415 Namaza «Fatiha» süresini okamakdan başlanandygy hakda. Daşyňdan okalýan namazlarda ymamyň «Bismillähi» daşyndan aýtmalydygy ýa-da aýtmaly däldigi hakda alymlaryň jedeli.

Başy » JEMAGAT NAMAZY WE NAMAZA DURMAK KITABY » 415 Namaza «Fatiha» süresini okamakdan başlanandygy hakda. Daşyňdan okalýan namazlarda ymamyň «Bismillähi» daşyndan aýtmalydygy ýa-da aýtmaly däldigi hakda alymlaryň jedeli.

Süreleriň başynda ýerleşýän 113 sany «Bismilläh» barada alymlaryň pikiri

 

    عَنْ أَنَسٍ رَضِي الله عَنْهُ: أنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَأَبَا بَكْرٍ وَعُمَرَ رَضِي الله عَنْهُمَا ، كَانُوا يَفْتَتِحُونَ الصَّلاَةَ: بِالْحَمْدُ للهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ.

 

       Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.), Ebu Bekr we Omar dagy (Allahü tagala olardan razy bolsun!)1namaza2mydama: «Elhamdülillähi Rabbil-älemin» bilen başlardylar»3.

 

1Buharynyň, Tahawynyň we Ebu AwananyňkitaplaryndaEnesiň (r.a.) adyndan başga ýollardan beýan edilen rowaýatlarda hezreti Osmanyň (r.a.) ady-da tutulýar.

2Rowaýatlaryň käbirinde: «Namaza» diýmegiň ýerine: «Kyragata» diýlip, Buhary özüniň «Jüzül-Kyragat» atly eserinde bu rowaýatlaryňöňkülerden has gowy beýan edilendigini aýdypdyr.

3Namazy daşyndan okaýan ymamyň «Bismillähi» daşyndan okamalydygy ýa-da içinden okamalydygy baradaky mesele alymlaryň arasynda örän meşhur bolan jedelli meseleleriň biridir. Bu jedel: «Bismilläh» Kurany-Kerimiň bir aýatymy? «Fatiha» süresiniň ilkinji aýatymy? Her süräniň başyndaky ilkinji aýatmy?»diýenýaly soraglara dürli-dürli jogap berilmegi netijesinde ýüzeçykypdyr. «Neml» süresiniň başyndaky «Bismillähiň» Kuranyň bir bölegidigi barada hiç kim şübhelenmeýär. Beýleki süreleriň başyndaky 113 sany «Bismilläh» barada dört sany pikir bar:

1) Süreleriň başyndaky «Bismillähleriň» hiç biri Kurandan däl.Ymam Mäligiň we,rowaýata görä, Ewzaýynyň pikiri şunuň ýalydyr. Hanefi mezhebine degişli irki alymlar bilen hanbaly mezhebiniň käbir alymlary hem şeýle pikirde bolupdyrlar.

2) Hanefi mezhebine degişli has soňky alymlaryň takyklamaklaryna görä, Ebu Hanifäniň adyndanaýdylýan bir ygtybarly rowaýatboýunça, ol «Bismillähi» süreleriň arasyny bölmek üçin inderilen mübärekbir fezze aýat, ýagny, özbaşdak bir aýat hasaplapdyr. Onuň pikirine görä, ol süreleriň bir bölegi bolmadyk ýeke-täk aýatdyr. Şonuň üçinhem hanefimezhebiniň düýbüni tutujynyň pikirine görä, Allahü tagala sena aýtmak niýeti bilen däl-de, kyragat maksady bilen okalanda, diňe «Bismilläh» bilen kyragat parzynyň ödelişi ýaly, Kurandan bir aýat okamak maksady bilen ony okamak jübütleşenler, aýbaşysy gelýänler we ýaňy çaga dogran zenanlar üçin haramdyr. Aýnynyň beýan etmegine görä, Abdullah ibnMübärek bilen Dawut Zahyrynyň,şonuň ýaly-da,onuň yzyna eýerenleriňhem pikiri şonuň ýaly bolup, Ahmet ibn Hanbal hem şeýle pikirde bolupdyr.

Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatdaky: «Allahyň Resuly (s.a.w.) özüne «Bismilläh» inýänçä,bir süreden beýlekisine geçilendigini bilmezdi» diýen sözleriňolara delil bolup biljekdigi bilen bir hatarda, şol sözler ymam Şapygy üçinhem delil bolup biler.

3) «Bismilläh» her bir süräniň bir aýatydyr. Bu garaýşa görä 113 sany «bismilläh» 113 sany aýaty hasyl edýär. Ymam Şapygy bilen oňa şu meselede pikirdeş bolan Ahmet ibn Hanbalyň pikiri-de şeýledir. Abdullah ibn Mübärek hem şeýle pikirde bolupdyr.

4) Diňe «Fatiha» süresiniň bir aýatydyr. Beýleki süreleriň «Bismilläh» bilen başlanmagy sylag-hormat üçindir. Bu pikirhem Şapygydan gelip ýetipdir.

Şunuň ýaly jedelli pikirlere esaslanyp, ymam Şapygy «bismillähi» daşyňdan okamagyň, Ebu Hanife, Ahmet, Söwri we Yshak ýaly alymlarhem içiňden okamagyň tarapdarybolupdyrlar. Ymam Mälik bolsa «Bismillähi» terk edip,namaza bada-bat: «Elhamdülillähyrrahmänyrrahiým» diýip başlamagy mustahap hasaplapdyr. Ewzaýy bilen Tabary-daşu pikirdedir. Mälikden gelip ýeten bir rowaýata görä, «Bismilläh» parz namazynda içiňdenhem, daşyňdanhem okalmaz. Nepil namazyny okan bolsa ony aýdyp hem, aýtmanhem biler. Ibn Ebu Leýlä görä, ol «Fatiha» süresi bilen birlikde okalar. Ýöne namaz okaýan kişiniň ony daşyndan okamaga-da,içinden okamaga-da haky bar. Ybraýym Nahaýy bolsa: «Bismillähi» daşyňdan okamak bidgatdyr (soň tapylan zat)» diýipdir.

            Şu hadysy-şerif «Fatihanyň» öňündäki «Bismillähi» taşlap okamagyň tarapdarlary tarapyndan delil hökmünde mysal getirilse-de, ymam Şapygy ýaly onuň terk edilmegini ýerlikli hasaplamaýan alymlar bu ýerde: «Elhamdülillähi Rabbil-älemin» diýmek bilen «Fatiha» süresiniň göz öňünde tutulandygyny, şonuň üçinhem munda «Bismillähiň» «Fatiha» süresinden bolup-bolmazlygy baradaky gürrüňe sebäp bolar ýaly hiç zadyň ýokdugyny aýdýarlar. Olaryň pikirine görä, Müslimiň öz kitabynda beýan eden: «Bismillähyrrahmänyrrahiým» diýen mukaddes sözleri aýtmazdylar» diýen hadysy-da, onuň terk edilmegine delil bolup bilmez. Allahyň Resuly (s.a.w.) «Bismillähi» içinden okany üçin,Enes (r.a.) ony eşitmedik bolup biler. Mysalüçin, Nesaýy bilen Ibn Hybbanyň kitaplaryndaky: «Bismillähyrrahmänyrrahiým» diýen mübärek sözleri daşyndan aýtmazdy» rowaýaty-da şeýle pikir etmäge mümkinçilik berýär. Ibn Huzeýmäniň: «Bismillähyrrahmänyrrahiými» Allahyň Resuly (s.a.w.) içinden okardy» diýen rowýaty bolsa, muny açyk aňladýar. Gepiň keltesi,ymam Şapygy «Bismillähiň»«Fatiha» süresindendigi baradaky pikiriň tarapdary.

            Beýhakynyň beýan eden we Ibn Huzeýme tarapyndan ygtybarlydygy tassyklanan hem-de musulmanlaryň enesi ÜmmiSelemäniň (r.a.) gürrüň beren hadysyna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) namaz okanda«Fatihadan» öňürti «Bismillähi» okap, ony «Fatihanyň» bir aýaty hasaplapdyr. Şonuň ýaly-da,Beýhakynyň «Sünen» atly kitabynda Alynyň, Ebu Hüreýräniň we Ibn Apbasyň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) adyndan beýan edilen hadysda ýedi aýatlysüräniň «Fatihadygy», «Bismillähiň»hem ýedi aýatdan biridigi Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan öwredilýär. Ebu Hüreýräniň gürrüň beren hadysynda-da Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Elhamdü»süreýi-şeribini okanyňyzda: «Bismillähyrrahmänyrrahiým»hemdiýiň. SebäbiolÜmmül-Kurandyr, Ümmül-Kitapdyr, ýedi aýatdan ybaratdyr. «Bismillähyrrahmänyrrahiým»onuň bir aýatydyr»diýendigi gürrüň berilýär. Bu mysallar «Bismillähiň»«Fatiha»süresiniň bir aýatydygynadelil bolup, «Bismillähi»Allahyň Resulynyň (s.a.w.) daşyndan okandygy hakynda-da köp sanly sahabalardan gelip ýeten rowaýatlar bar. Tefsirçi Aýny şuňa degişli we ýigrimi bir sahabadan gelip ýeten rowaýatlary ýekeme-ýeke sanap geçýär.