448 Enes ibn Mäligiň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okaşyny görkezişi

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 448 Enes ibn Mäligiň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okaşyny görkezişi

 

      عَنْ أنَسٍ رَضِيَ الله عَنْهُ: أنَّهُ كانَ يَنْعَتُ لَنَا صَلاَةَ رَسُولِ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، فَكانَ يُصَلِّي ، فَإذَا رَفَعَ رَأْسَهُ مِنَ الرُّكُوعِ قامَ حَتَّى نَقُولَ قَدْ نَسِيَ.

 

       (Sabyt ibn Eslem Bünäni şeýle diýipdir): «Enes (r.a.) bizeAllahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okaýşynydüşündirerdi. Ol namaz okap, başyny rukuwdan galdyranyndan soň, aýaküstündeşeýle bir köpwagtlap durardy welin: «Sejdä barmagy unutdymyka?» diýdirerdi»1.

 

1Buharynyň has jikme-jik beýan eden başga bir rowaýatynda Enes (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) bize nädip namaz okadan bolsa, size-de şonuň ýaly edip namaz okatmakdan ýüz öwürmeýärin» diýýär. Soňra Sabyt ibn Eslem Bünäni onuň namaz okaşy barada gürrüň berip: «Enes (r.a.) siziň etmeýän bir zadyňyzy ederdi. Ol başyny rukuwdan galdyranyndan soňraşeýle bir köp wagtlap aýak üstünde durardy welin, ony synlan kişi sejdäni unutdymyka diýjekdi. Iki sejdäniň arasynda-da ýenedaşyndan synlana: «Ikinji sejdä gitmegi unudaýdymyka?» diýdirjek derejede köp wagtlap oturardy» diýýär. Müslimiň kitabyndaky bir rowaýatda: «Sejdä gitmegi unutdymyka?» diýmegiň ýerine: «Sejdeden ýüz öwürdimikä?» diýlipdir.

            Şu hadysy-şerif aralyk durumyň bir uzyn rukundygynadelil getirmek üçin ulanylýar. Şapygy mezhebinden Newewi şu mezhebiň ýörgünli düşünjesine (441-nji hadysyň düşündirişine seret) garşy çykybrak, bu rukunyň uzaldylmagynyň bolýandygyny aýdyp, sözüni delillendirmek üçin,Müslimiň kitabynda Huzaýfanyň (r.a.) adyndan beýan edilen bir hadysa ýüzlenýär. Şol hadysda Huzaýfahezretleri şeýle diýýär: «Bir gezek Allahyň Resulynyň (s.a.w.) yzynda durup (ýagny, oňa uýup), gije namazyny okapdym. Ol«Bakara» süresinden okamaga başlady. Men: «Ýüz aýat okanyndan soňrarukuwa gider» diýip, içimden pikir etdim. Şol wagt şondanhem aňry geçdi. Men içimden: «Süräni bir rekagatda okajak bolýar» diýdim. Birden ol «Nisa» süresini okamaga başlady. Ony-da okap gutaranyndan soň, «Äli-Ymran» süresini okamaga başlady. Ony-da doly okady. Okanda-da howlukmaýardy. Içinde tesbih bolan aýat geçende, tesbih aýdardy. Dileg ediljek ýer gelende, dilegde bolardy. Azap aýatyny okanda,Allahü tagala sygynardy. Soňra ol rukuwa bardy-da: «Sübhane Rabbiýel-azyým» diýmäge başlady. Onuň rukuwy-da kyýamy ýalyrak dowam etdi. Soňra: «Semiallahülimen hamideh» (başga bir rowaýatda: «Rabbenä we lekel hamd» goşmaçasy-da bar) diýip, uzak wagtlap, ýagny, rukuwda duran wagty ýalyrak aýak üstünde durdy. Soňra sejdä gidip: «Sübhane Rabbiýel agla» diýdi. Sejdesiniň uzaklygy-da aýakda duran wagtyna golaýdy».

            Newewi şu hadysy-şeribiň ygtybarlydygyny göz öňünde tutup, aralyk durumyň gysga bir rukundygybaradaky pikiri goramagyň örän kyn düşýändigini we bu rukunyuzaltmagy saýlamakdan başga çäre galmaýandygyny aýdýar.