409 Namazda saplaryň göni we syk bolmalydygy hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 409 Namazda saplaryň göni we syk bolmalydygy hakda

    عَنِ النُّعْمَانِ بْنِ بَشِيرٍ رَضِي الله عَنْهُ قالَ: قَالَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (لَتُسَوُّنَّ صُفُوفَكُمْ ، أَوْ لَيُخَالِفَنَّ الله بَيْنَ وَجُوهِكُمْ).

 

       Nugman ibn Beşir (Ensary) (r.a.) şeýle diýipdir:«Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ýa saplaryňyzy düzeldersiňiz1,bolmasa-dahökman Allahü tagalanyň ýüzleriňizi aýry-aýry taraplara öwrüşiniň2şaýady bolarsyňyz»diýdi»3.

 

1Saplaryň düzeldilmegi diýmek sapda duranlaryň bir çyzyga düzülmeklerini, sapda boş ýer bar bolsa, onuň doldurylmagyny aňladýar. Saplar doly, üznüksiz we boýdan başa doldurylan bolmalydyr. Öňdäki sapşunuňýalyedip doldurylmazdan, ikinji sapda,olhem şeýdip doldurylmazdan, üçünji sapda durmak bolmaz.

2Ýüzleriňaýry-aýry taraplara öwrülmegi musulmanlaryň arasynda oňşuksyzlygyň ýüze çykmagyny aňladýar. Namaz saplarynyň bozuk bolmagy Allahü tagalanyň kalplaryň bozuklygy ýaly bir ýowuz azabyna duçar bolunmagyna sebäp bolýar. Käbir alymlar«MüsnediAhmet»kitabynda Ebu Umamanyň (r.a.) adyndan beýanedilenrowaýatda:«Saplaryňyzy düzeldiň, ýogsam ýüzleriňiz üýtgediljekdir»diýlendiginden çen tutup, bu hadysda aýdylyşy ýaly, ýüzleriň aýry-aýry taraplara öwrülmegine: «Musulmanlaryň arasyna oňşuksyzlyk düşmek»diýip göçme manyda düşünilmegine zerurlygyň ýokdugy aýdylýar. Olar 400-nji hadysda namazyň hereketlerini ýerine ýetirenlerinde,ymamyň yzyna eýermeýänleriň eşek sypatyna girjekdigi hakynda aýdylana göni manysynda düşünenadamlarýaly, bu ýerde aýdylana-da:«Ýüzüňiz yzyňyza öwrüljekdir»diýip,göni manyda düşünýärler. Ebu Umamanyň rowaýatyndaky«üýtgediljekdir»sözi«tams»diýen arap sözüniň terjimesi bolup, ol bir zatdan bir nyşanyň ýitmegini aňladýar. Ýüzleriň üýtgedilmegi babatda aýdylanda bolsa,Ragyp Yspyhanynyň«Mufredat»atly kitabynda aýdylyşyna görä, ol ýa bu dünýäde, ýa-da ahyrýetde ýüzleriň maýmynlaryňky we köpekleriňki ýaly gyl bilen örtülip, tanalmaz bir şekile gelmegini aňladýarmyş. Şeýlelik bilen,Ragyp hem bu söz düzümine özüçe göçme many berýär.

3Bu hadysy-şerif Müslimiň kitabynda Nugman ibn Beşiriň adyndan şeýle beýan edilýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) saplarymyzy bir peýkam ýasaýan ussa öz ýasajak peýkamyny nähili dogrulaýan bolsa, şonuň ýaly edip, göni bir görnüşe getirerdi. Ol şeýle etmegi bolmalysy ýaly öwrenýänçäk,saplarymyzy dogrulamagy öwretdi durdy. Günleriň birinde ol namaz okamak üçin hüjresinden çykyp, mihraba geçdi. Ol başlangyç tekbiri aljak bolup durka, döşi sapdan öňe saýlanyp duran birini gördi. Şondan soňra ol: «Saplaryňyzy düzeldiň, ýogsam... (yza şu hadysdaky ýaly)»diýdi».

            Ebu Dawut«Sünen»atly kitabynda ýene Nugmanibn Beşiriň (r.a.) adyndan:«Allahyň Resuly (s.a.w.) namaz okamak üçin aýaga galkamyzda hatarlarymyzy dogrulardy. Saplar düzeleninden soňra hem tekbir alardy»diýen rowaýaty beýan edýär. Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan saplaryň dogrulanmagyna berlen ähmiýeti Müslimiň kitabynda Ebu Hüreýräniň adyndan beýan edilen: «Namazda saplary dogrulaň, sebäbi sap dogrulamak namazyň dogry okalmagynyň gurallaryndandyr»hadysy hem aýdyň görkezýär. Gepiň keltesi, saplaryň göni bolmagy jemagat namazlarynyň dogry okalmagynyň şertleriniň biridir. Ebu Hanife, Mälik we Şapygy muny namazyň sünneti hasaplapdyrlar. Ibn Hazm Zahyrybolsa onuň parzdygyna ynanypdyr. Ol:«Çünki,namaz parzdyr. Namazyň parzy-da şunuň bilen tamam bolýar. Şoňa laýyklykda, bu-da parzdyr»diýýär. Ýöne saplaryň dogrulanmagy parz bolsa-da, onuň namazyň içine girmeýändigi sebäpli,saplar dogrulanmazdan okalan namazy gaýtadan okamak gerek bolmaz. Diňe saplary dogrulaman namaz okamak saplary dogrulamalydygy baradaky emre garşy geleni üçin,uly günä gazanylmagyna sebäp bolar. Şol sebäpli bolsa gerek: hezreti Omar (r.a.) saplary dogrulamaga birnäçe adamy ýörite jogapkär edip, saplaryňdogrulananlygy özüne habar berilýänçä,başlangyç tekbiri almaz eken. Hezreti Osman bilen hezreti Aly-da muňa örän uly üns berip: «Dogrulanyň!»diýip buýruk bererdiler, hatda Aly (r.a.) atlaryny tutup: «Pylany, öňe süýş, pylany yza çekil»diýip, bu iş bilen ýörite meşgul bolar eken.