447 Allahyň Resuly (s.a.w.) «Semiallahu limen hamideh» we «Allahümme Rabbenä lekel hamd» jümleleri (tesmi’ we tahmid) hakda

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 447 Allahyň Resuly (s.a.w.) «Semiallahu limen hamideh» we «Allahümme Rabbenä lekel hamd» jümleleri (tesmi’ we tahmid) hakda

 

     عَنْ رِفَاعَةَ بْنِ رَافعٍ الزُّرَقِىِّ رَضِيَ الله عَنْهُ قالَ: كُنَّا نُصَلِّى يَوْماً وَرَاءَ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، فَلَمَّا رَفَعَ رَأْسَهُ مِنَ الرَّكْعَةِ ، قَالَ: ( سَمِعَ الله لِمَنْ حَمِدَهُ) ، فَقَالَ  رَجُلٌ وَرَاءَهُ : رَبَّنَا وَلَكَ الحَمْدُ ، حَمْداً طَيِّباً مُبَارَكاً فِيهِ ، فَلَمَّا انْصَرَفَ قالَ: ( مَنِ الْمُتَكَلِّمُ)؟ قالَ: أَنَا ، قالَ: (رَأيْتُ بِضْعَةً وَثَلاَثِينَ مَلَكاً يَبْتَدِرُونَهَا ، أيُّهُمْ يَكْتُبُهَا أوَّلُ).

 

       Ryfa ibn Rafy Ensary Zurakyý1(r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gün Allahyň Resulynyň (s.a.w.) yzynda durup, namaz okaýardyk2. Ol rukuwdan mübärek başyny galdyranda: «Semiallahülimen hamideh» diýdi. Onuň yzynda durup namaz okaýanyň biri3: «Rabbenä we lekel hamdü. Hamden keseýran taýýiben mübäreken fiýhi» diýdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) namazyny tamamlanyndan soňra: «Ýaňy dillenen kimdi?» diýip sorady. Ol hem: «Ýa Allahyň Resuly, mendim» diýdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) şondan soňra: «Wallahi: «Bu sözi haýsymyz öňürti ýazyp, Hakyň huzuryna çykararkak» diýip, otuza ýakyn perişdäniň4ýaryş edýändiklerini gördüm» diýip seslendi»5.

 

1Ebu Mugaz Ryfa ibn Rafyibn Mälik Zurakyý (r.a.) Bedir söweşine gatnaşanlaryň biridir. Onuň kakasy Rafy ibn Mälik bolsa Bedir söweşine gatnaşmasa-da, Akaba äht edişliginde bolupdy we abraýly adamlaryň biridi. Hijretden öňki döwrüňiçinde medineliler «Ýusup» süresini ilki bolup şondan eşidipdirler. Onuň kowumy bolan züreýk tiresine degişli metjit Medinedäki ilkinji Kuran okalan metjitdi. Akabadaky kasam edişlikden soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) on ýylyň içinde Kuranyň näçe mukdary inen bolsa, şolaryň baryny bir wagtyň özünde Rafy hezretlerine öwredipdir we onuň ýat tutmaga ökdeligine haýran galypdyr. Ine, ol şular ýaly gymmatly ylym alyp we dogry ýoluň nämedigini bilip, öz ýurduna dolananyndan soň, dost-ýarlaryny daşyna toplap, olara Kurany-Kerimi okap beripdir we olaryň köpüsiniň dogry ýoly saýlamagyna sebäp bolupdyr.

            Ryfa ibn Rafy (r.a.) hem Bedir söweşinden başlap, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bagtyýar zamanyndaky din ugrundaky uruşlaryň hemmesine gatnaşmak hormatyna eýe bolan bagtyýar sahabalardan biridir. Ol hijriniň 41-njiýa-da 42-nji ýylyndadünýäden ötüpdir. Onuň Jemel we Syffyn wakalaryna gatnaşandygy barada-da rowaýatlar bar.

2Bişr ibn Omar Zehräniniň Ryfa ibn Rafynyň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatynda şu namazyň agşam namazlarynyň biridigi beýan edilýär.

3Bu adam rawy Ryfa ibn Rafy Zurakyýyň (r.a.) özüdir. Onuň adyndan beýan edilen başga bir rowaýatda munuň şeýledigini görkezýän delilhembar. Şol rowaýatda ol namaz okap durka asgyrandygyny we şondan soňra: «Şany Beýik bolan Allahü tagala, söýüp, razy bolşy ýaly,riýadan we suma’dan arassa, haýry boldan hem-de mydamalyk bolankän-kän hamd bolsun» diýendigini we namazdan soňraAllahyň Resulynyň (s.a.w.) birnäçe gezek soramagybilen şu sözleri özüniň aýdandygyny boýun alandygyny habar berýär. Onuň asgyrmagynyň rukuwdan galynýan zamana gabat gelendigini çak edip, iki rowaýatda bir wakadan söz açylýandygyny aýdyp bolar.

4Müslimiň kitabynda Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda on iki, Tabaranynyň Ebu Eýýup Ensarynyň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatynda bolsa on üç perişdäniň gürrüňi edilýär. Bu perişdeler haýyr we şer işlerimizi ýazýan perişdelerden başga perişdelerdir. Mysal üçin, Buharynyň we Müslimiň kitaplarynda Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysdaky: «Allahü tagalanyň ýollarda gezýän we zikr edýänleri gözleýän perişdeleriniň bardygy şübhesizdir»diýen sözler käbir tagatlaryň haýyr we şer işlerimizi ýazýan perişdelerden başga perişdeler tarapyndanhemýazylyp goýulýandygyna delildir. Bu zikri Allahü tagalanyň huzuryna alyp barmak üçin ýaryş edýän perişdeleriň sanynyň otuza golaý bolmagynyň hikmeti (tefsirçileriň öwredişlerine görä) onuň harplarynyň sanynyň otuz dört bolmagy bilen baglanyşyklymyş. Şeýlelikde, şu zikriň hormatyna perişdeleriň her biri onuň bir harpyny Allahü tagalanyň ýanyna alyp çykan bolýar. Ýöne, akylymyzyň darlygy sebäpli, biz bu zatlaryň manysy barada diňe çak edip bileris. Mundan bolsa, daşda durulsa gowy.

5Namazda Allahü tagala hamd aýtmagyň şeýle gowudygy bilen birlikde, asgyran kişiniň namaz okap durka,hamd aýtmagynyň mekruwh däldigini aýdyp bolar. Çünki,bu hamd başga birine jogap bermegi aňlatmaýar. Ýöne, namaz okap duran adamyň asgyran kişä: «Ýerhamükellahü» diýmegi namazyny bozar. Sebäbi, bu söz ýüzlenme häsiýetine eýedir. Şonuň üçinhem bu onuň gürrüňleşdigi bolýar.

            Ebu Hanifä görä, namaz okap durka asgyran kişi dilini gymyldatman, içinden hamd etmeli. Eger ol dilini gymyldadaýsa, namazy bozular.