416 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) tekbir bilen kyragatyň aralygynda okan dogasy. Iftitah dogalary

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 416 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) tekbir bilen kyragatyň aralygynda okan dogasy. Iftitah dogalary

    عَنْ أَبي هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ قالَ: كانَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَسْكُتُ بَيْنَ التَّكْبِيرِ وَبَيْنَ الْقِرَاءَةِ إسْكَاتَةً ، فَقُلْتُ: بِأَبِي وَأُمِّي يَا رَسُولَ الله ، إسْكَاتُكَ بَيْنَ التَّكْبِيرِ وَالْقِرَاءَةِ ، ما تَقُولُ؟ قَالَ: (أَقُولُ: اللَّهُمَّ بَاعِدْ بَيْنِي وَبَيْنَ خَطَايَايَ ، كَمَا بَاعَدْتَ بَيْنَ الْمَشْرِقِ وَالْمَغْرِبِ ، اللَّهُمَّ نَقِّنِي مِنَ الخَطَايَا ، كَما يُنَقَّى الثَّوْبُ الأَبْيَضُ مِنَ الدَّنَسِ ، اللَّهُمَّ اغْسِلْ خَطَايَاي بِالْمَاءِ وَالثَّلْجِ وَالْبَرَدِ).

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namazyň başynda iftitah (başlangyç)tekbiribilen kyragatyň aralygynda azajyk dymardy1. Men ondan: «Ýa Allahyň Resuly, ejem, kakam saňa gurban bolsun, tekbir bilen kyragatyň aralygynda näme üçin dymýarsyň? Şonda içiňden näme diýýärsiň?» diýip soradym. Ol: «Allahym, gündogar bilen günbataryň arasyny açyşyň ýaly, meni günälerimden daş et!Allahym, ak mata kirden, posdan nähili arassalanýan bolsa, meni şonuň ýaly edip, günälerimden arassala!Allahym, öňki eden günälerimi-de suw bilen, gar bilen, doly bilen ýuw!» diýýärin»2diýip jogap berdi».

 

1Bu ýerde Ebu Hüreýre (r.a.): «Içinden bir zatlar okaýardy» diýmekçi bolýar.

2Parz namazynda bolsun, nepil namazynda bolsun, tapawudy ýok, başlangyç tekbir bilen «Fatiha» süresiniň aralygynda bir başlangyçdoganyň okalmalydygy şu hadysdan weşuňa meňzeş beýleki hadyslardan mälim bolýar. Ymam Mäligiň bize mälim bolan sözüne görä, tekbirden soňra bada-bat: «Elhamdü...» diýlip başlanýan «Fatiha» süresi okalýar. Ýöne Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Kagnabynyň adyndan beýanedilen rowaýatda ymam Mäligiň: «Parz we nepil namazlarynda namazyň başynda, ortasynda, soňunda doga etmekde zyýan ýok» diýendigi hem aýdylýar. Köpsanly rowaýatlardan belli bolşuna görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) başlangyçdogalary birnäçe bolup, olaryň biri şu hadysda getirilýän dogadyr. Buharynyň özi üçin şol dogany saýlap alandygy aňlanylýar. Şol dogalaryň ýene biri-de hanefiwe hanbalymezhebiniň alymlarynyň saýlap alan: «Sübhaneke Allahümme we bihamdik we tebärekesmük we te’ala jeddük we lä ilähe gaýrüdiýen dogadyr. Onuň golaýmanysy şeýledir: «Allahym, Sen kemçilikden päk we uzaksyň. Senimydama şeýle tanaýaryn we öwýärin. Seniň adyň mübärekdir. Barlygyň ähli zatdan ýokarydyr. Senden başga hudaý ýokdur».Bu tesbihi hezreti Omaryň (r.a.) daşyndan aýdandygy hakynda Müslimiň kitabynda bir rowaýat bar.

            Tirmiziniň kitabynda Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.) adyndan beýan edilýän rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) «Sübhaneke...» dogasyny okanyndan soňra: «Allahü Ekberu kebiran» diýip, şondan soňra hem: «Aguwzübillähissemyý’yl Älimi mineşşeýtanyrrajiým min hemzihi we nefhihi we nefsihi»dogasyny okar eken.Jübeýr ibn Mütimiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda bolsa üç gezek gaýtalanan: «AllahüEkberu kebiran welhamdulillähi hamden kesiýran we sübhanallahi bükrete we asyýlen»diýen sözlerden soňra: «Aguwzübillähi mineşşeýtanyrrajiými min hemzihi we nefhihi we nefsihi» diýlipdir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň başynda başga-da birnäçe ajaýyp dogalaryokandygy hakynda hadysy-şeriflerde aýdylýar.

            Ymam Şapygynyň saýlap alan başlangyç dogasy şudur: «Wejjehtü wejhiýe lilleziý fatarassemäwäti wel-arza haniýfen müslimen wemää ene minel-müşrükiýne.

Innesalätiý we nüsükiý we mehýäýe we memätiý lillähi Rabbil-älemiýne. Lä şerike lehüw. We bizälike ümirtü we ene minel-müslimiýne».Bu doganyň golaý manysy şeýledir: «Men hemme ýalan dinlerden ýüz öwrüp, musulman bolup, Asmany we Ýeri ýokdan bar eden Beýik Ýaradana özümi, ýüzümi öwürdim. Men müşrüklerden däl.

Meniň namazymyň, gurbanymyň, diriligimiň, ölümimiň älemleriň hiç bir şärigi bolmadyk Rebbi üçindigi şübhesizdir. Maňa Beýik Ýaradanyň birligini tassyklamak buýruldy we men hakyky musulmanlaryň biridirin».

Bu dogaýy-şerif «Engam» süresiniň 79-njy we 162-nji aýatlaryndan peýdalanylyp, hasyl edilipdir. Birinji aýatda bu dogadaky «müslimen» sözi ýok. Mysal üçin, şu doganyň Müslimiň kitabyndaky nusgasynda-da şu söze duşulmaýar. Ikinji aýatyň başynda-da «Kul!»(«Diý!»)diýen emr bar. Elbetde, özüň emre boýun bolup durkaň, bu sözi aýtmaga bolan zerurlyk aradan aýrylýar. Şonuň ýaly-da, bu aýaty-kerime: «We ene minel-müslimiýne» diýip däl-de, «We ene ewwelül-müslimiýne» diýip tamamlanýar. Aýaty-kerimä laýyk bolmagy üçin, onda aýdylyşy ýaly edip sözlemek ýerlikli bolsa-da, ilkinji musulman bolmagy pygamberleriň başy we ahyry bolan hezreti Muhammediň (s.a.w.) paýyna goýup: «Men hakyky musulmandyryn» diýmekliksaýlanyp alnypdyr.

Jemagaty ýadatmazlyk üçin, ymam şu doganyň şu mukdaryny okamak bilen çäklenýär. Özbaşdak namaz okaýan kişi bilen jemagatyň şu doganyň doly okalmagyna razydygyny bilýän ymam şu yzdakylary hem okap biler: «Allahümme entel-melikü. Lä ilähe illä ente. Sübhaneke we bihamdike. Ente Rabbiý we ene abdüke. Zalemtü nefsiý wegteraftü bizenbiý. Fagfirliý zünüwbiý jemi’in. Innehü lä ýegfiruzzunuwbe illä ente. Wehdiniý li-ahsenil-ahläky. Lä ýehdiniý li-ahsenihä illä ente. Lebbeýke we segdeýke. Wel-haýru küllühü fiý ýedeýke. Weşşerru leýse ileýke.Enebike we ileýke. Tebärekte we te’aleýte. Estagfiruke we etuwbü ileýke».Şu doganyň golaý manysy şeýledir: «Allahym, melik sensiň. Senden başga iläh ýokdur. Sen ähli nogsanlardan azatsyň we öwgi diňe Saňa mahsusdyr. Sen meniň Rebbimsiň, men hem Seniň guluňdyryn. Men özüme kän zulum etdim. Men eden günälerimden ýüz öwürýärin. Allahym, Sen hem günälerimiň baryny bagyşla! Sebäbi Senden başga günäleri bagyşlajak ýokdur. Şeýle hem meni gözel ahlaga ulaşdyr. Senden başga maňa iň gözel ahlagy görkezip biljek ýokdur. Maňa ýaman ahlaklardan ýüz öwürt. Senden başga maňa ýaman ahlaklardan ýüz öwürdip biljek ýokdur. Lebbeýk, ýa Reb, ine, Seniň çagyryşyňa, emriňe boýun bolýaryn. Haýryň hemmesi Seniň eliňdedir. Şer Saňa ýanaşmaz. Meniň barlygym Seniň bilendir. Iň soňunda gowuşjagymhem Sensiň. Sena edilmäge laýyk Sensiň, beýiksiň, beýiklik eýesisiň. Senden bagyşlamagyňy dileýärin. Seniň öňüňde toba edýärin».Şu dogany Müslim Aly ibn Ebutalybyň (r.a.) adyndan beýan edýär. Hanefi mezhebine uýýanlar ony iftitah dogasy hökmünde namazda okamasalar hem, beýleki dogalar bilen bir hatarda onuň namazyň soňunda okalmagyna garşy çykmaýarlar. Olar Müslimiň beýan eden şu rowaýatynda gije namazy hakda gürrüň edilýändigini göz öňünde tutup, şu dogany gije namazyna mahsus iftitah dogasy hasaplaýarlar. Aly ibn Ebutalybyň (r.a.) «Sübhaneke» we «Wejjehtü wejhiýe» dogalaryny birleşdirip okandygy hakda Yshak ibn Rahuýanyň adyndan beýan edilýän bir rowaýat bar hem bolsa, Ibn Ebu Hatym ony esassyz hasaplaýar. Muňa garamazdan, şu dogalaryň ikisiniň hem ygtybarly dogalardan alnandygyny göz öňünde tutup, olaryň birleşdirilmeginde zyýan görmeýänler hem köp. Mysal üçin, tefsirçi Aýny bir ýerde Ebu Ýusubyň hem pikiriniň şunuň ýaly bolandygyny beýan edipdir. Abdullah ibn Omaryň (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okan iftitah dogasy hökmünde beýan eden dogasy-da, şu iki dogany birleşdirip okamagyň boljakdygyny görkezýär.

Müslimiň kitabyndaky iftitah dogalarynyň biri-de Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen şu dogadyr: «Allahümme lekel-hamdü. Ente nuwrussemäwäti wel-arzy. We lekel-hamdü ente kaýýämüssemäwäti (ýa-da kaýýymüssemäwäti) wel-arzy. We lekel hamdü ente Rabbüssemäwäti wel-arzy we men fiýhinne. Entel-hakku. We wagdükel-hakku. We kawlükel-hakku. We likaauke hakkun. Wel-jennetü-hakkun. Wennäru hakkun. Wessäatu hakkun. Allahümme leke eslemtü. We bike amentü. We aleýke tewekkeltü. We ileýke enebtü. We bike haasamtü. We ileýke haakemtü. Fagfirli mää kaddemtü we ahhartü we esrartü we aglentü. Ente ilähiý. Lä ilähe illä ente».Doganyň golaý manysy şeýledir: «Allahym, diňe Saňa hamd bolsun! Gökleriň we ýerleriň nury Sensiň. Allahym, diňe Saňa hamd bolsun! Gökleri we ýerleri asla ünsünden düşürmeýän Sensiň. Diňe Saňa hamd bolsun! Gökleriň we ýerleriň, olaryň içindäkileriň Rebbi diňe Sensiň. Hak Sensiň. Hak bolan wadaňdyr. Hak bolan sözüňdir. Saňa gowuşmak hakdyr. Jennet hakdyr. Jähennem hakdyr. Kyýamat gününiň geljegi hakdyr. Allahym, emrleriňi we gadagan edenleriňi kabul edip, özümi diňe Saňa tabşyrdym. Diňe Saňa iman etdim. Diňe Saňa ynandym, töwekgellik etdim. Diňe Seniň öňüňde eden günälerim üçin toba etdim we Saňa döndüm. Duşmanymy tanamak üçin güýç-kuwwaty Senden aldym. Haky inkär edýänler bilen öz arama Seni araçy etdim. Öň eden, soňra etjek, gizlän, äşgär eden ähli günälerimi, Allahym, Sen bagyşla! Sen meniň Ilähimsiň. Senden başga hiç bir hak hudaý ýokdur».

Iftitah dogalarynyň ýene biri-de hezreti Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edilipdir. Ýaňy beýan edilen doganyň hem, şu doganyň hem gije namazynda okalandygy Müslimiň kitabynda düşündirilýär. Bu dogada şeýle diýilýär: «Allahümme Rabbe Jebraaile we Mikaaile we Israafile. Fätyrassemäwäti wel-arzy. Aalimel gaýbi weşşehädeti. Ente tehkümü beýne ybädike fiýmä känüw fiýhi ýehtelifüwne. Ihdiniý limehtülife fiýhi minel-hakky bi-iznike. Inneke tehdiý men teşäü ilä syratyn müstakyýmin». Doganyň golaý manysy şunuň ýalydyr: «Allahym! Jebraýylyň, Mikaýylyň, Ysrapylyň Rebbi bolan Allahym! Gökleri we ýerleri ýokdan bar eden Allahym! Gizlini we äşgäri bilen Allahym! Aňlaşmadyk zatlarynda gullary üçin karar çykaran we olaryň aralaryndaky jedelleri çözen Sensiň. Gullaryňyň öz aralarynda nämedigi hakda jedel edýän hakykatyny Öz rugsadyň bilen maňa aýan et. Islänini dogry ýola salan Sensiň».