428 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýassy namazynda okan süresi we sejde aýatyny okanda sejde edişi

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 428 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýassy namazynda okan süresi we sejde aýatyny okanda sejde edişi

    عَنْ أَبي هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ قالَ: صَلَّيْتُ خَلْفَ أَبي الْقَاسِمِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ الْعَتَمَةَ فَقَرَأَ: إذا السَّمَاءُ انْشَقَّتْ. فَسَجَدَ ، فَلاَ أَزَالُ أَسْجُدُ بِهَا حَتَّى أَلْقَاهُ.

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir1: «Bir gezek Ebu Kasym Muhammet Mustafa (s.a.w.) uýup ýassynamazyny okadym. Ol: إذا السَّمَاءُ انْشَقَّتْ=«Izýessemääääün şakkat»(golaý manysy: „Asman ýarylanda”. «Inşikak»süresiniň 1-nji aýaty) süresini okap, sejde edilýän ýerinde2sejde etdi. Men hem o dünýäde Oňa duşýançam,şu süre okalan wagtynda mydama sejde etjek»3.

 

1Şu hadys Buharynyň kitabynda biraz giňiş beýan edilýär. Şol ýerde hadysyň rawylaryndan biri bolan Nefeý Saýykşeýle diýýär: «Bir gezek Ebu Hüreýrä (r.a.) uýup ýassy namazyny okadym. Ol: «Izessemääääün-şakkat» süresini okap, sejde edilmeli ýerinde sejde etdi. Men: «Bu nähili sejde?» diýip soradym. Ol hem: «Ebu Kasymyň (s.a.w.) yzynda durup, menhem şu sejdäni ýerine ýetirdim. Şonuň üçinhem Oňa duşýançam,mydama şu sejdäni ýerine ýetirjek» diýip jogap berdi.

2Bir aýdylan söze görä, sejde edlýän ýer:وَإِذَا قُرِئَ عَلَيْهِمُ الْقُرْآَنُ لَا يَسْجُدُونَ= «We izä kury-ealeýhimül Kuränülä ýesduwne» (golaý manysy: „Olar özlerine Kuran okalyp berlende sejde etmezler”. «Inşikak»süresiniň 21-nji aýaty) aýaty-kerimesi, başga bir söze görä bolsa,şu süräniň ahyry hasap edilýär.

3Şu hadysda ymam Mäligiň garşysyna goýulýan iki sany delil bar. Ymam Mälik parz namazynda sejde aýaty okalanda, sejde etmegi mekruwh hasaplapdyr we «Inşikak» süresinde sejde aýatynyň bardygy bilen ylalaşmandyr.