogasynyokardy» diýlipdir.

4) Hezreti Omaryň: «Teşehhütokamaýanyň namazy ýokdur» diýendigi gürrüň berilýär. Ýöne bu delil ygtybarly däldir. Sebäbi, soňky teşehhütbilen şu maksada ýetilip bilinýär.

Birinji teşehhüdimanylaryň ikisi boýunça-da wajyp görmeýän alymlar köplügi bolsa: «Allahyň Resuly (s.a.w.) (şu hadysda gürrüň berlişine görä) ikinji rekagatdan soňra teşehhüdeoturmazdan, üçünji rekagata galkypdyr we onuň ýalňyşanyny duýdurmak üçin sahabalar tesbih aýdanlarynda, teşehhütüçin dönüp oturmandyr. Eger ol wajyp bolsady, onda ony terk edenini bilen badyna dönüp, ýerine ýetirmek zerur bolardy. Ýöne, Allahyň Resuly (s.a.w.) dönüp, teşehhüdeoturman, sehiw sejdesi bilen onuň öwezini dolupdyr. Sejde bilen onuň öweziniň dolunmagy (Ahmet ibn Hanbalyň aýdyşy ýaly) wajyp däl-de, mustahapdygyny görkezýär. Sebäbi rukuw we sejde ýaly namazyň rukunlaryndan bolan hereketiň öwezi sehiw sejdesi bilen dolunmaz» diýýärler. Şu hadysyň orta atýan meseleleriniň biri-de, bu ýerde sehiw sejdesiniň salamdan öňürti ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu mesele boýunça fykyhçy alymlar üç topara bölünipdirler:

1) Sehiw sejdesi,umuman,salamdan öň ýerine ýetirilýär.

2) Sehiw sejdesi bir kemlik sebäpli ýerine ýetirilýän bolsa salamdan öň berjaý edilip, artykmaçlyk sebäpli ýerine ýetirilýän bolsa,salamdan soňa goýulýar.

3) Sehiw sejdesi,umuman,salamdan soňra ýerine ýetirilýär.

Salamdan öň sehiw sejdesini ýerine ýetirmek Şapygy bilen (bir rowaýata görä) Ahmet ibn Hanbalyň ýörelgesidir. Zühri,Mekhuwl, Rabyga ibn Sagt hem şu pikir bilen ylalaşypdyrlar. Ibn Kudamanyň «Mugni» atly kitabynda bolsa Ahmet ibn Hanbalyň mezhebi hakynda şeýle diýilýär: «Sehiw üçin edilen her bir sejde, Ahmediň mezhebine görä, salamdan öňürti ýerine ýetirilýär. Diňe salamdan soňrasejde edilmäge degişli iki ýagdaý tapawutlandyrylýar. Olaryň biri namazda birzadyň kem bolmagy (299-njy hadys), beýlekisi-de ymamyň artykmy ýa-da kem okandygyny aňynda aýlanyndan soň, eden çakynyň haýsyny üstün saýsa, şoňa görä, namazyny tamamlamagy (260-njy hadys).Beýleki ýagdaýlaryň hemmesinde bolsa sehiw sejdesi mydama salamdan öň ediler».

Sehiw sejdesini kem okalan namaz üçin salamdanöň, artyk okalan namaz üçin salamdansoňraýerine ýetiren Mälikdir.Ebu Söwr bilen hijazly fykyhçy alymlaryňhem bir topary şu pikirdedir. Olaryň kem okalan namaz üçin sehiw sejdesini salamdan öň ýerine ýetirmelidigi baradaky pikiriniň delili şu hadys bilen 260-njy we 299-njy hadyslar, şonuň ýaly-da,Nesaýynyň hem-de Tahawynyň kitaplarynda Mugawyýanyň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysdyr. Bir gezek Mugawyýa namazdaky birinji oturyşy unudypdyr. Ol aýaga galkanda,jemagat tesbih aýtmaga başlapdyr. Ol bolsa salamdan öňürti iki gezek sejde edip, salamdan soňramünbere çykypdyr we: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şeýle edenini gördüm» diýipdir. Artyk okalan namaz üçin sehiw sejdesini salamdan soňraýerine ýetirmelidigi baradaky pikirleriniň delili bolsa alymlaryň üçünji toparynyň delilleri ýalydyr.

Esasan hanefi mezhebiniň alymlary sehiw sejdesiniň salamdan soňa goýulmagynyň tarapyny çalýarlar. Olar Tahawynyň, Tirmiziniň kitaplarynda we Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Mugyra ibn Şugbanyň (r.a.) adyndan beýan edilen: «Allahyň Resuly (s.a.w.) hezretleri bize bir gezek namaz okatdy. Ol ýalňyşdy-da, ikinji rekagatdan soňra oturman, ýerinden turdy. Muny oňa duýdurmak üçin,tesbih aýtdyk. Ol üns bermän, namazyny dowam etdi. Namazy tamamlap, salam bereninden soňra hem sehiw sejdelerini ýerine ýetirdi» diýen hadysy we sahabalar tarapyndan sehiw sejdesiniň salamdan soňraýerine ýetirilişine degişli gürrüň berlen köp sanly beýleki hadyslary delil tutunýarlar. Tefsirçi Aýny sahabalardan Aly ibn Ebutalyp, Sagt ibn EbuWakgas, Abdullah ibn Mesgut, Abdullah ibn Apbas, Ammar ibn Ýasyr, Abdullah ibn Zübeýr, Enes ibn Mälik (Allah olardan razy bolsun!) we tabygyndan Ybraýym Nahaýy, Ibn Ebu Leýla, Hasan Basry, Sufýan Söwri ýaly alymlaryňhem şu pikirde bolandyklaryny beýan edýär. Hernäme-de bolsa, sehiw sejdesini salamdan öň ýa-da soňraýerine ýetirilmelidigi hakdaky jedel bularyň haýsysynyň gowudygy hakyndaky jedeldir. Ýogsam, bu sejdäniň salamdan öň ýa-da soňraýerine ýetirilmegi namazy bozmaz.