398 Hassalan döwründe Allahyň Resulynyň (s.a.w.) oturyp jemagata ymamlyk etmegi we namazy nähili okamalydygyny jemagata düşündirmegi. Şu hadysdan gelip çykýan fykhy meseleler we olar barada çykarylan käbir netijeler

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 398 Hassalan döwründe Allahyň Resulynyň (s.a.w.) oturyp jemagata ymamlyk etmegi we namazy nähili okamalydygyny jemagata düşündirmegi. Şu hadysdan gelip çykýan fykhy meseleler we olar barada çykarylan käbir netijeler

   وعَنهَا رضي الله عنها قَالَتْ: صَلَّى رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فِي بَيْتِهِ وَهُوَ شَاكٍ ، فَصَلَّى جَالِسًا ، وَصَلَّى وَرَاءَهُ قَوْمٌ قِيَامًا ، فَأَشَارَ إِلَيْهِمْ: ( أَنْ اجْلِسُوا). فَلَمَّا انْصَرَفَ قَالَ: ( إِنَّمَا جُعِلَ الإِمَامُ لِيُؤْتَمَّ بِهِ ، فَإِذَا رَكَعَ فَارْكَعُوا ، وَإِذَا رَفَعَ فَارْفَعُوا ، وَإِذَا صَلَّى جَالِسًا فَصَلُّوا جُلُوسًا).

 

         Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) keselli halynda1öz Bagtyýar Öýünde2bir gezek namaz okadypdy. Bu namazy ol oturyp, bir topar adamlarhem yzynda aýak üstünde durup okadylar3. Allahyň Resuly (s.a.w.) olara: «Oturyň!»diýip yşarat etdi we namazyny tamamlanyndan soňra hem: «Oňa uýulsyn diýip, ymam bellenýär4. Şeýle bolany üçin, ol rukuwa giden wagty rukuwa baryň, başyny galdyranda-da,başyňyzy galdyryň. «Semiallahu limen hamideh»5diýen wagty: «Rabbenä lekel hamd»6diýiň. Oturyp namaz okan ýagdaýynda hem oturypnamaz okaň»7diýdi».

 

1Bu Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öňki hadyslarda gürrüňi edilen keseli, ýagny, onuň ölümine sebäp bolan keseli däldir. Hümeýtiniň (Buharynyň kitabyndaky rowaýata görä) düşündirişi boýunça,şondan öňhem Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek dik durup namaz okamagaýaramandyr. Bu onuň jennete tarapuçup gitmeginden biraz öňräk bolup geçipdir. Ol şonda namazyny oturyp okapdyr we yzynda dik duran jemagata-da oturmagy buýrupdyr. Onuň şol gezekki ýarawsyzlygynyň sebäbi Enes bilen Jabyryň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda düşündirilipdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek atly barýarka,bir hurma agajybilen çakyşyp, atdan agypdyr. Şonda onuň sag tarapy sypjyrylypdyr. Jabyryň rowaýatyndan belli bolşuna görä, şonda onuň mübärek aýaklary-da ýaralanypdyr. Şol sebäpli hem namaz okamak üçin Metjidi-Şeribe çykmandyr we namazy oturyp okamaga mejbur bolupdyr.

2«Süneni Ebu Dawut» we «Sahyhy Ibn Huzeýme» atly kitaplarda Ebu Sufýanyň Jabyryň (r.a.) adyndan gürrüň beren rowaýatyna görä, bu namaz Äşäniň hüjresindäki balkonda (şahneşinde) okalypdyr. Bu balkon beýigräkde ýerleşeni üçin,jemagat bilen namaz okanda ymamyň durýan ýeri jemagatdan ýokarda bolup çykýardy. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şol günlerde bedenine düşen ýara sebäpli birnäçe günläp Metjidi-Şeribe çykmandygyny we kimler öz ýanynda bar bolsa, diňe şolara namaz okatdyrandygyny aňlamak bolýar. Şol döwrüň dowamynda Metjidi-Şerifde namaz okatdyrmak üçin Allahyň Resulynyň (s.a.w.) kimi özüne orunbasar belländigi hakynda maglumat ýok.

3Enes bilen Jabyr ibn Abdullahyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatlara görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu hassalygy wagtynda ony soramak üçin Bagtyýar Öýüne barar ekenler. Bu zyýarat mahalynda namaz wagty giräýse, Allahyň Resuly (s.a.w.) ymam bolup, şol ýerdäkilere namaz okadypdyr, ýöne Enesiň rowaýatynda Äşäniň rowaýatyndan tapawutlylykda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) oturyp namaz okaýardy. Bizhem onuň arkasynda oturyp namaz okadyk» diýilýär. Jabyryň rowaýatynda bolsa: «Ýagdaýyny soramaga gitdik. Onuň oturan ýerine, ýagny, Äşäniň hüjresiniň balkonyna baryp,nepilnamazyny okamak bilen meşgul bolduk. Biz aýak üstünde namaz okadyk. Beýle edenimiz üçin ol sesini çykarmady. Soňra hem bir gezek ony soramaga gitdik. Bu gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) parz namazyny oturyp okady. Bizhem onuň yzynda durup, aýak üstünde oňa uýduk. Ol yşarat edeninden soň, biz aşak oturdyk. Ol namazyny tamamlap: «Ymam namazyny oturyp okasa, sizhem oturyp okaň. Aýak üstünde durup okasa-da, aýak üstünde namaz okaň-da, Ähli-Farsyň (ajamlylaryň) öz beýikleri babatda edişleri ýaly etmäň»diýdi» diýlipdir. Mundan Äşäniň hüjresinde birnäçe gezek namaz okalandygyny aňlamak bolşy ýaly, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) nepil namazy bilen parz namazynyň arasynda bu babatda parh goýandygynyhem görmek bolýar. Jabyryň şu hadysy Äşe bilen Enesiň rowaýatlarynyň arasyndaky tapawutlary hem barlyşdyrýar. Görnüşine görä, Enes (r.a.) Allahyň Resulyny (s.a.w.) soramaga ikinji gezek baranlaryň arasynda bolup, şonda-da sahabalaryňnamazyň başynda aýak üstünde durup, soňra hem Allahyň Resulynyň (s.a.w.) yşarat etmegi bilen aşak oturandyklary üçin, musulmanlaryň enesi başlangyç ýagdaýy, Enes bolsa soňky ýagdaýy beýan eden bolup çykýarlar. Ýogsam, olar namazyň başynda oturan bolsadylar,onda namazdan soňraigenmäge Allahyň Resulyna (s.a.w.) sebäp galmazdy.

4Buharynyň kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatyň şu ýerinde: «Oňa, ýagny,ymama ters iş etmäň»diýen goşmaça bar.

5Bu jümläniň beýik manysy şeýledir: «Gudratly we Beýik Allah özüne hamd aýdanyň hamdyny eşidip, kabul etdi».

5Bu jümläniň beýik manysy şeýledir: «Ýa Reb, hamd Saňa mahsusdyr. Biz saňa boýun egdik. Ýa Reb, ybadatymyzy kabul et. Saňa boýun egýänimiz we ýalbarýanymyz üçinhem Saňa hamd bolsun!»

6Şu hadysa esaslanylyp, käbir şerigat meseleleri barada netije çykarylypdyr:

1) Dik duranlar oturana uýup bilerler. Ýöne diňe şu hadysa esaslanyljak bolunsa, dik duranyň dik durana, oturanyňhem oturana uýmagy wajyp ýaly bolupgörünse-de, öňki hadys bilen birlikde alyp, pikir öwrülse, bu wajybyň mustahaba has golaýdygy görner we dik duranyň oturana uýmagy dogry bolup çykar.

2) Ähli hereketleriňde ymama eýermek wajypdyr. Ymama uýan adam rukuwda, sejdede we namazyň beýleki hereketlerinde ondan öňe geçmez. Müslimiň kitabynda Ebu Hüreýräniň adyndan beýan edilen rowaýatda:«Ymamdan öňe geçmäň. Tekbiri ol tekbir alan wagty alyň» diýlipdir. Şu hadysyň Ebu Dawudyň kitabyndaky nusgasynda: «Ol rukuwa gidýänçä, rukuwa, sejde edýänçä-de seždä gitmäň» diýen goşmaça bar. Buhary hem şunuň bilen baglanyşyklylykda Mesgudyň (r.a.): «Ne rukuwda, ne sejdede ymamlaryňyzdan öňe geçmäň. Araňyzda biri ymam heniz sejdede wagty başyny galdyrsa, derrew sejdä dolanyp, başyny galdyryp, näçe duran bolsa, şonça wagtlap sejdede dursun we soňra ymama tabyn bolsun» diýendigini-de beýan edýär.

Ebu Hanife wezipeleriň hadysdaky bölünişine esaslanyp, ymamyň diňe «Semiallahu limenhamideh», oňa uýanlaryňhem oňa jogap hökmünde: «Rabbenälekel hamd» diýmelidigini aýdýar. Mälik we bir rowaýata görä, Ahmet ibn Hanbal hem şu pikirde bolupdyrlar. EbuÝusup, Muhammet ibn Hasan, Şapygy,başga bir rowaýata görä, Ahmet ibnHanbal ymamyň olaryň ikisini hem diýmelidigini aýdýarlar. Ymama uýan adam babatda aýdylanda bolsa, hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, ol diňe: «Rabbenä lekel hamd»diýmelidir. Şapygy bilen Mälige görä bolsa ol: «Semiallahu limen hamideh»hem diýmeli.