381 Ýoluň üstünde ýatan we ynsanlara ezýet berýän zady galdyrmagyň artykmaç tarapy we şehitleriň toparlary hakda. Şehidiň söz hökmündäki we dini manysy. Şehitleriň toparlary

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 381 Ýoluň üstünde ýatan we ynsanlara ezýet berýän zady galdyrmagyň artykmaç tarapy we şehitleriň toparlary hakda. Şehidiň söz hökmündäki we dini manysy. Şehitleriň toparlary

 عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ :أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ: (بَيْنَمَا رَجُلٌ يَمْشِي بِطَرِيقٍ ، وَجَدَ غُصْنَ شَوْكٍ على الطَّرِيقِ فَأَخَّرَهُ ، فَشَكَرَ الله لَهُ فَغَفَرَ لَه).

 ثُمَّ قالَ: (الشُّهَدَاءُ خَمْسَةٌ: الْمَطْعُونُ ، والْمَبْطُونُ ، وَالْغَرِيقُ ، وَصَاحِبُ الهَدْمِ ، وَالشَّهِيدُ في سَبِيلِ الله).

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bir gezek biri ýol bilen barýarka,ýoluň üstünde ýatan bir tiken şahasynyň üstünden bardy. Ol şahany alyp, ýoluňgyrasyna taşlady. Allahü tagala onuň bu eden işini gowy gördi we günälerini bagyşlady»1diýdi.

 Soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) sözüni dowam etdirip: «Şehitler bäş hilidir: mergiden ölen, garyn keselinden wepat bolan2, suwa gark bolan, üstünden zat gaçyp ölen we Allahü tagalanyň ýolunda şehit bolan3, ýagny, öldürilen»diýdi».

         Hadysyň galan bölegi öňde beýan edilipdi4.

 

1Ýolagçylara päsgelçilik döretjek zadyňýoluň üstünden aýrylmagynyňartykmaçlygy şu hadysdan görünýär. Bir tikenli şahany ýoluň üstünden aýyrmak ýaly ýeňil bir iş Allahü tagalanyň razylygyna mynasyp bolýan bolsa, has ähmiýetli amalyň Onuň ýanynda nähili gadyrynyň boljakdygyny göz öňünde getiriberiň. Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen we şu kitapda 9-njybolup gelýän hadysyň başga ýollar arkaly gelip ýeten bir nusgasynda: «Bu bölekleriň iň ulysogaplysy: «Lä ilähe illallah» diýmek,sogabyiň kiçisi bolsa, ýoldan päsgelçilik berip biljek zady aýyrmakdyr»diýen goşmaça bar.

2Tefsirçiler bu ýerde içgeçme ýa-da içe suw ýygnanma ýaly garyn keselleriniň biri sebäpli wepat bolan adam hakda gürrüň gidýändigini aýdýarlar.

3«Şehit» sözüniň hakyky manysy «öldürilen» diýmegi aňladýar. Mundan öňki dördüsine göçme manyda şehit diýlipdir. Olar Alltagalanyň ýanynda şehitlik mertebesine mynasyp bolsalarhem,bu dünýäniň şertlilikleri boýunça olara şehit diýilmez. «Şehit» sözüniň:«Şehitlikden peýdalanan we şehitlik bilen gazanyljak hakyň eýesidigine şaýatlyk edilen adam», şonuň ýaly-da,«öldürilen adam» diýen manylary bar. Birinji manysyndan çen tutsaň, adam ölen pursatynda ýanynda perişdeler peýda bolup, şaýatlyk edendikleri ýa-da Allahü tagala tarapyndan onuň jennete girjekdigine şaýatlyk edileni üçin,beýle ýagdaýda ölen adama şeýle at berlen bolup çykýar.

            Allahü tagalanyň ýolunda şehit bolan adam hanefimezhebiniň alymlaryna görä: «Müşrükler tarapyndan öldürilen ýa-da jeň meýdanynda ýaraly bolup, ele düşen ýa-da musulmanlar tarapyndan nähak öldürilip, öldürileni üçin hun tölenmeýän» adam hökmünde, Mälige,Şapyga we Ahmet ibn Hanbala görä bolsa: «Söweş meýdanynda kapyrlaryň öldüren adamy» hökmünde häsiýetlendirilýär. Şehit kepenlense-de, onuň jesedi ýuwulmaz. Bu meselede ylym eýeleriniň pikiri birdir. Diňe Hasan Basry bilen Sagyt ibn Müseýýep: «Şehit ýuwlar» diýipdirler. Ýöne olaryň bu pikirine görä amal eden bolmandyr. Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, şehidiň jynaza namazy okalar. Abdullah ibn Apbas, Abdullah ibn Zübeýr, Utba ibn Amir, Ykryma, Sagyt ibn Müseýýep, Hasan Basry, Mekhuwl, Sufýan Söwri, Ewzaýy, şapygy mezhebiniň alymlaryndan Müzeni, bir rowaýata görä, Ahmet ibn Hanbal hem şeýle pikirde bolupdyrlar. Mälik, Şapygy we Yshak ibnRahuýa ýaly alymlara görä bolsa, şehidiň jynaza namazy okalmaz. Hatda Newewi«Mühezzep» atly tefsirinde: «Namazyny okamagyň gadagandygy çözülen meseledir» diýýär. Medinäniň halky hem şu pikirdedir. Ibn Hazm bolsa onuň islegiňe baglydygyny aýdýar. Ol: «Islense okalar, islenmese okalmaz» diýýär.

            Buharynyň tefsirçisi Kirmany şehitleri üç topara bölýär:

1) Bu dünýäniň we ahyrýetiň şehitleri. Olar kapyrlar bilen söweşip, Allataglanyň ýolunda öldürilenlerdir.

2) Diňe ahyrýet şehitleri. Şehitleriň şu hadysda sanalyp geçen beýleki dört görnüşine degişliler şu topary hasyl edýär. Şerigatyň bulara bolan garaýşy beýleki ýogalan musulmanlara bolan garaýşy ýalydyr.

3) Diňe bu dünýäniň şehitleri. Olara şehit ady berilse-de, hakykatda şehit däldirler. Olaryň hataryna jeň meýdanyndan gaçyp barýarkalar öldürilenler, olja paýlaşylmazyndan ozal olja alnan bir zady öz hasabyna geçirip,umumy hazyna goşmadyk ýagdaýlarynda jeň meýdanynda öldürilenler ýa-da kelemesini öwürmezden, bir dünýewi bähbitüçin urşup ölenler girýärler.

Ebu Hüreýräniň(r.a.)bu ýerdäki rowaýatynda Allahü tagalanyň ýolunda ölen şehitden başga şol derejä eýe ýene dört dürli şehit hem sanalyp geçilipdir. Ýöne Ymam Mäligiň «Muwatta» atly kitabyndaky rowaýatda şehitleriň ýedi topardygy aýdylyp, onda bu ýerde bäşinji topara degişli edilenler, ýagny, Allahü tagalanyň ýolunda şehit edilenler agzalman, bu ýerde sanalyp geçilmediklerdenplewrit(öýkene suw ýygnanma)keselinden ölenler, otda ýananlar we göwrelikä ýa-da heniz gyzka ölen zenanlar öňküleriň üstüne goşulýar.

Ebu Dawudyň, Nesaýynyň, Ibn Hybbanyň, Hakimiň kitaplarynda Jabyr ibn Uteýk Ensarynyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatlarhem Mäligiň kitabyndaky ýalydyr. Diňe bularda Allahü tagala ýolunda öldürilenler-deagzalyp, şehitleriň olardan başga ýene ýedi görnüşi sanalyp geçilýär.

Ibn Majäniň kitabynda Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Garybyň, ýagny, bir ülkede keseki bolan, hiç kimi bolmadyk adamyň ölümi hem şehitlikdir»diýilse-de, bu rowaýat ygtybarly däldir. Şonuň ýaly-da,Ibn Apbasyň adyndan beýan edilen rowaýatda: «Kim birine aşyk bolup, päkligini saklasa, söýgüsini gizlin saklasa, soňra hem ölse, şol şehit bolup ölen bolar» diýilýär. Ýöne bu hem ygtybarsyz hasaplanylypdyr.

Ibn Asakyryň kitabynda ýene Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda şehitleriň arasynda tüýküligine düwnüp ýogalanlar we ýyrtyjy haýwanlaryň ýaralamagy netijesinde ýogalanlarhem sanalyp geçilýär.

4Bu hadysyň galan bölegi, eýýäm beýan edilen 366-njyhadysdyr. Buharynyň kitabynda:«...We aýtdy...»diýlip, şol hadys beýan edilýär. Gysgaça,şu ýerdäki rowaýat bäş sany hadysy özünde jemläpdir. 1) Tikenli waka; 2) Şehitler baradaky hadys; 3) 366-njyhadysdaky gurradan söz açýan hadys; 4) Ýene şol hadysdaky jemagat namazynyň artykmaçlygy hakyndaky hadys; 5) Emedekläp hem bolsa, jemagat namazyna barmak hakyndaky hadys.