444 Ymam: «Semiallahu limen hamideh» diýende: «Allahümme Rabbenä lekel hamd» diýmelidigi, kimiň şeýle diýmegi perişdeleriň şol sözleri aýtmagyna gabat gelse, onuň öňki eden günäleriniň geçiljekdigi hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 444 Ymam: «Semiallahu limen hamideh» diýende: «Allahümme Rabbenä lekel hamd» diýmelidigi, kimiň şeýle diýmegi perişdeleriň şol sözleri aýtmagyna gabat gelse, onuň öňki eden günäleriniň geçiljekdigi hakda

 

     عَنْ أَبى هُرَيْرَةَ رَضِيَ الله عَنْهُ أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ: ( إذَا قالَ الإمَامُ سَمِعَ الله لِمَنْ  حَمِدَهُ ،  فَقُولُوا: اللَّهُمَّ رَبَّنَا لَكَ الحَمْدُ ، فَإنَّهُ مَنْ وَافَقَ قَوْلُهُ قَوْلَ الْمَلائِكَةِ غُفِرَ لَهُ ما تَقَدَّمَ مِنْ ذَنْبِهِ ).

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ymam: «Semiallahülimen hamideh» diýdimi, sizhem: «Allahümme Rabbenä lekel hamd» diýiň1. Sebäbi, kimiň şeýle diýmegi perişdeleriň şeýle diýmegine gabat gelse, öňki eden günäleri bagyşlanar»diýdi».

 

1Bu iki sany mübärekjümläniň ymam bilen oňa uýanyň arasynda paýlanmalydygy we ymamyň diňe: «Semiallahülimen hamideh», oňa uýanyňhemdiňe: «Allahümme Rabbenä lekel hamd»diýmelidigi bilen ylalaşýan Mälik bilen Ebu Hanife şu hadysy delil tutunýarlar.

Şapygy we hanbaly mezhepleriniň alymlary we yrakly fykyhçy alymlardan bolan Ebu Ýusup, Muhammet ibn Hasan ýaly beýikler bolsa şu hadysdan: «Semiallahülimen hamideh»diýmek bilen birlikde: «Rabbenä lekel hamd»hemdiýiň»diýen manyny çykarýarlar. Sebäbi, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) olaryň ikisini hem diýendigi subut edilendir. Şonuň ýaly-da: «Meniň nähili edip namaz okaýandygymy görseňiz, şonuň ýaly edip okaň»hadysy-şeribi hem ygtybarlydyr. Şoňa laýyklykda, soňky ady tutulan fykyhçy alymlaryň pikirine görä, özbaşdak namaz okaýan kişi bilen ymamyň şol jümleleriň ikisini hem bilelikde aýtmaklary zerurdyr. Şapygy mezhebiniň alymlary bolsa, onuňhem üstesine, ymama uýan kişiniň-de şol iki jümläniň ikisini hem aýtmalydygy bilen ylalaşýarlar (436-njy we 439-njy hadyslara-da seret).