412 Nepil namazyny öýde okamagyň artykmaç tarapy hakda. Bu babatda beýleki rowaýatlar

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 412 Nepil namazyny öýde okamagyň artykmaç tarapy hakda. Bu babatda beýleki rowaýatlar

 

    عَنْ زَيْدِ بْنِ ثَابِتٍ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ اتَّخَذَ حُجْرَةً ، قَالَ: حَسِبْتُ أَنَّهُ قَالَ مِنْ حَصِيرٍ ، فِي رَمَضَانَ ، فَصَلَّى فِيهَا لَيَالِيَ ، فَصَلَّى بِصَلاَتِهِ نَاسٌ مِنْ أَصْحَابِهِ، فَلَمَّا عَلِمَ بِهِمْ جَعَلَ يَقْعُدُ ، فَخَرَجَ إِلَيْهِمْ فَقَالَ :(قَدْ عَرَفْتُ الَّذِي رَأَيْتُ مِنْ صَنِيعِكُمْ ، فَصَلُّوا أَيُّهَا النَّاسُ فِي بُيُوتِكُمْ ، فَإِنَّ أَفْضَلَ الصَّلاَةِ صَلاَةُ الْمَرْءِ فِي بَيْتِهِ إلاَّ الْمَكْتُوبَةَ).

 

       Zeýit ibn Sabyt (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek remezan aýynda Allahyň Resuly (s.a.w.) özi üçin hüjre gurundy we gijelerine şol hüjräniň içinde namaz okamaga başlady. Sahabalardan käbirleri hem onuň göreldesine eýerip, namaz okamaga başladylar. Ol mundan habardar bolup, öýünden çykman başlady we soň bir gün olaryň ýanyna çykyp: «Şu eden işiňizi görüp begendim1. Ýöne, adamlar, bu nepil namazynyöýleriňizde okaň. Sebäbi,namazyň gowusy her kimiň öz öýünde okan namazydyr. Diňeparz namazlarynymetjitde jemagat bilen okamak has sogaplydyr»2diýdi».

 

1Allahyň Resuly (s.a.w.) şu ýerde: «Tarawa namazyny jemagat bilen okamaga bolan güýçli islegiňizi görüp, begendim» diýmek isläpdir. Bu namazyň tarawa namazydygy hakynda şu hadysdan öňki hadysyň düşündirişinde delliller bilen gürrüň edilipdi. Birnäçe gije geçeninden soňraAllahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okamaga çykmandygyny gören sahabalar, özleriniň gelendiklerini we namaz okamaga taýýardyklaryny habar bermek üçin,gaty sesleri bilen tesbih aýdypdyrlar, hatda olaryň käbirleri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dynç alyp, uklap ýatandygyny çaklap, bir daş bölegini alyp, onuň gapysyny hem tyrkyldadypdyrlar.

2Parz namazlarynyň metjitde jemagat bilen okalmagy din hökümlerini bildirmek üçindir. Nepil namazlarynyň öýlerde okalmagy bolsa, beýdilip okalan namazyň göz üçin okalmak gorkusynyň ýoklugyna esaslanýar. Nepil namazlarynyň öýlerde okalmagynyň artykmaçlygyna degişli köp sanly hadysy-şerifler bar. Olaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň:

            Ibn Majäniň kitabynda Omar ibn Hattabyň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda şeýle diýilýär: «Allahyň Resulyndan (s.a.w.) bu barada soradym. Ol: «Her kimiň öz öýünde namaz okamagy babatda aýdylanda, ol bir nurdur. Şeýle bolýan bolsa, öýleriňizi nurlandyryň»diýdi».

            Ibn Majäniň Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.) adyndanbeýan eden rowaýatynda şeýle diýilýär: «Her biriňiz namazyny okap bolanyndan soň,öýüni-de namazdan nesibedar etsin. Sebäbi Beýik we Eziz Allah onuň okan namazy sebäpli,öýüni haýra beslär».

            Müslim bilen Nesaýynyň Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatlarynda hem Allahyň Resuly(s.a.w): «Öýleriňizi gabrystana öwürmäň. Hakykatdanhem,içinde «Bakara» süresi okalan öýden şeýtan gaçar»diýipdir.

            Ahmet ibn Hanbal hem musulmanlaryň enesi Äşäniň (r.a.) adyndan şu hadys bilen manydaş bir hadysy beýan edipdir.

            Ibn Maje we «Şemaýyl» atly kitabynda Tirmizi Abdullah ibn Sagdyň (r.a.) adyndan şeýle bir rowaýaty beýan edipdirler: «Allahyň Resulyndan (s.a.w.): «Öýümde ýa-da metjitde namaz okamagymyň haýsysy has sogaply» diýip soradym. Ol: «Sen meniň öýümiň metjide nähili ýakyndygyny görýärsiň. Şeýle bolsa-da, parz namazlarynyň biri bolaýmasa, metjitde namaz okanymdan,öýümde namaz okanymy has gowy görýärin»diýdi».

            Tabaranynyň «MugjemiKebir» atly kitabynda Suheýpibn Nugmanyň (r.a.) adyndanbeýan edilen rowaýatda Allahyň Resuly (s.a.w.) şeýlediýýär: «Parz bolan namazyň nepil namazyndan sogaby we artykmaçlygy nähili uly bolsa, her kimiň öz öýünde okan namazynyň her bir kişiniň görüp biljek ýerinde okan namazyndan sogaby şonça uludyr».

            Şonuň ýaly-da, köpsanly sahabalardan: «Öýleriňizde namaz okaň. Öýleriňizi gabra öwürmäň»diýen hadysy-şerif gelip ýetipdir.

            Bu hadysy-şerifdenöýde okalan nepil namazynyňmetjitde okalan nepil namazyndan sogabynyň has kändigi baradaky netije gelip çykýar. Ol metjitMekgedäki we Medinedäki, Beýtil-Mukaddesdäki abraýly metjitleriň biri bolaýsa-da,bu ýagdaý üýtgemeýär. Ebu Dawudyň öz kitabynda Zeýt ibn Sabydyň (r.a.) adyndan beýan eden bir ygtybarly hadysynda: «Eger parz namazy bolaýmasa, adamyň öz öýünde okan namazy onuň meniň şu metjidime gelipokan namazyndan has sogaplydyr»diýlip, şu pikire meňzeş pikir öňe sürülýär.

            Ýöne metjitde okamak öýde okamakdan has sogaply bolan nepil namazlary hem bar. Olaryň hataryna diňe jemagat bilen okalýan iki sany baýramçylyk namazy, ýagmyr diläp okalýan we Gün tutulanda okalýan nepil namazlary, iki rekagat togap we iki rekagat yhram (şol ýerde metjit bar bolsa) namazy, juma güni öýleden öň we öýleden soňraokalýan nepil namazlary girýär. Şapygy mezhebiniň alymlaryna görä,tahiýýetül-metjit namazy hem şolaryň hataryna goşulýar.

            Bu hadysy-şerif irki yslam alymlarynyň käbirleriniň gündiz we gije okalýan nepil namazlaryny metjitde okamagy mustahap hasaplamaklaryna garşy delil bolup hyzmat etmek bilen bir wagtyň özünde, diňe gündiz okalýan nepil namazlaryny metjitde okamagy mustahap hasaplan Sufýan Söwri bilen Mäligiň garşysyna-da delildir.