403 Ymama uýup namaz okaýan kişiniň ymamyň niresinde durmalydygy hakda. Hadysdan çykarylan fykhy meseleler. Bu babatda alymlaryň aýdany

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 403 Ymama uýup namaz okaýan kişiniň ymamyň niresinde durmalydygy hakda. Hadysdan çykarylan fykhy meseleler. Bu babatda alymlaryň aýdany

    عَنْ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: نِمْتُ عِنْدَ مَيْمُونَةَ وَالنَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ عِنْدَهَا تِلْكَ اللَّيْلَةَ ، فَتَوَضَّأَ ثُمَّ قَامَ يُصَلِّي فَقُمْتُ عَلَى يَسَارِهِ ، فَأَخَذَنِي فَجَعَلَنِي عَنْ يَمِينِهِ ، فَصَلَّى ثَلاَثَ عَشْرَةَ رَكْعَةً ، ثُمَّ نَامَ حَتَّى نَفَخَ ، وَكَانَ إِذَا نَامَ نَفَخَ ، ثُمَّ أَتَاهُ الْمُؤَذِّنُ ، فَخَرَجَ فَصَلَّى وَلَمْ يَتَوَضَّأْ.

 

Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir:1 «Bir gezek men Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýaly we meniň daýzam bolan Meýmuwnäniň öýünde gijämi geçirdim. Pygamberimiz (s.a.w.) hem şol ýerdedi. Ol täret alanyndan soňra namaz okamaga durdy. Men hem baryp, onuň çep tarapynda durdum. Ol meni sag tarapyna geçirdi we soňra on üç rekagat namaz okady. Allahyň Resuly (s.a.w.) soňra demalşyeşidilýänçä uklady. Aslynda,uklanyndan soňrasesli dem almak onuň adatydy. Soňra azançy gelip, oňa namaz okamagyň wagtynyň girendigini habar berdi. Soňra ol metjide çykyp, namaz okatdy. Bu namaz üçin ol ýörite täret almady».

 

1Şu hadys 97, 113, 141-nji hadyslar hökmünde öňhem beýan edilipdi. Hadysyň bu ýerde gaýtalanmagynyň maksady Ibn Apbas hezretleriniň çaga mahaly ýeke özüniň Allahyň Resulyna (s.a.w.) uýup namaz okamakçy bolanda, onuň niresinde durjagyny bilmän,çep tarapynda duranwagty,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) onysag tarapyna geçirendigini beýan etmekden ybaratdyr (141-nji hadysa seret). Ymama uýýan diňe bir adam bolsa, ol ymam bilen bir hatarda weonuň sag tarapynda durmalydyr. Bu Omar ibn Omaryň, Enesiň,şonuň ýaly-da,Ibn Söwri, Mekhuwl, Şagby, Urwa ibn Zübeýr, Ebu Hanife, Mälik,Ewzaýy, Yshak ýaly alymlaryň pikiridir. Muhammet ibnHasan: «Ymama uýup namaz okaýankişiaýaklarynyň barmaklaryny ymamyň ökjesiniň deňinde goýar» diýýär. Şapygynyň pikirine görä, ymama uýup namaz okaýan adamyň onuň deňindenbiraz yzda durmagy mustahapdyr. Ybraýym Nahaýynyň pikirine görä bolsa, beýdip namaz okaýan kişi rukuwa gidýänçä ymamyň yzynda durup, şol wagta çenli hiç kim gelip goşulmasa, ymamyň sagyna geçmeli. Ahmet ibn Hanbal: «Ymama uýup namaz okaýankişiymamyň çepinde dursa, namazy bozular» diýýär.