397 Iň soňky gezek hassalanda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) jemagata namaz okatmak üçin metjide çykmak islemegi, ýöne özünden gidip, şeýle etmäge mümkinçiligi bolmansoň, namazy Ebu Bekriň (r.a.) okatmalydygy barada buýruk bermegi

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 397 Iň soňky gezek hassalanda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) jemagata namaz okatmak üçin metjide çykmak islemegi, ýöne özünden gidip, şeýle etmäge mümkinçiligi bolmansoň, namazy Ebu Bekriň (r.a.) okatmalydygy barada buýruk bermegi

عن عَائِشَةَ رَضِي الله عَنْهَا قالت: لما ثَقُلَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (أَصَلَّى النَّاسُ). قُلْنَا لاَ ، هُمْ يَنْتَظِرُونَكَ ، قَالَ: ( ضَعُوا لِي مَاءً فِي الْمِخْضَبِ ). قَالَتْ فَفَعَلْنَا، فَاغْتَسَلَ ، فَذَهَبَ لِيَنُوءَ فَأُغْمِيَ عَلَيْهِ ، ثُمَّ أَفَاقَ ، فَقَالَ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: ( أَصَلَّى النَّاسُ ). قُلْنَا : لاَ ، هُمْ يَنْتَظِرُونَكَ يَا رَسُولَ اللَّهِ ، قَالَ: ( ضَعُوا لِي مَاءً فِي الْمِخْضَبِ). قَالَتْ: فَقَعَدَ فَاغْتَسَلَ ، ثُمَّ ذَهَبَ لِيَنُوءَ فَأُغْمِيَ عَلَيْهِ ، ثُمَّ أَفَاقَ فَقَالَ: ( أَصَلَّى النَّاسُ). قُلْنَا: لاَ ، هُمْ يَنْتَظِرُونَكَ يَا رَسُولَ اللَّهِ ، فَقَالَ: ( ضَعُوا لِي مَاءً فِي الْمِخْضَبِ). فَقَعَدَ فَاغْتَسَلَ ، ثُمَّ ذَهَبَ لِيَنُوءَ فَأُغْمِيَ عَلَيْهِ ، ثُمَّ أَفَاقَ فَقَالَ: ( أَصَلَّى النَّاسُ). فَقُلْنَا: لاَ ، هُمْ يَنْتَظِرُونَكَ يَا رَسُولَ اللَّهِ ، وَالنَّاسُ عُكُوفٌ فِي الْمَسْجِدِ ، يَنْتَظِرُونَ النَّبِيَّ عَلَيْهِ السَّلاَمُ لِصَلاَةِ الْعِشَاءِ الآخِرَةِ ، فَأَرْسَلَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ إِلَى أَبِي بَكْرٍ: بِأَنْ يُصَلِّيَ بِالنَّاسِ ، فَأَتَاهُ الرَّسُولُ فَقَالَ: إِنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَأْمُرُكَ أَنْ تُصَلِّيَ بِالنَّاسِ ، فَقَالَ أَبُو بَكْرٍ ، وَكَانَ رَجُلاً رَقِيقاً: يَا عُمَرُ صَلِّ بِالنَّاسِ ، فَقَالَ لَهُ عُمَرُ: أَنْتَ أَحَقُّ بِذَلِكَ ، فَصَلَّى أَبُو بَكْرٍ تِلْكَ الأَيَّامَ ، ثُمَّ إِنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَجَدَ مِنْ نَفْسِهِ خِفَّةً ، فَخَرَجَ بَيْنَ رَجُلَيْنِ ، أَحَدُهُمَا الْعَبَّاسُ ، لِصَلاَةِ الظُّهْرِ ، وَأَبُو بَكْرٍ يُصَلِّي بِالنَّاسِ ، فَلَمَّا رَآهُ أَبُو بَكْرٍ ذَهَبَ لِيَتَأَخَّرَ ، فَأَوْمَأَ إِلَيْهِ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ بِأَنْ لاَ يَتَأَخَّرَ ، قَالَ:( أَجْلِسَانِي إِلَى جَنْبِهِ ). فَأَجْلَسَاهُ إِلَى جَنْبِ أَبِي بَكْرٍ ، قَالَ: فَجَعَلَ أَبُو بَكْرٍ يُصَلِّي وَهُوَ يَأْتَمُّ بِصَلاَةِ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ، وَالنَّاسُ بِصَلاَةِ أَبِي بَكْرٍ ، وَالنَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَاعِدٌ.

 

         Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýagdaýy agyrlaşan wagty, ol: «Adamlar namaz okadylarmy?» diýip sorady. «Ýok, ýa Allahyň Resuly, saňa garaşýarlar» diýdik. Ol: «Meniň üçin legene suw guýuň» diýip buýruk berdi. Suw guýduk. Ol ýuwundy. Soňra hem ýerinden turmakçy bolanda,özünden gitdi. Özüne geleninden soňraýene: «Adamlar namaz okadylarmy?»diýip sorady. «Ýok, ýa Allahyň Resuly, saňa garaşýarlar» diýdik. Ol ýene: «Meniň üçin legene suw guýuň» diýdi we legeniň içinde oturyp ýuwundy. Soňra ýerinden turmakçy bolanda,ýene özünden gitdi. Soňra hem özüne gelip: «Adamlar namaz okadylarmy?» diýip sorady. «Ýok, ýa Allahyň Resuly, saňa garaşýarlar» diýdik. Ol ýene: «Meniň üçin legene suw guýuň» diýdi we legeniň içinde oturyp, ýuwnanyndan soň, ýerinden turmaga synanyşanda, ýene özünden gitdi. Soňra hem özüne gelip: «Adamlar namaz okadylarmy?»diýip sorady. «Ýok, ýa Allahyň Resuly, saňa garaşýarlar» diýdik.

         Adamlar Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýassy namazyna çykmagyna garaşýardylar. Şondan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) adamlara namaz okatdyrmagy üçin Ebu Bekre habar ýollady. Habar bermäge giden adam Ebu Bekriň ýanyna baryp: «Allahyň Resuly (s.a.w.) saňa adamlaranamaz okatmagy buýurýar» diýdi. Ebu Bekr ýuka ýürekli bir adamdy. Ol Omara ýüzlenip: «Ýa Omar, adamlara sen namaz okat» diýdi1. Omarhem oňa: «Sen muňa has mynasypsyň» diýip jogap berdi. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýaramadyk şol günlerinde,namazy Ebu Bekr okatdy. Soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) mübärek göwresinde ýeňillik duýup, birisi Apbas bolan iki adama daýanyp, öýle namazyny2 okatmak üçin metjide çykdy. Şol wagt Ebu Bekr adamlara namaz okadýardy. Oňa gözi düşen Ebu Bekr yza çekilmek isledi.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Yza çekilme!» diýip, oňa yşarat etdi we: „Meni onuň ýanynda oturdyň” diýdi. Olar hem ony Ebu Bekriň ýanynda oturtdylar. Ebu Bekr Pygamberimiziň (s.a.w.) namazyna, jemagat hem Ebu Bekriň namazyna uýýardy. Pygamberimiz (s.a.w.) namazyny oturyp okaýardy3».4

        

1Ebu Bekr Syddygyň (r.a.) hezreti Omara (r.a.) eden bu teklibi Allahyň Resulynyň (s.a.w.) emrine garşy çykmak (Allahü tagala görkezmesin!) niýetiniň bolandygyny aňlatman, onuň ýüreginiň ýukalygy we açykgöwünliligi hem-de bu beýik emre garşy çykýandyrynhem öýdüp pikir etmändigi bilen baglanyşyklydyr.

2Hut şu namazdan söz açylýan 387-nji hadysda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okadan bu namazynyň haýsy wagtyň namazydygy aýdylmaýar. Bu hadysdan bolsa onuň öýle namazydygy belli bolýar.

3 387-nji hadysda bu sözler Amaşyň aýdan sözleri hökmünde beýan edilen bolsa, bu ýerde olar musulmanlaryň enesiniň adyndanberilýär. Äşe (r.a.)buýerde: «Ebu Bekr Pygamberimiziň (s.a.w.) namazyna, jemagat hem Ebu Bekriň namazyna uýýardy. Pygamberimiz (s.a.w.) namazyny oturyp okaýardy» diýýär.

4Hadysyň «Sahyhy Buhary» kitabyndaky tekstiniň ahyrynda şeýle bir goşmaça-da bar: «Rowaýatçy Ubaýdylla ibn Abdullah şeýle diýýär: «Ibn Apbasyň (r.a.) ýanyna bardym we oňa ýüzlenip: «Allahyň Resulynyň kesellän döwri hakynda Äşäniň (r.a.) maňa gürrüň berenlerini saňa aýdaýynmy?» diýdim. «Aýt» diýdi. Men Äşäniň gürrüň beren hadysyny oňa aýdyp berdim. Ol hadysda aýdylanlaryň hiç birini inkär etmedi. Soňra hem: «Apbas bilen birlikde Allahyň Resulyna (s.a.w.) goltgy bereniň adyny saňa aýtdymy?» diýdi. Men: «Ýok» diýdim. Ibn Apbas: «Ol Aly ibn Ebutalypdyr» diýdi».

            Şu hadysdan bir ýetmezi (üzüri) bolany üçin,oturyp namaz okamaga mejbur bolanyň özi ýaly üzürlilere-de, aýak üstünde durup,namaz okamaga ýagdaýy barlara-da ymamlyk edip biljekdigi hakynda netije çykarylýar. Belli bolan bir söze görä, Mälik muňa garşy bolup, ony diňe Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özüne degişli aýratynlyk hasaplapdyr. Muhammet ibn HasanŞeýbany-da bu pikiri goldap, ony hashem berkitmek üçin Jabyr Jugfynyň Şagbynyňadyndan beýan eden: «Bilip goýuň, soňra hiç kim oturyp ymamlyk etmesin»diýen hadysy delil getirýär. Jabyr Jugfynyň ygtybarly rowaýatçylardan däldigi we hadysyň-da mürsel (arada sahabalara salgylanylman, göni Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adyndan beýan edilýän) hadys ýaly bolup görünýändigi üçin, bu hadysygtybarly hadyslaryň garşysyna delil bolup bilmejek hadys hökmünde ret edilipdir. Käbirleri bolsa: «Ol ygtybarly bolaýanda-da,beýle etmäge rugsat berilmeýändigi baradaky pikiriň garşysyna delil bolup bilmez. Sebäbi şu hadys: «Bilip goýuň, mundan soňra hiç kim oturana ymamlyk etmesin» diýen manyny aňladyp,manysyolaryň diýýäniniň büs-bütin tersinedir» diýipdirler.

            Ebu Hanife, Ebu Ýusup, Şapygy, Ewzaýy, başga bir rowaýata görä, Mälik ýaly alymlar dik durmaga ýagdaýy barlaryň oturana uýup namaz okamaklarynarugsat beripdirler we Äşäniň (r.a.) şu hadysyny delil tutunypdyrlar. Sebäbi, şu hadysda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ymamlyk eden iň soňky namazy hakda gürrüň edilýär. Şonda Allahyň Resuly (s.a.w.) oturyp, jemagathem dik durup namaz okaýar we Allahyň Resuly (s.a.w.) şol ýerdäkilere: «Oturyp namaz okaň» diýmeýär. 149, 292, 293, 394, 395-nji hadyslara-da seret).