414 Namaz okap, kyýamda duran wagtyň elleriňi nirede goýmalydygy hakda. Müjtehit alymlaryň we fykyhçy alymlaryň bu mesele babatdaky düşünjeleri

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 414 Namaz okap, kyýamda duran wagtyň elleriňi nirede goýmalydygy hakda. Müjtehit alymlaryň we fykyhçy alymlaryň bu mesele babatdaky düşünjeleri

    عَنْ سَهْلِ بْنِ سَعْدٍ رَضِي الله عَنْهُ قالَ: كَانَ النَّاسُ يُؤْمَرُونَ أنْ يَضَعَ الرَّجُلُ الْيَدَ الْيُمْنَى على ذِرَاعِهِ الْيُسْرَى في الصَّلاةِ.

 

         Sehl ibn Sagt (Sagydy) (r.a.) şeýle diýipdir: «Adamlar namaz okanlarynda1,olara sag penjelerini çep bilekleriniň üstüne goýmak emr edilerdi»2.

 

1Namazdakyzikr we Kuranyň aýatlary okalýan kyýam (aýak üstünde dik durulýan wagt) wagty göz öňünde tutulýar.

2Buharynyň rowaýat etmegine görä, rawy Ebu Hazym Seleme ibn Dinar: «Meniň çak edişime görä, Sehl ibn Sagt (r.a.) şeýle diýmek bilen, muny emr edeniň Allahyň Resulydygyna (s.a.w.) yşarat edýär»diýipdir. Ýagny, sag penjäniň çep bilegiň üstünde goýulmalydygyny aýdan Allahyň Resulydyr (s.a.w.). Şundan hem, namaz okanyňda elleriňi gowşurmagyň sünnetdigi görünýär.

            Namazda sag penjäňi çep eliň üstünde goýmak,hanefi, şapygywe hanbalymezhepleriniň alymlaryna görä, sünnetdir.

            El baglamazlyk diňe ymam Mäligiň mezhebine mahsusdyr.

            Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä,eller göbegiň aşagynda, şapygy mezhebiniň alymlaryna görä bolsa, döşüň ýokarsynda ýa-da aşagynda baglanýar. Tirmizi şeýle diýýär:«Sahabalar, tabygynlar we tebei-tabygynlar sag ellerini çep elleriniň üstünde goýýardylar. Käbirleri elleri göbegiň ýokarsynda, başga bir topary-da göbegiň aşagynda baglardylar... (dogrusyny Allahü tagala bilýär)». Elleri döşüň üstünde baglamagy saýlap alanlar muny tabynlygyňy bildirip, niýetleriň jemlenýän ýeri bolan kalby goramaga yşarat edýändigi üçin saýlap alypdyrlar. Göbegiň aşagynda el gowşuranlarhem uýat ýeriňi ýapmaga amatly we öňlügiň (izaryň) aşak gaçmagynyň öňüni almaga has amatly we Ähli-Kitabyň we zenanlaryň ybadat eden wagtlary ellerini tutuşlaryndan has tapawutlanýandygy üçin şeýtmegi saýlap alypdyrlar.