475 «Juma gününiň gusuly her bir kämillik ýaşyna ýeten kişä wajyp hökmündedir» hadysy. Bu hadysdan çykarylan fykhy hökümler

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 475 «Juma gününiň gusuly her bir kämillik ýaşyna ýeten kişä wajyp hökmündedir» hadysy. Bu hadysdan çykarylan fykhy hökümler

     عَنْ أَبِي سَعِيدٍ الْخُدْرِيِّ رَضِي الله عَنْهُ: عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: ( الْغُسْلُ يَوْمَ الْجُمُعَةِ وَاجِبٌ عَلَى كُلِّ مُحْتَلِمٍ ).

 

       Ebu Sagyt Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Juma gününiň gusuly her bir kämillik ýaşyna ýeten kişä wajyp hökmündedir»1diýdi».

 

1Kämillik ýaşyna ýetmek juma gününiň gusulynyň şerti bolanyndan soň, juma namazy-da, beýleki namazlar-da kämillik ýaşyna ýetmedik çaga üçin wajyp däl bolup çykýar. Alymlaryň esasy köplüginiň pikiri şunuň ýalydyr. Aslynda Buharyözkitabynyň «Juma kitaby» bölüminden bolan bu hadysy (mundan öňki we soňky iki hadys bilen birlikde) bu ýerde, ýagny täret, gusul, jemagata goşulmak babatda çaganyň borçludygy ýa-da däldigi hakyndaky bapda ýerleşdirmek bilen şony düşündirmek isläpdir.

            Şonuň ýaly-da, gusul almak borjy üstüne ýüklenmese-de, täret almak we namaz okamak borçlarynyň çaganyň üstüne has öň, ýagny on ýaşynda düşýändigi hakyndaky pikiri öňe sürenlerhem bar. Olaryň delilleri-de Ebu Dawudyň kitabynda Sebre ibn Magbet Jüheniniň we Abdullah ibn Amr ibn Asyň (r.a.) atlaryndan beýan edilen iki hadysdyr. Olaryň birinjisinde: «Çaga ýedi ýaşyndaka, oňa namaz okamagy öwrediň, on ýaşyndaka-da ony terk edeni üçin uruň», ikinjisinde-de: «Çagalaryňyza ýedi ýaşyndaka namaz okamagy emr ediň. On ýaşynda-da namazy terk edeni üçin uruň. Düşeklerini aýryň» diýlipdir. Ine, şundan çen tutup, bu alymlar: «On ýaşyndaky çagany namazy terk edeni üçin urmak, oňa namazyň wajyp bolany üçindir» diýýärler. Mysal üçin, ymam Ahmet ibn Hanbal, bir rowaýata görä, bu pikir bilen ylalaşypdyr. Ymam Şapygynyňhem bu pikir bilen ylalaşandygy aýdylýar. Fykyhçy alymlaryň esasy köplügi bolsa onýaşdaky çaga namazyň wajypdygy bilen ylalaşmaýarlar. Onuň urulmagy namazyň oňa wajyp bolanlygy üçin däl-de, namaz okamaga endik etdirmek üçindir. Beýhaky bu hadyslaryň: «Kämillik ýaşyna ýetmedikçagadan kalemi-teklif (şarpyk çalyp, talap etmek) galdyrylandyr»hadysy bilen ýatyrylandygyny aýdýar.

            Bu hadysda: «Wajypdyr» diýilmeli ýerde: «Wajyp hökmündedir» diýlip terjime edilmegi,bu ýerdäki wajybyň terk edilen halatynda jezasy çekilmeli dini adalga hökmündäki wajyp bolmandygy bilen baglanyşyklydyr. Bu ýerdäki wajyp: «Hakyň biridir» diýmegi aňladýar. Alymlar köplügine görä, bu gusul wajyp däldir. Şu kitapdaky tertip boýunça, indiki üç hadysdan soňrahas giňiş beýan ediljek bu hadysyň hökümi barada, inşallah, gürrüň ediler.