425 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda okan bir süresi

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 425 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda okan bir süresi

    عَن عَبُدِاللهِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي الله عَنْهُمَا قال: إِنَّ أُمَّ الْفَضْلِ سَمِعَتْهُ وَهْوَ يَقْرَأُ: وَالمُرْسَلاَتِ عُرْفا. فَقَالَتْ: يَا بُنَيَّ ، وَالله لَقَدْ ذَكَّرْتَنِي بِقَرَاءَتِكَ هذِه السُّورَةَ ، إنَّها لآخِرُ ما سَمِعْتُ مِنْ رَسُولِ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَقْرَأُ بِهَا فِي الْمَغْرِبِ.

 

         Abdullah ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek ejem ÜmmiFazl1«Welmurseläti urfen»(«Murselät»süresiniň 1-nji aýaty)süresini okandygymy eşitdi. Ol maňa ýüzlenip: «Oguljygym, Allahdan ant içýärin, şu süräni okamak bilen, köne derdimi täzelediň. Şu süre Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam namazynda okanyny eşiden iň soňky sürämdir» diýdi»2.

 

1ÜmmiFazl Lübäbe binti Harys Hylalyýýa(r.a.) musulmanlaryň enesi Meýmuwne binti Harysyň (r.a.) ganybir aýal dogany we Allahyň Resulynyň (s.a.w.) doganoglany Apbas ibn Abdylmuttalybyň (r.a.) aýaly bolup, ol Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hem aýalynyň aýal dogany, hem-deýeňňesi bolýar. Onuň hijretden öňmi ýa-da soňraiman getireni jedelli meseledir. Ýöne IbnSagt musulmanlaryň enesi Hatyja Kubradan (r.a.) soňra ilkinji iman getiren zenanyň şoldugyny aýdýar. Apbas ibn Abdylmuttalybyň (r.a.) Fazl, Abdylla, Ubaýdylla, Kusem,Magbet, Abdyrahman,ÜmmiHabyp (Allah olardan razy bolsun!) atly çagalary şondan bolandyr. 276-njyhadysyň düşündirişinde gürrüňi edilen ÜmmiFazl, ine, şudur. ÜmmiFazl hezretlerine Lübäbetül-Kubradiýilýär. Bu onyatabir aýal dogany we HalytibnWelidiň (r.a.)ejesi bolanLübäbeSugradan tapawutlandyrmak üçin şeýdilipdir. Lübäbetül-Kubranyň ejesine Hawlabinti Awf diýýärdiler. Ol kuraýyş tiresindendir. LübäbeSugranyň ejesi bolsa Fähite binti Amirdir. Ol sekafiýe tiresindendir. Bular bir ata bilen bir eneden, atabir, enebir bolmak bilen on bäş ýa-da on alty sany aýal dogan ekenler. Esma binti Umeýs Hasamiýýe bilen onuň bir atadyr eneden dogan uýasy Selmä binti Umeýs şolardandyr.

            Esma (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) doganoglanynyň ogly Japar ibn Ebutalybyň(r.a.)aýaly we Abdullah ibn Japaryň (r.a.) ejesidir. Ol Hebeşistanahijret eden irki musulman zenanlardandyr. Ol Japar Taýýaryň Muwtadaşehit bolmagyndan soň, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) buýurmagy bilen Ebu Bekr Syddyga (r.a.) baryp, ondan Muhammet ibn Ebu Bekri dogrupdyr. Hezreti Syddyk (r.a.) dünýäden öteninden soňrabolsa,ony hezreti Aly Murtaza (r.a.) nikalap alyp, onuň Awf we Ýahýa atly ogullary şondan bolupdyr.

            Selma(r.a.) hemAllahyň Resulynyň (s.a.w.) doganoglan agasy Hamza ibn Abdylmuttalybyň (r.a.) aýalydyr. Ibn Apbasyň (r.a.) gürrüň beren bir hadysynda Allahyň Resuly (s.a.w.) şeýle diýýär: «Aýal doganlaryň dördüsi-de – ÜmmiFazl hem, Meýmuwne hem, Esma hem, Selmahem – bularyň bary mömindirler».

            Käte Allahyň Resuly (s.a.w.) zyýarat maksady bilen ÜmmiFazlyň öýüne gelerdi. Ümmi Fazl hezretleri bilen baglanyşykly şeýle bir hekaýat hem üns berilmäge mynasypdyr: Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hoşlaşyk Hajy mahaly Arafa gününde onuň agzynyň beklidigini ýa-da bekli däldigini bilmändirler. Şu jedeli çözmek üçin, Ümmi Fazl hezretleri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna bir käse süýt ugradypdyr. Allahyň Resuly (s.a.w.) Arafada duran ýerinde şol süýdi içipdir we onuň agzynyň bekli däldigini bilipdirler. Ümmi Fazl hezreti Osmanyň (r.a.) haliflik eden zamanynda öz adamsy Apbasdan(r.a.) öň dünýäden ötüpdir.

2Buhary şu hadysy-şeribi Allahyň Resulynyň (s.a.w.) wepat bolmagy bilen baglanyşykly bapda beýan edende,ÜmmiFazlyň şu ýerde aýdanlarynyň üstüne goşup aýdan: «Mundan soňra päk Ruhuny Haktagala alýança,Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek hem bize namaz okatmady» diýen sözlerini hem getirýär. Şu sözlere görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) jemagat bilen okan iň soňky namazynyň agşam namazydygy aňlanylýar. Ýöne 397-nji hadysaberlen ikinji düşündirişde beýan edilişine görä, musulmanlaryň enesi Äşe hezretleri (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okadan soňky namazynyň öýle namazydygyny aýdypdyr. Buharynyň bu iki rowaýatyny ylalaşdyranlar Äşäniň(r.a.) gürüňini eden namazynyň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Metjidi-Şerifde ymam bolup okan iň soňky namazydygyny, Ümmi Fazlyň (r.a.) gürrüňini eden namazynyň bolsa onuň öz öýünde ymamlyk edip okan iň soňky namazydygyny aýdypdyrlar. Mysal üçin, Nesaýynyň kitabyndaky rowaýatda Ümmi Fazl: «Bize Bagtyýar Öýünde agşam namazyny okatdy» diýýär. Şonuň ýaly-da, Tirmiziniň kitabyndaky rowaýat: «Ümmi Fazl aýtdy: «Allahyň Resuly (s.a.w.) kesellän mahaly mübärek başy daňyly halda ýanymyza çykyp, agşam namazyny okatdy we «Murseläti» okady. Ine, şundan soňra Allahü tagala gowuşýança,bu namazy bir gezek hem okatmady» görnüşinde beýan edilipdir. Bu aýdylanlardan çen tutup, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýatan ýerinden turup, öz öýünde garaşyp oturan jemagatyň ýanyna barandygy hakynda netije çykarylsa, onda bu iki ygtybarly hadysyň beýan edýän wakalarynyň tapawutlydygy has hem äşgär bolar. Diýmek, Äşäniň (r.a.) gürrüňini eden namazy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Metjidi-Şerifde ymamlyk edip okan iň soňky namazy bolup, Ümmi Fazl hezretleriniň gürrüňini eden agşam namazy-da öz öýünde jemagata okadan soňky agşam namazydyr (325, 335, 426, 427-nji hadyslara-da seret).