467 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazlardan soňky tehlili we dogasy. Bu meselä degişli beýleki rowaýatlar

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 467 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazlardan soňky tehlili we dogasy. Bu meselä degişli beýleki rowaýatlar

     عَنِ الْمُغِيرَةِ بْنِ شُعْبَةَ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ كانَ يقُولُ فِي دُبُرِكُلِّ صَلاَةٍ مَكْتُوبَةٍ: (لاَ إلهَ إلاَّ الله وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ ، لَهُ الْمُلْكُ وَلَهُ الحَمْدُ وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيءٍ قَدِيرٌ ، اللَّهُمَّ لاَ مَانِعَ لِمَا أَعْطَيتَ ، وَلاَ مُعْطِي لِمَا مَنَعْتَ ، وَلاَ ينْفَعُ ذَا الجَدِّ مِنْكَ الجَدُّ).

 

         Mugyra ibn Şugba1(r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) her bir parz namazyndan soňra2: «Lä ilähe illallähu wahdehülä şeriýke lehü. Lehül-mülküwe lehül-hamdü3we hüwe alä külli şe’in kadyýr4. Allahümme lä mänialimä e’taýte welä mu’tiýe limä mena’te welä ýenfeu ze’l-Jeddi minke’l-Jedd»5diýerdi».

 

1Buhary bu hadysy Mugyra ibn Şugbanyň azat eden guly we kätibi Werrädiň adyndan beýan edýär. Werrät: «Mugyra ibn Şugba özüniň Mugawyýa iberen bir hatynda maňa: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ... (yzy şu hadysdaky ýaly)» diýip ýazdyrdy» diýýär. Buhary bu hadysy birnäçe ýerde beýan edipdir. Olaryň käbirinde: «Mugawyýa öz adyndan Mugyra: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) namazdan soňra näme okandygynyeşidişiň ýaly edip maňa ýazyp iber» diýip bir hat ugratdy» diýlip, onuň namazdan soňky zikrler hakynda bilmek isländigi aýdylýar. Käbirlerinde-de umumy şekilde: «Allahyň Resulyndan (s.a.w.) näme eşiden bolsaň, maňa ýazyp iber» diýip ýazandygy beýan edilýär. Mugawyýa tarapyndan şol döwürde Kufäniň emiri edilip bellenen Mugyra-daoňa jogap hökmünde şu hadysy (beýleki rowaýatlarda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hut özünden eşidendigini aýtmak bilen) hatüsti bilen oňaiberýär. Diýmek, hadys Mugyranyň Allahyň Resulyndan (s.a.w.) eşiden hadysydyr. Şonuň üçinhem Zebidiniň bu hadysy: «Mugyra ibn Şugba (r.a.) şeýle diýipdir» diýip beýan etmäge başlamagy ýerine düşüpdir.

2Buharynyň öz kitabynda ýerleşdiren başga bir rowaýatynda: «Parz namazyndan soňra» diýlip nygtalmandygyna görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) parz we nepil namazlarynyň hemmesinden soňrabu tehlil we dogany mydama gaýtalandygy hakynda netije çykarmak mümkin bolsa-da: «Hadys hadysy düşündirýändir» diýen kada esasynda, bu ýerde aýdylan sözi beýleki nusgalara-da degişli hasap etmek gerek. Buharynyň öz kitabynda ýerleşdiren rowaýatlarynyň birinde: «Salamdan soň» diýen söz düzüminiňhem barlygyndan çen tutup, bu tehliliň we doganyň salamdan soň aýdylandygyny aňlamak mümkin.

3Tabaranynyň beýan eden ygtybarly rowaýatynda: «We lehül-hamdü» sözlerinden soň: «Ýuhýi we ýumiýtü. We hüwe haýýun lä ýemuwtü. Biýedihil haýru. We hüwe alä külli şeý’in kadyýrun»diýlipdir.

4Buharynyň öz kitabyna girizen rowaýatlarynyň birinde bu tehlili-şeribiň üç mertebe gaýtalanmalydygy aýdylýar. Bu tehlil Ibn Huzaýmanyň, Ahmet ibn Hanbalyň we Nesaýynyň kitaplarynda-da şeýle görnüşde beýan edilipdir. Şoňa laýyklykda, bu bölegi üç gezek gaýtalamaly boljak.

5Manysy: «Ýeke-täk Allahdan başga hudaý ýokdur. Onuň bir şärigi ýokdur. Mülk Onuňkydyr. Hamd Oňa mahsusdyr. Her bir zada güýji ýetýänhem Oldur. Allahym, Seniň bermegiňe päsgel berip biljek hiç zat ýok, bermedigiňi berip biljek hem ýok. Bagtly we baý kişiniň bagtdyr baýlygy Seniň haýyr we yhsanyňyň ýerini tutup, oňa peýda bermez(dogrusyny bir Allah biler)».

            Adamlaryň arasynda dilden-dile geçip ýören zikrde: «Welä mutiýe limä mene’te» sözlerinden soňra: «Welä raadde limä kazaýte», ýagny: «Seniň hökümdir kazaň nähili bolsa-da, ony yzyna gaýtaryp biljek ýok» goşmaçasy bolup, bu goşmaça ygtybarly hadyslar jemlenen alty kitapda ýokdur. Ol Abd ibn Humeýdiň «Müsned» atly kitabynda bar. Ýöne ol ýerde-de: «We lä mutiýelimämene’te» söz düzümi ýok.

            Mugawyýa ibn Ebu Sufýanyňhem (r.a.): «Her namazyň ahyrynda salam bereninden soň Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Allahümme lä mänia limä a’taýte... minkel-Jeddü»diýýändigini eşitdim» diýen bir rowaýaty bar. Başga bir gürrüňe görä, Mugawyýa ibn Ebu Sufýan (r.a.) münbere çykyp: «Eý, adamlar, Allahyň öňe düşürenini yzda galdyrjak ýok, yza galdyranyny-da öňe düşürjek ýok. Bermegine päsgel berjek hem ýok. Bagt we baýlyk eýeleriniň bagtdyr baýlygy-da Onuň haýyr we yhsanynyň ýerini tutup, peýda bermez. Allah kime ýagşylyk etmek islese, ony dinde ylym we fykyh eýesi eder» diýeninden soň: «Men muny Allahyň Resulyndan (s.a.w.) şu agaçlaryň, ýagny şu münberiň üstünde durka eşitdim» diýip, hadysyPygamberimize (s.a.w.) baglapdyr.

            Buharynyň başga bir ýerde beýan etmegine görä, Abdaibn Ebu Lübäbe bu hadysy Werrätden eşideninden soň, Mugawyýanyň ýanyna gidendigini we ýanyna baranda,bu zikri aýtmaklaryny Mugawyýanyň adamlara emr edişini diňländigini gürrüň berýär. Bu rowaýatlardan Mugawyýanyň bu hadysy aslynda bilendigini, hatda ony Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özünden eşidendigini aňlamak bolýar. Beýle bolsa, onuň Mugyra ibn Şugbahat ýazyp, bu hadysy soramagynda nämemany bar? Bu edil Jabyribn Abdullahyň (r.a.) öz bilýän bir hadysyny Ukba ibn Amir Jüheniden (r.a.) ýene bir gezek soraşy ýalydyr. Olaryň maksady bilýänlerini berkitmek we gaýtadan eşitmekdir. Şonuň ýaly-da,olaryň maksady unudylan bir zat bar bolaýsa, ony şeýdip ýada salmak hem bolup biler.

            Mugyranyň ýazan hatynda, Buharynyň başga ýerlerdäki rowaýatlaryna görä, şu goşmaça-da bar: «Şeýle hemAllahyň Resuly (s.a.w.) gybat etmegi, köp-köp soraglar bermegi, baýlygy ýerliksiz sowurmagy, berilmeli zady bermezligi, almaga hukugyň ýok zady islemegi, eneleri diňlemezligi, gyzlary diriligine ýere gömmegi gadagan ederdi».

            Namazdan soňra bu zikri okamak mustahap bolşy ýaly, okalmagy mustahap bolan başga zikrlerhem bar. Müslim öz kitabynda Abdullah ibn Zübeýriň (r.a.) her namazdan soň salam berip: «Lä ilähe illallahüwahdehülä şeriýke lehü. Lehül-mülkü we lehül-hamdü we hüwe alä külli şein kadyýrun. Lä hawle welä küwwete illä billähi. Welä na’budu illä iýýähü. Lehün-ni’metüwelehül-fazlüwe lehüs-senäül-Hasanü. Lä ilähe illallamuhlisyýne lehüd-diýne we lew kerihel-käfiruwne»diýendigini we: «Allahyň Resuly (s.a.w.) her namazdan soň bu hormatly sözler bilen tehlil aýdardy» diýip sözüniň üstüne goşandygyny beýan edýär. Ibn Huzaýmanyň Ebu Bekriň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazlardan soň: «Allahümme inniý a’uwzübike minel-küfri wel-fakri we azäbil kabri»dogasyny okandygy aýdylýar. Şonuň ýaly-da,Ibn Huzaýmanyň Ukba ibn Amiriň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatynda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) her namazdan soňra muawwizätiokamagy maňa emr etdi» diýilýär. Şuňa degişli başga-da rowaýatlar bar. Mysal üçin, Ebu Nugaým Yspyhany ertir we agşam namazlaryndan soň, gürrüňleşmezden öňürti on gezek: «Lä ilähe illallahüwahdehülä şerike lehü. Lehül-mülküwe lehül-hamdüwe hüwe aläkülli şe’in kadyýrun»diýen kişiniň gazanjak peýdalary uzyn-uzyn sanalyp geçilýän bir hadysy beýan edýär. Şonuň ýaly-da, ol: «Her kim ertir namazyndan soň üç gezek: «Estagfirullahel-azyýmelleziý lä ilähe ilä hüwewe etuwbü ileýhi» diýse, günäsideňziň köpükleriýalyköp bolsa hem bagyşlanylar»diýen hadysy beýan edipdir. Şeýle hem,Hapyz Ebu Nugaým öz kitabynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) parz namazlarynyňhem, nepil namazlarynyňhem soňundan: «Allahümmegfirliý hataaýää-eküllehä. Allahümmehdiniý lisaalihil-a’mäli wel-ahläky: innehülä ýehdiý lisaalihihä welä ýasrifüan seýýi-ihä illä ente», ýagny: «Allahym, günälerimiň hemmesini bagyşla. Allahym amalyň salyhyna, ahlagyň gowusyna alyp barjak ýoly maňa görkez. Sebäbi gowularyň ýoluny görkezjek, erbetlerinden gorap saklajak diňe Sensiň»diýmegi hiç terk etmändigini beýan edýär.

            Ibn Sünni hem Ebu Ümämäniň (r.a.) adyndan: «Her kim parz namazyndan soň «Aýetel-kürsi» bilen «Kulhüallähu ahady» okasa, onuň bilen jennetiň arasynda diňe ölüm bar»diýen hadysy gürrüň beripdir.